ÝYGY-ÝYGYDAN SORALÝAN SORAGLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Biziň okyjylarymyz tarapyndan berilýän soraglarda, olary has alada goýýan meňzeş meseleleriň agdyklyk edýändigi görünýär. Dogrudan hem, hemme gelejegi öňünde, durmuşa uly meýiller, arzuwlar bilen garaýan ýaş adamlarda, durmuşyň bu tapgyrynda şeýle kynçylyklary ýeňip geçmek derwaýys bolup durýandyr.

Saýtyň lukmanlary has ýygy berilýän soraglaryň siz üçin wajyplygyny göz öňüne tutyp hem-de saýtyň mümkinçilikleriniň çäklidigini nazara alyp, ýüze çykan meseleler, kynçylyklar barada giňişleýin maglumat berýän, inçe ugurly lukmanlar tarapyndan taýynlanan makalalaryň sanawyny Siziň dykgatyňyza hödürleýär.

Şeýle-de, birmeňzeş mowzukly soraglary jogap höküminde kanagatlandyryp biljek makalalaryň ençemesiniň saýtymyzda ýerleşdirilendigini göz öňüne tutyp, indiden beýläk aşakda görkezilen mowzuklara degişli soraglara jogap berilmejekdigi barada Sizi habardar edesimiz gelýär. Bu soraglar babatda degişli maglumaty "Sorag-jogap" süzgüjinden tapyp bilersiňiz.

► Saçyň düşmegi, bu ýagdaýy bejerme, saçlary dogry idetmek, saç goňaklamasynyň öňüni almak kynçylyklary ýeňip geçmek barada maslahat berýän makalalar:

"SAÇ DÜŞMÄNIŇ SEBÄPLERI WE ONUŇ ÖŇÜNI ALMAK";

"ŞAMPUNY NÄHILI SAÝLAMALY?";

"SAÇLARA ÖÝ ŞERTLERINDE IDETMEK";

"SAÇYŇ DÜŞMEGINIŇ SEBÄPLERI WE BEJERGISI";

"ALADA GOÝAN MESELE: GOŇAK".

► Ýüzdäki düwürtikleriň sebäpleri, görnüşleri we bejergi çäreleri, ýüzdäki tegmilleri aýyrma baradaky kynçylyklary babatda maslahat berýän makalalar:

"ÝÜZÜŇ DERISI BARADA ALADA ETMEK";

"ÝÜZDÄKI DÜWÜRTIKLER: SEBÄPLERI WE BEJERGI ÇÄRELERI";

"ÝÜZDE ÇYKAN ÝAKALY HÄDIP AÝYRMALY?".

► Boýy ösdürmegiň dürli usullaryndan habar berýän makala – "BOÝY ÖSDÜRMEGIŇ USULLARY BARADA PEÝDALY MASLAHATLAR".

► Bedeniň artykmaç agramlylygynyň (semizligiň) sebäpleri we ony kadalaşdyrmagyň dürli usullary barada peýdaly maslahatlary berýän makalalar:

"ARTYKMAÇ AGRAMA GARŞY GÖREŞ BARADAKY HAKYKAT WE TOSLAMA";

"SEMIZLIGIŇ SEBÄPLERI WE ONUŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ ÇÄRELERI";

"IŞDÄNI PESELTMEGIŇ USULLARY";

"SEMIZLIGE GARŞY GÖREŞ YGLAN EDEN ADAMLARA PEÝDALY MASLAHATLAR".

► Tersine, bedeniň agram ýetmezçiliginden kösenýän adamlar peýdaly maslahatlary "BEDENIŇ AGRAMYNY NÄDIP ÝOKARLANDYRMALY” atly makaladan okap bilerler.

Hormat bilen, saýtyň administratory.