KONTAKT YZARLAMAK DÜRLI ÝURTLARDA WE MEDENIÝETLERDE TAPAWUTLANÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Kontakt yzarlamagyňcovid 19 kontakt yzarlamak esaslary – derňemek, tapmak, goldamak, we çetleşdirmek – ýurda görä üýtgemeýär, diňe her ýurduň ulanýan usuly üýtgeýär.

Pes we orta girdejili ýurtlaryň köpüsinde "deri köwüşli epidemiologlar" gapy-gapy aýlanyp (köwüşlerini tozduryp) kontakt yzarlama geçirýärler.

Hytaýda we Günorta Koreýada kontakt yzarlamakda akylly telefonlaryň gözegçiligi uly rol oýnap gelýär. Adam hukuklaryna we şahsy gizlinlige möhüm orun berilýän günbatarda welin, kontakt yzarlamak biraz kynrak. Emma kontakt yzarlamak ilat saglygyny goramak üçin wajyp guraldyr.

Birleşen Ştatlarda kontakt yzarlamagy ahlak taýdan dogry geçirmäge üns berilýär. Bu bolsa, adam hukuklary bilen ilat saglygynyň arasynda deňagramlylygy gazanmagy talap edýär. Kontakt yzarlamak ýa-da mejbury waksinalar ýaly, şahsy erkinligiň çägine girýän çäreler 3 sany kanuny talaba laýyk gelmeli:

1. Adamyň garaşsyzlygyna, erkine doly hormat goýmaly;

2. Jemgyýete peýdasy şahsy gizlinligi bozmagyň bahasyndan has gymmatly bolmaly;

3. Jemgyýetiň ähli agzasyna peýda bermeli – diňe ýeke adama ýa-da topara däl.