LUKMANÇYLYK MERKEZLERI COVID-19 ÜÇIN NÄDIP TAÝÝARLYK GÖRMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 merkezler tayyarlykLukmançylyk merkezleri işgärlerini nädip goramaly? Saglyk işgärleri işde özlerini nädip goramaly? Saglyk işgärleri COVID-19 ýokuşan ýa-da şübhelenilýän näsaglar bilen nähili aragatnaşyk etmeli?

2020-ýylyň 30-njy ýanwarynda BSGG täze koronawirusyň (COVID-19) tiz ýaýramagyny adamzat saglygyna howp salýan gyssagly çäre görülmeli ýagdaý diýip yglan etdi. COVID-19-a çäre görmek berk taýýarlyk talap edýär. Bu taýýarlykda baş ädimleriň biri hem saglyk işgärlerini we lukmançylyk merkezlerini zerur esbaplar we maglumatlar bilen üpjün etmekdir

BSGG pandemiýa döwründe saglyk işgärleriniň we lukmançylyk merkezleriniň howpsuzlygyny we saglygyny goramak üçin birnäçe maslahatlary hödürleýär.

Lukmançylyk merkezleri COVID-19 üçin nädip taýýarlyk görmeli?

↪ Lukmançylyk merkeziniň girelgesinde sortlama stansiýasy gurnalmaly. Bu stansiýada gelýän näsaglary COVID-19 barlagyndan geçirmeli.

↪ Näsaglara we myhmanlara respirator we el gigiýenasy barada ýatladýan plakatlarydyr listowkalary asmaly.

↪ Şübhelenilýän näsaglar üçin ýörite bellenen, aýry garaşylýan zona taýýarlamaly.

↪ Saglyk işgärleri, näsaglar we myhmanlar üçin alkogolly el arassalaýjylar ýa-da sabyn we suw bilen el ýuwulýan stansiýalar goýulmaly.

↪ Üsgülewük, gyzzyrma, dem ýetmezçiligi ýa-da dem alma kynçylyklary ýaly alamatlary bar bolan adamlary haýal etmän barlamaly.

Lukmançylyk merkezleri işgärlerini nädip goramaly?

◉ Işgärlere şahsy gorag esbaplarynyň zerurulygy, saýlap-seçilişi we dogry ulanylyşy barada öwretmeli.

◉ COVID-19 alamatly adamlary tanamagy we şübhelenilýänlere lukmançylyk maskasyny hödürlemegi öwretmeli.

◉ Sortlama stansiýasynda durýan işgärlere keseli kegitleýiş we karar çykaryş diagrammasy elýeter edilmeli.

◉ Şübhelenilýän adamy haýal etmän çetleşdirmeli.

◉ Elleri ýygy-ýygydan arassalap durmaly.

COVID-19 ýokuşan ýa-da şübhelenilýän näsaglara nädip seretmeli?

◈ Işgärler şahsy gorag esbaplaryny geýmeli.

◈ Dümewe meňzeş alamatlary görkezýän ähli näsaglara maska geýdirmeli.

◈ Ähli näsaglara elleri we respirator ulgamyny arassa saklamagy ýatlatmaly.

◈ Wirus ýokuşan ýa-da şübheli näsaglary haýal etmän çetleşdirmeli.

◈ Stresi we howsalany azaltmak üçin, näsaglara näme edýändigiňi we näme üçin edýändigiňi düşündirmeli.

◈ Mümkin bolsa, näsaglary aýry otaglarda goýmaly.

◈ Kesellänler bilen şübhelenilýänler aýra saklanmaly.

◈ Näsaglaryň arasynda azyndan 1 metr daşlyk goýmaly.

◈ Wirusyň lukmançylyk merkezine ýaýramazlygy üçin, näsaglaryň hereketlerini çäklendirmeli.

◈ Eger näsagy başga ýere geçirmeli bolsa, muny öňünden planmaly: näsagyň ýakynyna barýan ähli işgärler we myhmanlar şahsy gorag esbaplaryny geýmeli.

◈ Merkeziň içini we daşyny wagly-wagtynda arassalap, dezinfisirläp durmaly.

◈ Içerini yzygiderli howalandyryp durmaly – mümkin bolsa penjireleri we gapylary açmaly.

