DAŞKY GURŞAW WE ADAM SAGLYGY
GADYRLY DOST!
Ynsan dünýä inen ilkinji pursatyndan başlap daşky gurşawyň täsirine düşýär. Bu täsiriň derejesi we tebigaty nähilikä? Adam saglygy daşky gurşawa näderejede garaşlyka? Ýa daşky gurşaw adama garaşlymyka? Adam bilen daşky gurşawyň özara gatnaşyklarynda üstün çykjak barmyka?
Eger Seni şeýle soraglar gyzyklandyrýan bolsa, onda şu kitap hut Seniň üçindir. Bu kitabyň asyl nusgasy Hesperian Fondy tarapyndan iňlis dilinde neşir edildi. Kitabyň mazmuny bilen tanşan terjimeçiler kitapdaky maglumatlar we amaly maslahatlar türkmen okyjysyna örän peýdaly bolar diýen pikir bilen, ony türkmen diline terjime etmegi makul gördüler. Sen bu kitapda adam saglygy bilen daşky gurşawyň arasynda nähili arabaglanyşygyň bardygyny bilip, onuň bilen parahat gatnaşyklary saklamagy, adamyň biperwaýlygyna ýugrulan hereketlerden goramagy öwrenersiň. Diňe bular bilen hem çäklenmän, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden öz saglygyňy goramagyň dürli tärleri bilen tanşyp bilersiň.
Eger Sen bu kitaby halasaň, onda ony öz tanyşlaryňa hem okamagy maslahat ber. Biz Seniň bu kitap baradaky pikirleriňe, bellikleriňe, teklipleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Şu kitapdan peýdaly maglumatlary we amaly maslahatlary alarsyň diýen
umydy bilen, taslamanyň iş topary.
MAZMUNY | |
BAP 1 | JEMGYÝETDÄKI EKOLOGIKSAGLYGY ÖŇE SÜRMEK |
BAP 2 | JEMGYÝET SAGLYGYNYŇ ÄHMIÝETINE DÜŞÜNIP, DEGIŞLI ÇÄRELERI GEÇIRMEK |
BAP 3 | TEBIGY BAÝLYKLARY HEMMELER ÜÇIN GORAMAK |
BAP 4 | EKOLOGIK HUKUK WE ADALATLYLYK |
BAP 5 | ZYÝANLY SUWUŇ DÖREDÝÄN SAGLYK KYNÇYLYKLARY |
BAP 6 | ILATYŇ SUWUNY GORAMAK |
BAP 7 | HAJATHANALARYŇ GURLUŞYGY |
BAP 8 | ÇYBYNLAR ZERARLY DÖREÝÄN KESELLER |
BAP 9 | SUW TOPLAÝJY ÇÄKLERI GORAMAK |
BAP 10 | TOKAÝLAR |
BAP 11 | ÝERI DIKELTMEK WE BAGLARY EKMEK |
BAP 12 | JEMGYÝETIŇ AZYK HOWPSUZLYGY |
BAP 13 | GENETIKI ÖZGERDILEN AZYK ÖNÜMLERINIŇ ÝALAN WADASY |
BAP 14 | PESTISIDLER ZÄHERDIR |
BAP 15 | OBA HOJALYGYNY DURNUKLY USULLAR ARKALY ALYP BARMAK |
BAP 16 | ZÄHERLI HIMIKATLARYŇ ZYÝANY |
BAP 17 | SAGDYN ÖÝ |
BAP 18 | GATY GALYNDYLAR: SAGLYGA HOWP SALÝAN GALYNDYLARY PEÝDALY SERIŞDELERE ÖWÜRMEK |
BAP 19 | LUKMANÇYLYK GALYNDYLARY |
BAP 20 | ZÄHERLERIŇ ZYÝANLY TÄSIRINI AZALTMAK WE ÖŇÜNI ALMAK |
BAP 21 | MAGDAN GAZYP ALÝAN SENAGAT WE SAGLYK |
BAP 22 | NEBIT, KESELLER WE ADAM HUKUKLARY |
BAP 23 | EKOLOGIK TAÝDAN ARASSA ENERGIÝA |
GOŞUNDY A: HOWPSUZLYK WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLAR | |
GOŞUNDY B: EKOLOGIK HUKUKLAR UGRUNDAKY GÖREŞDE KANUNLARYŇ ULANYLYŞY | |
SÖZLÜK | |
INDEKS | |
DAŞKY GURŞAW WE ADAM SAGLYGY KITABY (DOLY) ÜNS BERIŇ ULULYGY - 18,00 MB | |
"Daşky gurşaw we adam saglygy" kitabynyň baplary Siziň kompýuteriňizde açylmasa onda Adobe Reader programmasyny kompýuteriňize ýüklemek gerekdir. |
- 20175 gezek okalan