COVID-19: NÄDIP DEZINFEKSIÝA ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

covid 19 arassacylykOkyjydan: Men öýümde hemme zady uksus bilen suw garyp arassalaýaryn. Wirus we içerdäki arassaçylyk barada aýdaýsaňyz.

Arassaçylyk

Bankomat ulanýan we haryt satyn alýan wagtyňdan başga wagtlarda ellik geýmek COVID-19-dan goramaýar we mikroblaryň ýaýramagynyň öňüni almaýar. Oňa-muňa gidip gelmeli bolanyňda, mikroblardan goranmak üçin wagtly-wagtynda elleriňi 20 sekuntlap sabyn we suw bilen ýuwmaly ýa-da düzüminde azyndan 60% spirt bolan serişde bilen arassalamaly.

↪ Içerleri arassalamak we dezinfisirlemek üçin, bir gezeklik ýa-da köp gezeklik ellikleri geýmeli.

↪ Zatlaryň ýüzüni ilki sabynly suw bilen arassalamaly, soňra dezinfisirleýji serişde ulanmaly.

↪ Zatlar sabynlap arassalananda, olaryň ýüzündäki mikroblar we hapalar azalýar. Dezinfisirlenende bolsa, mikroblar ölýär.

↪ Köp ellenýän ýerleri wagtly-wagtynda arassalap durmaly. Köp ellenýän ýerler: stollar, gapylar, wyklýuçateller, iş we aşhana stollary (kaunter), tutawaçlar, telefonlar, klawiaturalar, hajathanalar, kranlar, rakowinalar we ş.m.

Dezinfeksiýa

Desinfisirleýji serişdeleri howpsuz we netijeli ulanmak üçin, hemişe olaryň etiketkasyndaky ulanylyş düzgünlerini berjaý etmeli. Dezinfeksiýa edilende:

◆  Teniňi we gözüňi mümkin bolan howplardan goramak üçin gorag esbaplaryny geýmeli.

◆  Içerini ýeterlik derejede howalandyrmaly.

◆  Serişdäni etiketkasynda maslahat berleninden artyk möçberde ulanmaly däl.

◆  Serişdäni garjak suwuň otag temperaturasynda bolmaly (eger etiketkada başgaça aýdylmaýan bolsa).

◆  Himiki serişdeleri biri-biri bilen garmakdan saklanmaly.

◆  Erginleşdirilen arassalaýjylaryň ýüzüne bellik goýmaly.

◆  Himiki serişdeleri çagalardan we öý haýwanlaryndan daşda saklamaly we ulanmaly.

Zatlary desinfisirleýji serişdeleri iýmek, içmek, ysgamak, bedeniňe sançmak ýa-da çalmak örän howpludyr. Bu serişdeler ýa-da haýwanlar üçin niýetlenmedik islendik serişde bilen öý haýwanlaryny suwa düşürmäň we süpürmäň.

Demgysmaly adamlary göz öňünde tutuň. Zatlaryň arassalanýan we dezinfisirlenýän wagty, olar töwerekde durmaly däl. Bu olaryň demgysmasyny beterleşdirip biler.

  Zatlaryň ýüzüni arassalamak üçin, hojalyk hlorly ergini hem ulanylyp bilner.

◎ Hlor serişdesini ulanmazdan öňürti etiketkasyny okaň. Onuň dezinfisirlemek üçin rugsat berilýändigine we düzüminde 5%-6% natriniň gipohloridiniň bardygyna göz ýetiriň. Onuň ulanylyş möhletiniň geçmedigine göz ýetiriň. Reňkli ýa-da ak eşikler üçin niýetlenen agardyjylar dezinfeksiýa üçin laýyk bolman biler.

◎ Möhleti geçmedik hojalyk hlorly serişdeleri haçanda dogry erginleşdirilende koronawirusa garşy ulanylyp bilner.

◎ Hlory hiç haçan ammiak ýa-da beýleki arassalaýjylar bilen garmaň. Ergini azyndan 1 minutlap zatlaryň ýüzünde galdyryň.

◉  Hlorly ergini ýasamak üçin 5 nahar çemçe hlory otag temperaturasyndaky 3.8 litr suw bilen garmaly.

◉  Ýa-da 946 ml suwa 4 çaý çemçe hlory

◉  Hlorly ergini desinfeksiýa üçin 24 sagatlap ulanyp bolýar.

◉  Düzüminde azyndan 70% spirt bolan erginler hem dezinfeksiýa üçin ulanylyp bilner.

Ýumşak zatlaryň ýüzlerini arassalamak üçin (pollar, halylar, tutular):

► Sabynly suw ýa-da ýörite şeýle zatlar üçin niýetlenen arassalaýjy ulanyň.

► Ýuwmak üçin (eger mümkin bolsa) öndürijiden gelen ýuwulyş düzgünlerini yzarlaň. Ýyly suw ulanyň we mazaly guradyň.

Ulanylan WEB Salgy / Goşmaça maglumat