TÜRKMENISTANLY SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERINE ÝÜZLENME

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

covid 19 lukmanlara yuzlenmeGadyrly türkmenistanly saglygy goraýyş işgärleri,

Bize Siziň agyr şertlerde zähmet çekýändigiňiz barada habarlar gelip gowuşýar. Habarlarda gorag serişdeleriniň (maska, el-ýüz örtgüleri, ýörite geýimler) ýetmezçiligi we СOVID-19-ly näsaglar bilen iş alyp barmak ugrunda anyk we aýdyň protokolyň ýokdygy bellenilýär. Biz üçin Siziň howpsuzlygyňyz, iş şertleriňiz, we saglygyňyz iň möhüm alada bolup durýar. Eger sizi gyzyklandyrýan soraglar bar bolsa, biz size ygtybarly maglumatlary tapyp bermäge taýýar. Saglyk.org saýtynyň Instagram hasabyndan ýa-da  This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it. email adresiniň üsti bilen biz bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şu wagt bizde COVID-19-a degişli şeýle maglumatlar bar:

1. Saýtymyzda adaty raýata COVID-19 barada düşündirýän we yzygiderli täze maglumatlar goşulýan bölüm döretdik (maşgalaňy, özüňi goramak barada esasy sorag-jogaplar, wirus, dermanalar, bejeriş, waksina, karantin barada sebitleýin we halkara habarlar).

2. Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasy lukmanlar üçin 3 sagatlyk onlaýn COVID-19 okuw kursuny döretdi. Okuwy rus dilinde, tölegsiz we öz maýdalyňa okap bolýar: Новые респираторные вирусы, включая COVID-19: способы диагностики, профилактики, лечения и контроля. Okuwyň maksady: Täze respirator wiruslary we olaryň tiz ýaýramasyna netijeli taýýarlanmak barada öwretmek. Her modulda mowzugy has çuňňur öwrenmek üçin resurslar berilýär.

3. Ýewropanyň Keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi (ECDC) maşgala lukmanlary, stomotologlar we dermanhana işgärleri üçin СOVID-19 gollanmasyny çap etdi. Gollanmada СOVID-19-yň öňüni alyş, ony kontrolda saklanyş we oňa gaýtawul beriş çäreleri anyk beýan edilýär. Gollanma görä:

↪ Wirusyň ýaýraýşyny kontrolda saklamak maksady bilen näsaglar, müşderiler, we saglyk işgärleri ähli wagtlarda ýüz maskalaryny ulanmagy göz öňünde tutmaly.

↪ COVID-19 keseliniň alamatlaryny görkezýän işgärler işe gelmeli däl, köpçülikden daşlaşyp öýde galmaly, hem-de ýagdaýlary ýaramazlaşsa saglyk öýlerine ýüz tutmaly.

↪ Eger mümkin bolsa, telekommunikasiýa ulgamy arkaly işlemegi ýola goýmak göz öňünde tutulmaly. Şol sanda, işgärleriň uzakdan işläp bilmegi üçin gerekli enjamlar hem üpjün edilmeli.

↪ Hassahanalaryň zerurlyklaryny barlagdan geçirmeli. Gerek bolsa, näsaglara ýetişip biler ýaly saglyk işgärleriniň sanyny köpeltmeli. Işgär ýetmezçiligi görülýän çärelere zyýanly täsir edip bilýär. Şonuň üçin, iş ýüküniniň artjagy we işgärleriň ýarawsyzlyk rugsadyna çykjagy göz öňünde tutulyp, berk maksatnama düzülmeli.

↪ Mümkin boldugyça, hroniki keselleri (immunoýetmezçilik, süýjülik, we ş.m) bolan işgärler näsaglara/müşderilere ýakynlaşmagy talap etmeýän ýa-da az talap edýän orunlarda goýulmaly (telefon, email gatnaşyklary ýa-da onlaýn konsultasiýa).

↪ Ähli maşgala lukmanlary COVID-19 barlag usullary, bejergileri, gutulanlardan habar tutmak, kesellänleriň sanyny bilip durmak, we kontakt yzarlamak barada ýöredilýän protokoldan habarly bolmaly.

↪ Mümkin bolsa, kliniki konsultasiýalary telefonda ýa-da internetde geçirmek göz öňünde tutulmaly (konsultasiýalar, dermanlaryň üstüni doldurmak, gutulandan habar tutmak we ş.m.). Örän zerur bolmasa, näsaglara hassahana gelmezlik maslahat berilmeli.

↪ Dermanhanalarda işgärleriň durýan ýerleriniň öňüne aýna ýa-da plastik panel goýulmaly. Bu işgärleri müşderileriň respirator damjalaryndan gorar we fiziki daşlygy berkeder. Dermanhanalaryň girelgelerinde müşderilere COVID-19 keseliniň alamatlary barada habar berýän belgiler asylmaly. Belgilerde keseliň alamatlaryny duýsaň näme etmelidigi aýdylmaly: Meselem, "Eger şu alamatlar sizde bar bolsa, dermanhana girmäň! Belgimize jaň ediň we daşarda ýa-da ulagyňyzyň içinde garaşyň".

Goşmaça soragdyr gyzyklanmalaryňyz bar bolsa bize ýüz tutmaga ikirjiňlenmäň. Sag-aman işläň!

Hormat bilen
Saglyk