NÄME ÜÇIN COVID-19 ÜÇIN WAKSINA ÝASAMAK DERMAN ÝASAMAKDAN UZAK WAGT ALAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

covid 19 waksina yasamakCOVID-19 üçin üstünde işlenilýän waksinalaryň we dermanlaryň ählisiniň hem esasy maksady howpsuz we netijeli bolmak. Bu häsiýetler köplenç birnäçe eksperimentleriň üsti bilen ölçenýär. Ol eksperimentler ilki haýwanlardan başlap, soň adamlarda geçirilýär. Bu kliniki barlaglar hem 3 etapdan düzülip, her etapda gatnaşyjylaryň sany artdyrylýar. Waksina ýasamak we barlamak bolsa, köplenç has uzak wagt alýar.

↪ Birinjiden, waksinalar derman ýaly kesellänlerde däl-de, sagdyn adamlarda barlanylýar. Waksinanyň howpsuzlygyna güwä geçmek üçin has uly we has uzyn barlaglar gerek bolýar.

↪ Ikinjiden, waksina barlaglarynyň netijelerini ölçemek köplenç uzak wagt alýar. Waksinanyň netijeliligini we immun ulgamyna täsir etme ukybyny dogry ölçemek birnäçe aýa çekip bilýär. Dermanyň bolsa täsirliligini birnäçe günde ölçäp bolýar. Şeýle-de, dermanly bejergiler üçin birnäçe gün ýa hepde ýeterlik bolsa, waksinalar birnäçe aýlap dowam edýän sanjymlary talap edip bilýär. Taýýar bolansoň hem, waksinalary öndürmek we ýaýratmak uzak wagt alyp bilýär.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg School of Public Health