MEN KORONAWIRUS (COVID-19) BILEN KESELLESEM NÄME ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

kesellesem name etmeliEger saňa koronawirus ýokuşsa ýa-da ýokuşandyr öýtseň, özüňe seretmek we öýüňdäki hem-de jemgyýetiňdäki adamlary goramak üçin çäreler:

◈ Öýde gal. COVID-19 ýokuşan köp adam keseli ýeňil geçirýär we öýde lukmançylyk kömegi bolmazdan sagalyp bilýär. Öýüňden diňe lukmançylyk kömegini almak üçin çyk. Köpçülik ýerlerine barma.

◈ Özüňe gowy seret. Dynç al we ýeterlik suw iç. Özüňi duýşuň gowulaşmagy üçin asetaminofen ýaly dermannamasyz berilýän dermanlary iç.

◈ Lukmanyň bilen habarlaşyp dur. Lukmançylyk kömegini almazdan öň lukmana jaň et. Eger-de dem almaň kynlaşsa ýa-da gyssagly lukmana görünmegi duýdurýan alamatlar ýüze çyksa, haýal etmän lukmançylyk kömegini al.

◈ Jemgyýetçilik transportyny, başgalar bilen paýlaşylýan ulaglary ýa-da taksileri ulanma.

Adamlardan daşlaş we burnuňy we agzyňy ört

◉ Mümkin boldugyça, aýratyn otagda gal we öýüňdäki adamlardan we öý haýwanlaryndan daş dur. Mümkin bolsa, aýratyn hajathana we wanna ulan.

◉ Başga adamlaryň we öý haýwanlaryň ýakynynda bolmaly bolsaň (hatda öýde-de), burnuňy we agzyňy örtýän mata geý.

◉ Eger ýeke özüň bolsaň ýüzüňi örtmek hökman däl. Eger-de mata örtgi geýip bilmeýän bolsaň (meselem, dem alyp bilmän kösenseň), asgyranyňda we üsgüreniňde ýüzüňi başga bir zat bilen ört. Adamlardan azyndan 1 metr uzak durjak bol. Bu töweregiňdäki adamlary gorar.

◉ Mata ýüz örtgüleri 2 ýaşdan kiçi çagalara, dem alyş kynçylyklary bolan adamlara ýa-da örtgüni özi aýryp bilmeýän adamlara geýdirilmeli däl.

Elleriňi ýygy-ýygydan arassala

◆ Elleriňi ýygy-ýygydan sabyn we suw bilen azyndan 20 sekuntlap ýuw. Elleri esasan hem burnuňy süpüreniňden, üsgüreniňden ýa-da asgyranyňdan soň; hajathanadan çykanyňdan soň; we iýmit iýmezden ýa-da taýýarlamazdan öň ýuwmak möhümdir.

◆ Eger suw we sabyn elýeter däl bolsa, düzüminde azyndan 60% alkogol bolan el arassalaýjy serişdeleri ulan. Elleriň ähli ýerini arassalaýjy bilen ört we elleriň guraýança biri-birine sürt.

◆ Elleri arassalamak üçin sabyn we suw iň gowy çözgütdir, esasan hem eller örän hapa bolsa.

◆ Arassalanmadyk elleriň bilen gözleriňi, burnuňy, we agzyňy ellemekden saklan.

Şahsy hojalyk esbaplaryny paýlaşma

↪ Gap-gaçlary, bulgurlary, käseleri, iýilýän esbaplary, polotenseleri ýa-da ýorgan-düşekleri öýüňdäkiler bilen paýlaşma.

↪ Bu esbaplary her gezek ulananyňdan soňra gap-gaç ýuwujy serişde bilen mazaly ýuw ýa-da gap-gaç ýuwujy maşyn ulan.

↪ Köp ellenýän ýerleri her gün arassala. Köp ellenýän ýerlere şular degişli: telefonlar, pultlar, aşhanadaky we beýleki otaglardaky stollar, oturgyçlar, gapy tutawaçlary, wanna esbaplary, hajathanalar, klawiaturalar, we planşetler.

↪ Öz bolýan otagyňdaky we wannaňdaky köp ellenýän ýerleri arassala we dezinfisirle. Bir gezek ulanylýan ellikleri geý. Jaýdaky umumy ýerleri başga birine arassalat, emma mümkin bolsa, öz ýatýan otagyňy we wannaňy özüň arassala.

↪ Eger näsagyň otagyny başga adam arassalamaly bolsa, onda ol öňürti maska we bir gezek ulanylýan ellikleri geýmeli. Ol wannany arassalamak üçin näsag wannany ulananyndan soňra mümkin boldugyça uzak wagt garaşmaly.

Alamatlara üns ber

COVID-19 ýokuşan adamlar köpdürli alamatlary başdan geçirýärler. Käbir adamda ýeňil alamatlar bildirse, käbirleri agyr keselleýärler. Alamatlaryň wirus ýokuşanyndan 2-14 gün soňra bildirip başlamagy mümkin. Aşakdaky alamatlar bolan adamlarda COVID-19 wirusynyň bar bolmagy ähtimal:

◈ Gyzzyrma ýa-da üşütme;

◈ Üsgülewük;

◈ Dem ýetmezçiligi ýa-da dem alyş kynçylyklary;

◈ Ýadawlyk;

◈ Muskullarda ýa-da bedende agyrylar;

◈ Kelleagyry;

◈ Tagam we ys duýşuň birden ýitmegi;

◈ Bokurdak agyry;

◈ Burun dykylmasy;

◈ Ýürek bulanma ýa-da gaýtarma;

◈ Içgeçme.

Gyssagly Lukmançylyk Kömegini Haçan Gözlemeli?

COVID-19 keselçiliginde, gyssgaly lukmana görünmegi duýdurýan alamatlara üns ber. Eger birinde şeýle alamatlary görseň, haýal etmän lukmançylyk kömegini gözle.

◉ Dem alyş kynçylygy

◉ Döşde dowamly agyry ýa-da basyş

◉ Ýakynda dörän kelle bulaşyklygy

◉ Oýanyp ýa-da oýa gezip bilmezlik

◉ Gögümtil dodaklar ýa-da ýüz

Bu sanawda ähli bolup biljek alamatlar berilmedik. Bulardan başga-da agyr ýa-da aladalandyryjy alamatlary görseň, lukmana ýüz tut.

Lukmanyň ýanyna gitmezden öňürti jaňlaş

Öňünden jaňlaş. Dowamly hassahana barmaly bolýan adamlaryň barmaly wagtlary ýa yza süýşürilýär ýa-da telefon arkaly hyzmat berilýär.

Eger seniň yza süýşürip bolmaýan lukmançylyk duşuşygyň bar bolsa, lukmanyň ofisine jaň et we COVID-19 alamatlaryň bardygyny habar ber. Bu hassahanalara işgärleri we näsaglary goramaga kömek eder.