ENE ÖLÜMÇILIGINI AZALTMAKDA ŞOWSUZ TAGALLALAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

BSGG-nyň täze hasabatynaene olumciligi görä, göwrelilik we çaga dogurmak ölüm töwekgelçilikli bolup, 2020-nji ýylda 287,000 enäniň ölümine sebäp boldy. Bu eneleri goramak ugrundaky tagallalaryň "aladalandyryjy" şowsuzlygyny görkezýär.

Esasy maglumatlar:

↪ Hasabata görä, her iki minutda bir aýal göwrelilik ýa-da çaga dogrumy zerarly ölýär;

↪ 2016-njy ýylda, Durnukly ösüş maksatlary ýola goýlandan soň eneleriň ölümi 309 müňden pese düşdi;

↪ 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli, ene ölümçiligi Ýewropada 17%, Demirgazyk Amerikada, Latyn Amerikada we Karib adalarynda 15% ýokarlandy;

UNICEF-iň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda göwreli aýallaryň 98%-i antenatal idegi we 100%-i dogrumdan soňky idegi alýarlar. Emma, ýurtda ene ölümiçiligi barada maglumat elýeterli däl.

Ösüşi näme bökdeýär? Her ýurtda ene ölümine dürli faktorlar sebäp bolsa-da, ilkinji lukmançylyk kömeginiň we enelik ideginiň pesligi, saglyk işgärleriniň ýetmezçiligi we çaga doglandan soň ilkinji 24 sagadyň dowamynda idegiň elýeterli bolmazlygy möhüm faktorlardyr.

Ösüşiň mysallary:

↪ 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli Awstraliýa we Täze Zelandiýa eneleriň ölüm derejesini 35% azaltdy;

↪ Şol döwürde Merkezi we Günorta Aziýada hem ene ölümçiligi 16% kemeldi.

  • 563 gezek okalan