TALIBANYŇ KONTRASEPTIWLERE GARŞY HEREKETI
Talibanyň ýaragly agzalary kontraseptiwleriň Günbatar döwletleriniň musulman ilatyny azaltmak üçin guran hilesidigini aýdyp we akuşerleri gorkuzyp, Kabul we Mazar-i-Şarif dermanhanalaryndan kontraseptiwleri aýyrýarlar.
"Şu aýyň başyndan bäri Depo-Provera sanjymlary we göwreliligiň öňüni alyş girdejikleri ýaly kontraseptiwleri dermanhanada satmaga rugsat berilmeýär. Zapasdaky kontraseptiwleri hem satmakdan örän gorkýarys" – diýip, kabully dükan eýesi aýdýar.
Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ministrligi göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada entek täze syýasat yglan etmedi.
Enelere abanýan howp: 2017-nji ýylda her 100,000 owgan aýalyndan 638 sanysy göwrelilik we çaga dogrumy bilen baglanyşykly sebäplerden ölüpdir. Bu bolsa Owganystanyň çaga dogurmak üçin iň howply ýurtlaryň biridigini görkezýär.
- 480 gezek okalan