MEDISINA MASKALARY KISLOROD ÝETMEZÇILIGINE SEBÄP BOLÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

covid 19 maska o2 yetmezcilikFAKT: Dogry geýlen medisina maskalaryny uzak wagtlap geýilmegi CO2 zäherlenmesine ýa-da kislorod ýetmezçiligine sebäp bolmaýar.

Medisina maskalaryny uzak wagtlap geýmek oňaýsyz bolup biler, emma muňa garamazdan, bu CO2 zäherlenmesine ýa-da kislorod ýetmezçiligine eltmeýär. Medisina maskasyny geýeňize ol ýüzüňizde ykjam, kynçylyksyz dem alar derejede berk oturmalydyr ýa-da daňylmalydyr. Hiç haçan bir gezeklik maskalary gaýtadan ulanmaň we ol ölenen badyna çalşyň.

Çeşme: BSGG

Medisina maskalaryny howpsuz geýmegiň usullary

Dogry:

  Maskany ellemezden öň elleriňi ýuw;

  Maskada ýyrtyk ýa deşik bar-ýoklugyny barla;

  Maskany ýokary gyrasyny tap: metal bölejikli ýa-da gaty gyrasyny;

  Reňkli (gök) tarapyny daşyna edip geý;

  Metal bölejikli gyrasyny burnuň üstünde goý;

  Burnuňy, agzyňy we eňegiňi ýap;

  Gyralary açyk galmaz ýaly edip, ýüzüňe ykjam geý;

  Maskany elleme;

  Maskany gulagyň ýa-da kelläň arkasyndan geçýän ýüplerinden tutup aýyr;

  Maskany çykaran wagtyň üstüňe we beýleki zatlara degmez ýaly edip çykar;

  Ulanandan soň ony derrew agzy ýapyk zibil gutusyna at;

  Maskany ataňdan soňra elleriňi dogry edip azydan 20-30 sek ýuw.

Ýalňyş:

Ýyrtyk ýa-da nemli, öl maska ulanma;

Maskany diňe burnuňy ýa-da agzyňy ýapýan görnüşde edip geýme;

Maska ýüzüňde gowşak daňylan bolmasyn, sallanyp durmasyn;

Maskanyň öň tarapyny elleme;

Gürläňde maskany aýyrma ýa-da maskany, ýüzüňi ellemegiňi talap edýän hereketleri etme;

Ulanan maskaňy beýlekilere elýeterli ýerde goýma;

Maskany ikinji gezek ulanma.

Maskanyň ýeke özüniň COVID-19-dan goramajakdygyny unutma. Hat-da maskaly wagtyň hem beýlekiler bilen araňda azyndan 1 metr aralyk sakla we elleriňi tiz-tizden we gowy edip ýuw.

Ulanylan WEB Salgy