COVID-19 ENE SÜÝDÜNIŇ ÜSTI BILEN ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Covid 19 caga emdirmeCOVID-19 wirusynyň ene süýdi arkaly çaga geçýändigine henize çenli duş gelinmedi. Wirusdan gorkup çaga emdirmegi bes etmeli däl.

COVID-19 wirusly ene çagasy doglan badyna ony gujagyna alyp ýa emdirip bilýärmi?

Hawa. Täze doglan çagany enäniň gujagyna almagy bäbegiň temperaturasyny sazlaýar we onuň diri galmagyna kömek edýär. Şeýle-de, ene gujagynda goýlan çaga emmegi çalt öwrenýär – bu hem onuň diri galma mümkinçiligini artdyrýar.

Çagany gujagyňa almagyň we emdirmegiň berip bilýän peýdalary COVID-19 bilen bagly mümkin bolan töwekgelçiliklerden has köpdür.

Çaga emdirýän enä aşakdakylary berjaý etmek maslahat berilýär:

↪ Elleri wagtly-wagtynda sabyn ýa-da alkogolly serişde bilen arassalamaly. Esasan hem çagany ellemezden öňürti.

↪ Çaganyň ýakynyndaka we emdirende lukmançylyk maskasyny dakynmaly.

↪ Salfetkanyň içine üsgürmeli we asgyrmaly. Soňra salfetkany zyňyp, elleri ýuwmaly.

↪ Elleýän ýerlerini dowamly arassalap we dezinfisirläp durmaly.

↪ Öl bolan lukmançylyk maskasyny derrew täzesi bilen çalyşmaly. Maskanyň ýüz tarapyny ellemeli däl we ony ikilenç ulanmaly däl.