SARS-COV-2 WIRUSY JYNSY GATNAŞYKDA SPERMANYŇ (DÖLÜŇ) ÜSTI BILEN ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Covid 19 we dolCOVID-19 adam spermasyndan hem tapyldy, emma onuň sperma arkaly ýokuşyp biljegi gümanly. Ýöne bu heniz "mümkin däl" diýlip tassyklanylmady.

COVID-19 bilen kesellän 34 sany hytaýly erkek adamyň gatnaşmagynda geçirilen ylmy barlagda olaryň spermalaryndan ýa-da ýumurtgalaryndan SARS-CoV-2 tapyldy.

Başga maksatly başga bir ylmy barlag hem, 38 näsagyň 6 sanysynyň spermasyndan bu wirusy tapdy. Emma ol barlaga gatnaşan erkeklere kesel has agyr degipdi. Bu ýerde wirusyň sperma düşmegine bedene has köp wirusyň bolandygy sebäp bolup biler.

Ýene bir göz öňünde tutmaly ýagdaý hem – wirusdan agyr kesellän adamlar jynsy gatnaşyk etjege meňzemeýär. Bu bolsa wirusdan sagalmakda ulurak sorag döredýär.

Spermalarynda SARS-CoV-2 bar bolan näsaglarda edilýän ylmy barlaglar wirus-pozitiw (wirusly) adamlaryň näçe wagtlap jynsy gatnaşykdan saklanmalydygy barada maslahat berip bilerler. Şeýle-de bolsa, wirus-pozitiw adamyň başgalardan azyndan 1 metr daşda durmalydygyny ýatlasak, keselden doly gutulmankaň jynsy gatnaşyk etmek gowy pikire meňzemeýär. Çünki wirus bir adamdan beýleki adama dem alyş ýollarynyň üsti bilen örän çalt we aňsat ýokuşýar.