AIDS: ULULAR ÜÇIN PROGRES, ÇAGALAR ÜÇIN ŞOWSUZLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aids sowsuzlykSaharanyň günortasynda ýerleşýän Afrika ýurtlarynda uly adamlardaky AIDS-e garşy göreşde saldamly ösüş gazanyldy, emma çagalara heniz hem ýeterlik ideg edilmeýär: Ençeme infeksiýalar anyklanylman galýar, bejerilmeýär we her ýyl 100 müňe golaý çaga AIDS-den ölýär.

AIW-iň eneden-çaga geçmeginiň öňüni almagyň täsirli ýollary bar, ýöne biabraýçylyk (stigma) sebäpli aýal-gyzlar test bermekden ýa-da bejergi almakdan çekinýärler. Şeýle hem, ýurtlarda ýazmaça syýasat bilen hakykat ýüzünde ýerine ýetirilýän işler düýpli tapawutlanýar.

Klinikalaryň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçilikleri: "Test etmek üçin serişdeler gutarýar, dermanlar gutarýar. Aşa başagaý bolan ýekeje şepagat uýasynyň çaga dogurýan aýallara wagtynda ömri halas ediji sanjymy bermäge eli degmeýär" – diýip, Stefani Nolen habar berýär.

  • 426 gezek okalan