NÄME ÜÇIN COVID-19 BARLAGLARY BARADAKY MAGLUMAT WAJYP?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 wentilyasiya wajyplygyKoronowirus barlaglarynyň (testleriniň) hasabatyny ýöredýän Our World in Data-nyň berýän maglumatlaryna esaslansak, BSSG barlaglaryň kanagatlanarly bolmasy üçin, her bir pozitiw netijä azyndan 10, mümkin bolsa 30 töweregi barlagyň geçirilmegini ündeýär.

Bu platformada şeýle diýilýär: Hiç bir ýurt COVID-19 ýokuşan adamlaryň takyk sanyny bilmeýär. Biziň bar bilýänimiz barlagdan geçenleriň ýagdaýydyr. Diňe laboratoriýa barlagynyň netijesinde aýan edilen ýokuşmalar “tassyklanan hadysalar” hasaplanýar. Tassyklanan hadysalaryň sany hem ýurduň hakykatda näçeräk barlag geçirýändigine baglydyr. Barlag geçirmezden hiç hili maglumat alyp bolmaýar.

Barlaglar biz üçin pandemiýa we onuň ýaýraýyşyna açylan penjiredir. Wirusyň näçeräk adama ýokuşandygy barada maglumat bolmasa, pandemiýa düşünip bilmeris. Eger maglumat bolmasa, haýsy ýurtlaryň pandemiýa bilen ýerlikli göreşýändigini we haýsylaryň kemter maglumat berýändigini bilip bilmeris.

Tassyklanan hadysalar boýunça islendik maglumaty seljermek üçin, ýurtda näçeräk COVID-19 barlaglarynyň geçirilýändigini bilmeli.

Barlaglar wirusyň ýaýramagyny we täsirini haýallatmak we azaltmak ugrundaky göreşde iň möhüm gurallaryň biridir. Barlaglar ýokuşan şahslary anyklamaga we olaryň alýan lukmançylyk bejergisini seljermäge mümkinçilik berýär. Ýokuşanlary çetleşdirmäge we olaryň kontaktlaryny (ýakyn aragatnaşykda bolan adamlaryny) yzarlap, karantinde saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, barlaglar lukmançylyk serişdelerini we işgärlerini has netijeli ulanmaga kömek edip bilýär. Mundan başga-da, COVID-19 barlaglary, pandemiýa we onuň dürli ýurtlarda döredýän töwekgelçiliklerine düşünmäge kömek edýär.

Bu baradaky bilim-düşünje käbir çäreleri durmuşa geçirmegimiz üçin örän möhümdir, esasan hem, sosial çetleşme we tutuş sebitleriň we pudaklaryň ýapylmagy ýaly ykdysadyýete örän gymmat düşýän çäreleri görmeli bolanymyzda.

Mundan başga-da, bu platformada şeýle soraglara jogaplary tapyp bolýar:

↪ Ýekeje COVID-19 hadysasyny anyklamak üçin her ýurt näçe barlag geçirmeli bolýar?

↪ Günde näçe barlag geçirilýär?

↪ Ilat sanyna görä umuman näçe barlag geçirilýär?

↪ Haýsy ýurtlar COVID-19 ýokuşanlaryň kontaktlaryny yzarlaýarlar?