ENE ÖLÜMÇILIGINI AZALTMAKDA ŞOWSUZ TAGALLALAR
BSGG-nyň täze hasabatyna görä, göwrelilik we çaga dogurmak ölüm töwekgelçilikli bolup, 2020-nji ýylda 287,000 enäniň ölümine sebäp boldy. Bu eneleri goramak ugrundaky tagallalaryň "aladalandyryjy" şowsuzlygyny görkezýär.
Esasy maglumatlar:
↪ Hasabata görä, her iki minutda bir aýal göwrelilik ýa-da çaga dogrumy zerarly ölýär;
↪ 2016-njy ýylda, Durnukly ösüş maksatlary ýola goýlandan soň eneleriň ölümi 309 müňden pese düşdi;
↪ 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli, ene ölümçiligi Ýewropada 17%, Demirgazyk Amerikada, Latyn Amerikada we Karib adalarynda 15% ýokarlandy;
↪ UNICEF-iň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda göwreli aýallaryň 98%-i antenatal idegi we 100%-i dogrumdan soňky idegi alýarlar. Emma, ýurtda ene ölümiçiligi barada maglumat elýeterli däl.
Ösüşi näme bökdeýär? Her ýurtda ene ölümine dürli faktorlar sebäp bolsa-da, ilkinji lukmançylyk kömeginiň we enelik ideginiň pesligi, saglyk işgärleriniň ýetmezçiligi we çaga doglandan soň ilkinji 24 sagadyň dowamynda idegiň elýeterli bolmazlygy möhüm faktorlardyr.
Ösüşiň mysallary:
↪ 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli Awstraliýa we Täze Zelandiýa eneleriň ölüm derejesini 35% azaltdy;
↪ Şol döwürde Merkezi we Günorta Aziýada hem ene ölümçiligi 16% kemeldi.
- 593 gezek okalan