COVID-19 WIRUSY BARADA BSGG-NYŇ GENERAL DIREKTORYNYŇ ÝÜZLENMESI (MART 5, 2020)

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

DrTedrosAdhanomÇykyş gysgaldylyp alyndy.

Gündiziňiz haýyrly bolsun. Men sözümiň başyny COVID-19 wirusyna garşy göreşmekde gije-gündiz zähmet çekýänleriň ählisine sagbolsun aýtmak bilen başlasym gelýär.

Bu epidemiýanyň soňuna çykmak mümkin, emma diňe hökümetler agzybir we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga gol gerseler.

Bize koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly täze hasabatlar diňe birnäçe döwletden gelmesini dowam edýär. Bu bolsa bizi dymýan ýurtlar barada alada goýýar, esasan hem saglygy goraýyş ulgamy gowşak ýurtlar. Biz ýa käbir ýurtlar muňa çynlakaý garamaýar ýa-da olar özlerini çäresiz hasaplap, bu barada dil ýarmazlyga karar berendirler diýip gaýgy edýäris.

Bu kiçi-girim mesele däl.

Bu epidemiýa çynlakaý çemeleşmäge we wagtynda çäre görmäge her bir ýurt borçly. Çärelere diňe saglyk ministrligi däl-de, ähli hökümet edaralary (howpsuzlyk, diplomatiýa, ykdysadyýet, söwda, transport, maglumat we başgalar) deň derejede gatnaşmaly.

Biziň ýurtlara maslahatlarymyz:

↪ Gyssagly ýagdaýlar üçin niýetlenen meýilnamalary hökümetiň ähli bölümleriniň gatnaşmagynda durmuşa geçiriň.

↪ Ilata bilim beriň. Olara keseliň alamatlaryny tanamagy we özlerini goramagy öwrediň.

↪ Kesel anyklaýyş usullaryňyzy we merkezleriňizi ösdüriň.

↪ Hassahanalaryňyzy taýýar ediň.

↪ Esasy lukmançylyk serişdeleriniň üpjünçiligini gazanyň.

↪ Saglygy goraýyş işgärleriňizi türgenleşdiriň. Olara keseli anyklamagy, näsaglara düşünjeli we rehimli çemeleşmegi, hem-de infeksiýadan özlerini goramagy öwrediň.

Eger-de ýurtlar berk durup, wirus ýokuşanlary anyklamagy, çetleşdirmegi, bejermegi we infeksiýany yzarlamagy başarsalar, bu epidemiýanyň badyny gowşadyp bileris.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) ähli döwletlere wirusa garşy milli göreş maksatnamalaryny taýýarlamak üçin sekiz sany möhüm bölegi özünde jemleýän nesihatnamany çap etdi.

Biz ähli ýurtlary öz milli maksatnamalaryny çaltlaşdyrmaga çagyrýarys we muny amala aşyrmakda biz olara kömek etmäge taýýar.

Maddy taýdan kynçylyk çekýän we milli maksatnamalary düzüw bolan ýurtlara maliýe kömekleri hem bar. Bu maliýe kömekleri häzirki göreş çärelerini güýçlendirmek we gelejekde hem taýýarlygy ýokarlandyrmak üçin zerurdyr.

Koronawirus örän çynlakaý keseldir. Ol köp adama ölüm howpuny salmasa-da, öldürmäge ukyplydyr.

Bu diňe bir adama ýa bir ýurda howp salmaýar. Bu bütin adamzada howp salýar.

Biziň ählimiz muňa garşy göreşmäge we birek-biregi halas etmäge borçly.

Sag boluň.

Çykyşyň asyl nusgasy