COVID-19 ÝOKUŞMASYNYŇ HOWPLARYNY ÖWREN WE GORAN

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Massaçusets Uniwersitetiniň biologiýa professorycovid 19 owren we goran Erin Bromaž meşhurlyk gazanan blogunda okyjylara ýönekeý formulanyň üsti bilen wirusyň ýokuşma töwekgelçiligini düşündirdi: wirusly atmosferada bolmak × wagt = ýokuşma.

Keselli adamyň ýekeje gezek asgyrmagy wirusy uzak aralyklara syçradyp bilýär. Asgyrmaýan keselli adam bilen üýşmeleňde wagt geçirmek hem deň derejede howply. Emma welin, ylgap barýanyň ýa-da dükanda söwda edip ýöreniň deňinden geçip gitmek ullakan howp salmaýar.

Gepiň gysgasy, eger-de sen wirusly bolsaň, seniň bilen ýüzbe-ýüz durup 10 minutdan köp wagt geçirýän islendik adama wirus ýokuşýar. Şonuň üçin, köp adamly we howasy ýygy-ýygydan täzelenip durmaýan binalardyr otaglar iň bir howply ýerler bolup durýar.