• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (10.07.2020)

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (10.07.2020)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (97 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

04-10 IÝUL 2020

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn:

John Hopkins University and Mediсine: 188 ýurtda kesellänler: 12318610, ýogalanlar: 555531, sagalanlar: 6771001.

BSGG/WHO: Gazagystan: kesellänler: 53021, ýogalanlar 296, Gyrgyzstan 8847 (116), Özbegistan 11259 (47), Täjigistan 6363 (54), Russiýa 707301 (10843), Owganystan 33653 (937), Türkiýe 208938 (5282), Eýran: 248379 (12084).

↪ 23-nji aprelda BSGG-nyň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň direktory Hans Klýugen takyk seneleri görkezmän sapara taýarlanýandygyny yglan edipdi. 6-nji iýulda BSGG-nyň ekspert missiýasy Türkmenistana bardy. BSGG-nyň Türkmenistana missiýasynyň başlygy Katrin Smallwood: "Türkmenistanda COVID-19 boýunça köp pudakly iş topary döredildi; COVID-19 taýýarlyk we gaýtawul bermek üçin meýilnama tassyklanyldy; COVID-19-yň öňüni almak, diagnoz goýmak we bejermek boýunça görkezmeler işlenip düzüldi…BSGG COVID-19 Taýýarlyk we jogap meýilnamasyny düzmekde, ýurda kömek bermekde öňdebaryjy rola eýe boldy".

↪ BSGG Türkmenistan – COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş çärelerine, missiýanyň işine degişli maglumatlar sahypasyny açdy.

↪ 7-nji iýul: Türkmenistanda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň mukdary artdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi COVID-19 garşy durmak barada metbugatda habar ýaýratdy. "Guran Aral deňziniň düýbünden zyýanly maddalary daşaýan tozan-duz tupanlary müňlerçe kilometre ýaýraýar we adama çynlakaý howp salýar". Türkmenistanyň SG we DS ministrligi ýurda aralaşan tozanly howa akymy sebäpli agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýär.

↪ Türkmenistan Russiýada öndürilen wirusa garşy dermanlary satyn alar.

↪ 9-iýul – "ABŞ-nyň ilçihanasy COVID-19 synagyndan geçýän we on dört güne çenli ýokanç keseller hassahanalarynda karantine ýerleşdirilen, COVID-19 alamatlaryna laýyk gelýän simptomly türkmenistanlylar barada habar aldy". 1-nji iýun Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümeti, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) üsti bilen, Türkmenistanyň COVID-19-yň öňüni almak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin goşmaça 500000 amerikan dollaryny bölüp berdi.

↪ BBC News Tükmenistan we Covid-19 barada (wideo).

↪ BSGG COVID-19 bejergisi hökmünde ulanylýan gidroksihlorohin we lopinawir / ritonawir dermanlarynyň synaglaryny tögtatdy. Synaglaryň netijeleri gidroksihlorohiniň we lopinawiriň / ritonawiriň hassahana ýerleşdirilen COVID-19-ly hassalaryň ölümçiligine juda az täsir edýänini görkezýär.

↪ Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 pademiýasyna beren jogabyna, işlerine baha bermek üçin garaşsyz iş toparyny döredýändigini habar berdi. Geňeşe iki öňki döwlet baştutanlary – Täze Zelandiýanyň öňki premýer-ministri Helen Klark we Liberiýanyň öňki prezidenti Ellen Jonson Sirleaf ýolbaşçylyk eder we agzalaryny saýlar.

↪ Gazagystan hökümeti Hytaý ilçihanasynyň öz raýatlaryna merkezi Aziýa ýurtlarynda öýken keseliniň öňüni almak baradaky duýduryşyny "ýalan" hasaplaýar. Saglyk Ministrligi "Hytaýyň käbir habar beriş serişdeleri tarapyndan Gazagystanda pnewmoniýanyň täze görnüşi barada çap edilen maglumatlary nädogry".

Koronawirus: ikinji tapgyry näme, näderejede howply we onuň öňüni alyp bolarmy?

↪ Alymlar kän adamlaryň СOVID-yň simptomsyz, alamatsyz göterijisi bolýandygyna we şeýle "sessiz-üýnsüz paýlaýjylaryň" wirusy hakykatdanam ýaýradýadygyna düşünmelidigini aýdýarlar.

↪ Gürjüstanyň 3,7 million ilatyndan müňden hem az adam koronawirus bilen keselledi, 15-si ýogaldy. Gürjüstanyň häkimiýetleri bu netijäni nädip gazandylar?

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus

  • 19715 gezek okalan