BSGG KORONAWIRUS DERMANLARYNY BARLAGDAN GEÇIRÝÄR, EMMA ATLARYNY AÝAN ETMEÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 dermanlary barlagdaBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) birnäçe dermanyň koronawirusa garşy üstünlikli göreşip biljekdigini aýtdy. Indi BSGG 4-5 sany iň gowy netije beren dermany has düýpli öwrenmegiň üstünde işlär. Dermanlaryň ady welin aýan edilmedi.

BSGG bilinýän dermanlaryň hijisiniň wirusy doly aýyrmaýandygyny, diňe keseliň döredýän kynçylyklaryny azaldýandygyny nygtady.

Dermanlardan başga-da, COVID-19 üçin waksinanyň üstünde hem işlenilýär. Emma onuň näwagt we nädip ýasaljagy näbelliligine galýar.