SEMIZLIGIŇ DÜNÝÄ SALÝAN HOWPY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

semizligin dunya salyan howpyBütindünýä semizlik federasiýasynyň täze barlagyna görä, 2035-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy semiz ýa-da aşa semiz bolar. Pes we orta girdejili ýurtlarda semizlik güýçli derejede artýar.

↪ Häzirki wagtda bütin dünýäde ~2.6 milliard adam semiz ýa-da aşa semiz. Eger tendensiýa haýallamasa, 10 ýylda bu görkeziji 4 milliarddan geçer.

↪ Ulularyňka garanyňda, çagalaryň we ýaşlaryň arasynda semizligiň has çalt ýokarlanmagyna garaşylýar.

↪ BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasynyň 2020-nji ýylky hasabatyna görä, ýurtda aýallaryň takmynan 50% we erkekleriň 51% semiz, aýallaryň 17%, erkekleriň bolsa 15% aşa semiz.

Şweýsariýa, Norwegiýa, Finlandiýa, Islandiýa we Şwesiýa ýaly baý Ýewropa ýurtlary bu howpuň öňüni almaga taýýarlykly döwletleriň sanawynda ilkinji orunlary eýeleýärler.

Adamzadyň uly ýitgisi: Semizligiň artşyny başdan geçirýän 10 ýurduň 9-sy Afrikanyň we Aziýanyň pes ýa-da orta girdejili ýurtlarydyr. Hasabatda Niger, Papua Täze Gwineýa, Somali, Nigeriýa we Merkezi Afrika Respublikasy barha köpelýän rak, ýürek keselleri we semizligiň artmagy bilen bagly beýleki kesellere garşy göreşmek üçin iň taýýarlyksyz ýurtlaryň hataryna girýärler.

Ykdysady çykdajylar: 2035-nji ýyla çenli semizlik bilen baglanyşykly çykdajylaryň $4 trilliona ýetmegi mümkin. Bu 2020-nji ýyldaky COVID-19-yň ykdysady çykdajylaryna barabardyr.

Öňüni alyş usullary: Awtorlar hökümetleriň zyýanly iýmit marketingini çäklendirmek we salgytlary girizmek ýaly berk çäreleri ýola goýmalydygyny aýdýarlar.

Barlagyň çäkliligi: Barlag gözegçilik edilen ýurtlaryň semizlige degişli elýeterli maglumatlary bilen çäklenýär. Pes we orta girdejili ýurtlar semizlik bilen bagly maýyplygyň, işsizligiň ýa-da pensiýa ir çykmanyň hasabatyny ýöretmeýärler. Şonuň üçin, gözlegde ykdysady çykdajylaryň az görkezilen bolmagy ahmal.

  • 495 gezek okalan