COVID-19: BERK ÇÄRELER HÖKMANMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 berk careler"SARS-CoV-2 wirusynyň ýaýramagyny haýallatmak üçin çykdajysy we zyýany az çäreler hem gowy netije berip bilýärler" diýip, dünýäniň dürli ýurtlarynyň görýän çäreleriniň netijeliligini seljerip öwrenen täze ylmy-barlag belleýär.

Barlagyň netijeleri:

Iň netijeli çäreler: Belli bir wagtyň dowamynda daşary çykmagy çäklendirmek, hemmelere öýde oturmagy buýurmak, dükanlarda we restoranlarda üýşmeleňleri çäklendirmek, mejbury öýden-işleme düzgünlerini girizmek, mekdepleri ýapmak. Bu berk we iriziji çäreler örän gowy netije berip bilýär, emma jemgyýete, ykdysadyýete, we adam hukuklaryna uly agram salýar.

Netijeli we onçakly iriziji däl çäreler: Serhetlere çäklendirmeler girizmek, ilatyň ejiz bölegine hökümet taýdan goldaw bermek (meselem, iýmit kömegi), hem-de saglygyna, ykdysady we sosial abadanlygyna howp abanýan adamlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak.

Bellik: Adamlar gaty berk däl çärelere has gulak asagan bolýarlar. Emma, gaty berk däl çäreleriň hem netijeliligi ol çäreleriň nähili ýurtda geçirilýändigine bagly bolýar.