KORONAWIRUSA GARŞY GÖREŞMEGIŇ IŇ GOWY ÝOLY NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 garsy goresmekKoronawirusyň ilki ýaýran wagtlary nämäniň nämedigi näbellidi. Kesele garşy göreşmegiň käbir ýollary:

↪ Waksina taýýarlamak: Iň ileri tutulýan mesele şu bolmaly. Sanjymyň taýýarlanmagy azyndan bir ýyla çekäýende-de, ol keseliň ýaýramagynyň öňüni mazaly alyp biler. Şeýle hem, önümçiligiň dünýäniň dürli ýerlerinde meýilleşdirilmegi zerurdyr.

↪ Bejergi tapmak: Bejermegiň ýoly hökmünde peýdaly bolup biljek antiwirus serişdelerini, meselem: dümew hem-de AIW üçin niýetlenen derman serişdelerini barlap görmeli.

↪ Kesel anyklaýyş işlerini artdyrmak: Kesellänleri çalt kesgitlemek üçin tiz anyklaýyş serişdelerini (test) öndürmeli we paýlamaly.

↪ Hassahanalaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak: Ýokanç keselleriň barlag proseduralaryny güýçlendirmek; saglyk hünärmenlerini taýýarlamak; maskalary, ýörite eşikleri we ellikleri elýeterli ýagdaýa getirmek.

↪ Habarlaşmak: Anyk faktlary we näbelli ýagdaýlary köpçülik bilen paýlaşmak we ýaramaz habarlary gizlin saklamazlyk.

Eger wirus gorkulyşyndan has az ölüm howply bolsa ýa-da has aňsatlyk bilen öňüni alyp bolýan bolsa, şu wagtky çekilýän goşmaça zähmetiň indiki ýaýramalarda peýdasy deger.