◈ Her näsagy soramaga gelýän myhmanlaryň sanyny çäklendirmeli.

◈ Ähli myhmanlar şahsy gorag esbaplaryny geýmeli we her gelim-gidimiň hasaby ýöredilmeli.

Saglyk işgärleri işde özlerini nädip goramaly?

◇ Lukmançylyk merkeziniň gollanmasyny yzarla we COVID-19 howpsuzlyk düzgünleri barada işdeşleriň bilen maslahatlaş.

Ýatda sakla! Şahsy gorag esbaplary her gezekki ulanyşdan we näsag bilen duşuşykdan soňra çalşyrylmaly. Bir gezeklik esbaplary (bir gezeklik ellikler, maskalar, ýüz galkanlary we ş.m) agzy ýapyk zibil bedresine zyňmaly we elleri mazaly ýuwmaly. Bir gezeklik islendik esbaby ikinji gezek ulanyp ýa-da zyýansyzlandyryp bolmaýar.

◇ Haçanda şübhelenilýän ýa-da keseli tassyklanan COVID-19 näsagynyň otagyna gireniňde şulary geý: bir gezeklik ellik; arassa, uzyn ýeňli halat; agzyňy we burnuňy örtýän lukmançylyk maskasy; göz goraýjy esbap (mes: äýnek).

◇ Eger intubasiýa ýaly howa wirus ýaýradýan prosedurany geçirýän bolsaň, N95 ýaly ýörite süzgüçli dem alyş esbabyny geýmeli. Geýmezden öňürti abatlygyny barlamaly.

◇ Ädik we bütin bedeniňi örtýän penjek geýmek hökman däl.

Ýatda sakla! Ellikli ýa-da ýuwulmadyk elleriň bilen gözleriňi, burnuňy, we agzyňy elleme.

◇ Eger näsaga seredip çykanyňdan soňra üsgürip, asgyryp ýa-da gyzzyryp başlasaň, derrew degişli edara habar ber we olaryň maslahatyna eýer.

◇ El gigiýenasyny dogry ýerine ýetirmek üçin şu 5 ýagdaýda elleriňi alkogolly serişde ýa-da sabyn we suw bilen arassala:

◆ Näsagy ellemezden öň;

◆ Arassalaýyş/aseptik prosedurasyna girişmezden öň;

◆ Beden suwuklyklaryna ýakynlaşanyňdan soň;

◆ Näsagy elläniňden soň;

◆ Näsagyň daş-töweregindäki zatlary elläniňden soň.

Saglyk işgärleri COVID-19 ýokuşan ýa-da şübhelenilýän näsaglar bilen nähili aragatnaşyk etmeli?

► Sypaýy, edepli, mylakatly bol.

► Şübhelenilýän we kesellän näsaglaryň we olaryň ýanyndaky islendik adamyň stresli ýa-da gorkýan bolmagynyň mümkindigini ýatda sakla.

► Näsaglaryň soraglaryny we ünjülerini üns bilen diňle.

► Ýerli dilde gürle we ýuwaş gürle.

► Soraglary jogapsyz goýma we COVID-19 barada dogry maglumatlary ber.

► Her bir soraga jogabyň bolmazlygy mümkin: COVID-19 barada heniz hem bilinmeýän köp zat bar we muny boýun almakdan çekinmeli däl.

► Eger elýeter bolsa, näsaglar bilen broşýuralary we maglumat kagyzlaryny paýlaş.

► Şahsy gorag esbabyň geýilgi wagty kesellän ýa-da şübhelenilýän näsaglary elleseň we sypalasaň bolýar.

► Näsagdan dogry maglumatlary al: ady, doglan güni, syýahat taryhy, alamatlarynyň sanawy.

► Lukmançylyk merkeziniň COVID-19 düzgünlerini düşündir. Meselem, çetleşdirme, çäklendirilen myhman sany we ş.m.

► Eger näsag çaga bolsa, onuň hossaryny ýa-da maşgalasyndan birini ýanyna kabul et – hossar şahsy gorag esbaby bilen üpjün edilmeli we geýmeli.

► Mümkin boldugyça, näsagyň myhmanlaryny we maşgalasyny habardar edip dur.