SOSIAL MEDIÝADA KORONAWIRUS BARADA DOGRY MAGLUMATY ÝALŇYŞDAN NÄDIP SAÝGARMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 fakeIlki bilen nähili ýalňyş maglumat barada gürrüň edilýändigini seljermek möhümdir.

Käbir adamlar dogrudyr we peýdalydyr öýdüp, ýalňyş maglumatlary paýlaşýarlar. Bu ýalňyş maglumatlar uly bir zyýan ýetirmese-de, olar delillere esaslananmaýar.

 

Ýene käbirleri bolsa, ynançlaryndan täsirlenen zyýanly, ýalňyş maglumatlary ýaýradýarlar. Meselem, "hökümet COVID-19 bahanalap halka sanjym etmek we iri derman senagat guramalaryny goldamak isleýär" ýaly myş-myşlar.

Şeýle myş-myşlaryň zeperi uly bolup, aňyrsynda dezinformasiýa ýatýar. Dezinformasiýa – bu ýalan maglumaty bilgeşleýin, adamlary gorkuzmak niýeti bilen ýaýratmakdyr.

Çeşme: Johns Hopkins uniwersiteti