TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRNE HAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

saglyk hat logo

Gadyrly okyjylarymyz,

28-nji fewralda biz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Kakabaýewiçe email üsti bilen hat ugratdyk. Gynansakda, ministrligiň saýtynda görkezilen email salgylar işlemän, hatymyz yzyna geldi.

GelenYalnys

Biz iberlen haty doly görnüşde çap edip, siz bilen paýlaşmagy makul bildik. Araňyzda şu haty ministrlige we ministre ýetirip biljegiňiz bar bolsa, minnetdar bolarys.

Sag boluň,

Saglyk topary

 

IBERILEN HAT:

saglyk hat logo

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrligi

28-nji fewral, 2020 ýyl

Mowzuk: Türkmenistandaky koronawirus bilen bagly ýagdaý (gyssagly)

Kime: Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrne

Salgylar: This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it., AşThis email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

Hormatly Nurmuhammet Kakabaýewiç,

Dünýäde koronawirusyň çalt depginde ýaýramagy bütin adamzada howp salýar. Wirusyň goňşy Eýran we Owganystan ýurtlaryna gelip ýetmegi türkmenistanlylaryň arasynda alada we gowga döredýär. Bize günde diýen ýaly okyjylardan koronawirusa degişli soraglar gelýär. Biz eýýäm iki aý bäri bu wirus bilen bagly ýagdaýlar barada ygtybarly, halkara çeşmelerden alnan maglumatlary okyjylarymyza hödürläp gelýäris. Emma munuň ýeterlik däldigini görýäris.

Biz il arasynda ýaýraýan tassyklanmadyk maglumatlara we myş-myşlara şaýat bolýarys. Dogry maglumatlardan habarsyz bolmagymyz biziň her birimiziň maşgalamyzyň saglygyna, jemgyýetimiziň abadançylygyna we asudalygyna wehim salýar.

Biz Saglyk topary bolup, sizden tassyklanmadyk ýa-da ýoýlan habarlaryň ýaýramagynyň öňüni almagyňyzy haýyş edýäris. Eger Ministrligiň websaýtynyň üsti bilen düşündiriş işlerini geçirseňiz, bütin halkymyz bu howply wirusdan we oňa degişli içeri we daşary ýagdaýlardan habardar bolardylar.

Okyjylarymyzdan:

24-nji fewralda biz Istagramda okyjylarymyza şeýle sorag bilen ýüzlendik: Türkmenistanda koronawirusyň ýagdaýy barada sende ýeterlik maglumat barmy?

Sesberilşige gatnaşanlaryň 80% "ýok" (127 adam) , 20% "hawa" (32 adam) diýip ses berdiler.

Okyjylardan gelen soraglardan käbiri:

Bize ýaýradymy şol kesel?

3 adam ýogalypdyr diýýärler, şeýlemi?

Nädip öňüni almaly?

Türkmenistana çyndanam wirus geldimi?

Keseliň ýokuşandygyny nädip bilmeli?

Wirus Türkmenistana gelip bilermi?

Aşgabatda koronawirus bilen kesellän adam barmy?

Eýranda ýaýrapdyr diýýärler, bize-de ýokuşma howpy barmy?

Yssyda ölýär diýýär, güýji gaçýar diýýär wirusyň, dogrumy?

Men migrant garyndaşlarym barada aladalanýan. Nireden maglumat alyp bolarka?

Ilat bilen düşündiriş işlerini ýola goýmak babatynda Saglyk Ministrligine tekliperimiz:

↪ Goňşy döwletleriň netijeli işlerine we tejribelerine salgylanyp bolar. Meselem, Gazagystanyň Saglyk Ministrligi ilata ýurtdaky epidemiologiýa degişli ýagdaýlar barada günde gysga hasabat berýär. Bu hasabatda ýurt boýunça geçirilýän işler barada jikme-jik maglumat berilýär. Ministrlik ilatyň soraglaryna Facebook-da we Twitter-de gazak, iňlis we rus dillerinde jogap berýär we munuň üçin 24 sagat işleýän telefon liniýasyny bar.

↪ Saglyk Ministrligi sosial mediýada hasap açyp ilat bilen aragatnaşyk açsa we ýurda degişli we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryny dowamly türkmen we rus dillerinde ministrligiň saýtynda paýlaşsa.

↪ Biz Saglyk Ministrliginiň koronawirusa degişli ilata niýetlenen birnäçe kitapçalarynyň, informasion materiallarynyň bardygyndan habarly. Şol materiallar websaýtyňyzda ýerleşdirilse we köpçülige elýeter edilse.

Biz şeýle kyn we howply ýagdaýda jemgyýetiň ähi agzalarynyň konstruktiw we netijeli hyzmatdaşlygyna ynanýarys. Biz jemgyýetçilik topary bolup, şu işlerde Saglyk Ministrligine ýardam bermäge taýýar.

Hormatlamak bilen,

Saglyk iş topary

www.saglyk.org

This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

LETTER IN ENGLISH | ПИСЬМО НА РУССКОМ