JEMGYÝETÇILIK BASSEÝNLERINE HAÇAN ARKAÝYN GIDIP BOLAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Covid 19 howuzlarCOVID-19 basseýnlerde, gyzgyn wannalarda ýa-da akwaparklarda ýokuşyp bilýärmi? Jemgyýetçilik basseýnlerine haçan arkaýyn gidip bolar?

Suwa girýän adamlary mikrobly patogenlerden goramak üçin basseýnleriň, gyzgyn wannalaryň we akwaparklaryň suwlary dezinfisirlenmeli. Basseýnler dogry dezinfisirlense, SARS-CoV-2 wirusy derrew güýçden gaçýar we suwdaky adama wirusyň ýokuşma ähtimallygy azalýar.

Şeýle-de bolsa, suwlary dezinfisirlemek howadaky ýa-da zatlaryň üstündäki wirusa täsir etmeýär. Şonuň üçin hem, basseýnlerde wirusdan goranmak üçin adamlar bilen aralyk saklamak we dogry gigiýena düzgünlerini berjaý etmek möhümdir. Munuň sosial kynçylyklary döretjegi welin ikuçsuz. Çünki adamlar basseýnlerde we akwaparklarda köplük bolup suwa düşýärler.

Häzirki pandemiýa döwründe basseýnleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin birnäçe täze düzgünleri girizmek möhümdir. Meselem, gelýänlerden maska geýmegi talap etmek, adam sanyny çäklendirmek, basseýniň içinde we töwereginde üýşmezligi maslahat bermek we ş.m.