KÖPÇÜLIKLEÝIN IMMUNITET NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

kopculikleyin immunitetKöpçülikleýin immunitet (iňlisçe: herd immunity) – halkyň belli bir bölegine islendik wirusa garşy sanjym (waksina) edip, ilatyň immunitetini gazanmak. Wirusyň görnüşine görä, sanjym edilmeli ilat sany üýtgeýär. Meselem, gyzamyga garşy çagalaryň 95%, poliomiýelite garşy 80% sanjym edilmelidir.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, COVID-19-a garşy dünýäniň ilatynyň 60-70%-niň köpçülikleýin immunitetini gazanmaly. "Emma muny tebigy ýol bilen, ýagny wirusyň hemmelere ýokuşmagyna ýol bermek arkaly, gazanmak howpludyr we ummasyz ölümçilige getirer" diýip, BSGG belleýär. Şol sebäpli, waksina ýasalýança ýokuşmalaryň sanyny mümkin boldugyndan az saklamak möhümdir.