Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

Meniň joram gatyrganyp gürrüň berýärdi "Aýda-ýylda bir gezek Orazy oglumyzyň ene-atalar ýygnagyna ugratdym. Mundan öň özüm gidýärdim. Alty ýylyň içinde bir gezek gidip bolara?! Ol bolsa ýalňyşyp onuň öňki okan mekdebine barypdyr. Biz ony alty aý mundan öň başga, goňşy mekdebe geçirdik ahyryn. Näme üçin şeýdendigini sorasam: "Men üns berip durynmy! Işim bilen başyma gaý" diýip jogap berýär".

Dogrudan hem, biziň jemgyýetimizde çagalaryň terbiýesini eneleriň geçirmelidigi, atalaryň bolsa esasy eklenç etmek işi bilen meşgullanmalydygy baradaky pikir berk ornaşan. Terbiýeçilik işinde temmi bermeli halatlary bolaýmasa ("Ynha kakaň gelsin. Seniň gulagyňdan çeker welin..."), terbiýe we bilim berme işiniň labyrly bölegi öý-hojalyk işleri bilen birlikde eneleriň (olaryň köpüsi hem işleýär) paýyna düşýär.

Psihologlaryň bellemegine görä, ösüp barýan çaganyň içki dünýäsi, okuwy, höwesleri bilen gyzyklanma, onuň bilen wagtyňy peýdaly geçirme, bilelikde belli bir işleri etmek, gerek wagtynda oňa goldaw we kömek berme onda jogapkärlik häsiýetlerini terbiýeleýär, çaga atasyny esasy görelde alma ülňüsi höküminde kabul edýär. Göreldeli atanyň maşgaladaky orny geljekde ata bolmaly oglanjyga öz guran maşgalasyndaky ornuny görkezýän bolsa, gyzjagaza geljekki saýlap aljak ýanýoldaşynyň obrazyny kesgitleýär.

Döwürdeş atalar öz çagalarynyň terbiýesine günde näçe wagt sarp edýärlerkä? Bu sorag bilen gyzyklanyp çeşmelere ýüzlenemde, iňlis atalaryň çagalary bilen gatnaşygyna günde 24 min wagty, italýan we fransuz atalaryň 50 min, rus atalaryň bolsa ortaça 1 sagatdan 2 sagada çenli wagt sarp edýändigi barada maglumat aldym.

Ýöne meni gyzyklandyrýan

Türkmen atalary çagasynyň terbiýesine günde näçe wagt sarp edýär?

mazmunly soraga bolsa jogap tapma maňa başartmady.

Çagalarymyzyň terbiýesi we geljekki durmuşy üçin wajyp sorag babatda siziň pikiriňizi bilmek islegi bilen, JAHAN.

  • 5794 gezek okalan