SAGLYK.INFO SAÝTYNYŇ TÄZE EMBLEMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.91 (33 Ses)

GADYRLY SAÝTYŇ OKYJYLARY!

Saglyk.org saýtynyň Türkmenistanyň halkyna, daşary ýurtlarda ýaşaýan, işleýan, okaýan türkmen ildeşlerimize elýeterli bolanyna 4 ýyl boldy. Saýt öz saglygy, maşgalasynyň we jemgyýetiniň saglygy bilen gyzyklanýan dürli pikirli, düşünjeli, garaýyşly adamlary birikdirýär. Okyjylardan gowuşýan teswirler, soraglar, pikirler, teklipler diňe bir gymmatly maslahat, jemgyýetçilik hazynasy bolman, her birimiziň düşünjesini, bilimini, dünýägaraýşyny artdyrýp, çylşyrymly meselelerden çykalga gözlemäge itergi bolup durýarlar. Biz Size ýürekden minnetdarlygymyzy bildirip, Saglygyň täze emblemasyny dykgatyňyza hödürleýäris. Biz şu emblemanyň üsti bilen, okyjylarymyza, möhüm bolup durýan birnäçe durmuşy gymmatlyklary dürli şekilleriň üsti bilen beýan etmäge çalyşdyk:

Agzybir we sagdyn maşgala – bu jemgyýetiň esasy bölegi bolup durýar. Her maşgala agzasynyň fiziki we ruhy saglygy bütün maşgala saglygynyň düzüjisi bolup, maşgala berkligini, rowaçlygyny döretmekde gymmatly, esasy orny eýeleýär.

TUT AGAJY – bu adam saglygy daşky gurşawyň ýagdaýy bilen aýrylmaz özara baglanşykda bolup, Tebigatyň bizi edil Tut agajy kimin gurşap alýandygyny görkezýär. Arassa suw, sagdyn iýmit, arassa howa, zaýalanmadyk toprak – şularyň hemmesi sagdyn ýaşaýsyň aýrylmaz bölegi bolup durýandyr.

Maşgalany we tut agajy gurşap alýan çyzyk – bu hoşniýetli, agzybir, çydamly we bilimli jemgyýete bolan zerurlygy görkezýär. Diňe şeýle jemgyýetde sagdyn ynsany, maşgalany döredip, amatly we arassa daşky gurşawy saklamaga mümkinçilikler tapylyp, döredilip bilner. Saglygy goramagyň medeniýetini ösdürip kämilleşdirmek üçin jemgyýetiň her bir agzasynyň goşant goşmagy hökmany zerurdyr. Her adamynyň we maşgalanyň abadançylygy, birinji nobatda her birimiziň bilimine, düşünjesine, saglygyna hem-de oňa garaýşyna, ony saklaýşyna we daşky gurşawyň ýagdaýyna aýrylmaz garaşly bolup durýandyr.

Sahypalarymyzda “duşuşyklara” we täze, belent üstünliklere Siz bilen bilelikde ýetmäni arzuw etmek bilen

Saýtyň işgärler topary.

  • 2261 gezek okalan