PFIZER-BIONTECH COVID-19 WAKSINASYNY KIMLER ALYP BILÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

pfizer biontech8-nji ýanwar, 2021 ýyl

BSGG-nyň immunizasiýa boýunça strategik maslahatçy ekspertler topary (SMET), adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin tassyklanan ilkinji COVID-19 waksinasyny (Pfizer-BioNTech waksinasy) ulanylyşa goýbermek barada syýasy maslahatlaryny çap etdi.

SMET-e görä, Pfizer-BioNTech COVID-19 mRNA waksinasy howpsuz we täsirlidir. Şeýle-de bolsa, garşy görkezmeler, üpjünçilik ýetmezçiligi ýa-da maglumatlaryň çäklidigi sebäpli, ilatyň belli bir toparyna waksina maslahat berilmeýär. Häzirki wagtda, ilatyň bu toparyna ýiti allergiýasy bolan adamlar, göwreli aýallaryň aglabasy, ileri tutulýan topara girmeýän halkara syýahatçylar we 16 ýaşdan kiçi çagalar degişlidir.

Hemmelerden öňürti waksina edilmeli adamlar – bular wirus ýokuşma howpy abanýan saglyk işgärleri we gartaşan adamlardyr.

Allergiýaly adamlar

Waksinanyň islendik düzümine ýiti allergik reaksiýasy bolan adamlar ony sançdyrmaly däldir.

Göwreli we çaga emdirýän aýallar

Göwreli däl aýallara garanyňda, göwreli aýallaryň COVID-19 bilen agyr kesellemek howpy we wagtyndan öň dogurmak töwekgelçiligi uly hasaplanýar. Emma, maglumatlaryň ýeterlik däldigi sebäpli, BSGG göwreli aýallara waksina bermegi maslahat bermeýär.

Göwreli aýala kesel ýokuşma howpy has gutulgysyz bolan ýagdaýynda (meselem, aýal saglyk işgäri bolsa) oňa waksina bermek, saglygy goraýyş hyzmatyny üpjün ediji bilen maslahatlaşmak arkaly göz öňünde tutulyp bilner.

Eger-de çaga emdirýän aýal waksina berilmeli topara (mysal üçin: saglyk işgäri) girýän bolsa, oňa waksina hödürlenip bilner. BSGG waksina alan enelere çaga emdirmegi bes etmegi maslahat bermeýär.

Çagalar

Waksina diňe 16 ýaşdan uly çagalarda synag edildi. Şonuň üçin, BSGG häzirki wagtda hatda ýokary töwekgelçilikli toparlara degişli bolsalar hem, 16 ýaşdan kiçi çagalara waksina bermegi maslahat bermeýär.

Öňden keseli bar bolan adamlar

Waksinanyň agyr syrkawlamak töwekgelçiligi ýokary bolan dürli keselli adamlar üçin howpsuz we täsirlidigi ýüze çykaryldy. Muňa gipertoniýa, süýji keseli, demgysma, öýken, bagyr ýa-da böwrek keselleri, hem-de durnukly we gözegçilikde saklanylýan hroniki infeksiýalar degişlidir.

Waksinanyň immuniteti pes bolanlara edýän täsirini bilmek üçin goşmaça barlaglar zerur. Wagtlaýyn teklibe görä, waksina sanjylmagy maslahat berilýän topara girýän immuniteti pes bolan adamlara waksina berlip bilner, ýöne mümkin boldugyça olar ilki maglumat we maslahat almaly.

AIW bilen ýaşaýan adamlaryň COVID-19 bilen agyr syrkawlamak töwekgelçiligi has ýokary. Keseli gözegçilikde saklanýan AIW ýokaşan adamlar üçin kliniki synaglardan alnan howpsuzlyk maglumatlary çäkli bolup durýar. Waksina kabul etmek isleýän AIW pozitiw adamlara, elýeterli bolan maglumatlara görä, maglumat we maslahat berilmelidir.

COVID-19 bilen kesellän ýa-da keseli geçiren adamlar

COVID-19 keselini geçiren adamlara waksina hödürlenip bilner.

Emma waksina üpjünçiliginiň çäklidigi üçin, adamlar COVID-19 waksinasyny almaklygy SARS-CoV-2 infeksiýasy ýokuşan wagtyndan 6 aýa çenli yza süýşürip bilerler. Infeksiýa ýokuşandan soň immunitetiň dowamlylygy barada has köp maglumat elýeter boldugyça, bu döwür üýtgedilip bilner.

Waksina almaga karar bermek üçin öň keseliň ýokuşandygyny barlamak maslahat berilmeýär.

Syýahatçylar

Häzirki wagtda, BSGG halkara syýahatçylara ýurda girmek ýa çykmak ýa-da daşary ýurtlara syýahat etmek üçin COVID-19 waksinasyny alandygy barada subutnama talaplarynyň girizilmegini goldamaýar.

Doza

Waksinanyň goraýjylyk täsiri birinji dozadan 12 gün soň emele gelip başlaýar, ýöne doly goraglylyk ikinji dozadan soň döreýär. BSGG ikinji dozany 21-28 gün aralygynda almagy maslahat berýär. Bir dozanyň mümkin bolan uzak möhletleýin goraglylygyna düşünmek üçin goşmaça barlag zerur.

COVID-19-y ýeňmek üçin diňe waksinalar ýeterlik däldir

Ygtybarly we täsirli waksinalar ýagdaýy düýpgöter üýtgedip biler: emma biz ýakyn geljekde maska geýmegi, fiziki aralygy saklamagy, üýşmeleňlerden gaça durmagy we beýleki saglyk çärelerini berjaý etmegi dowam etmeli. Waksina alýandygymyz üçin, seresaplylygy elden berip, özümizi we beýlekileri howp astynda goýmaly däldiris. Sebäbi waksinanyň diňe kesellerden däl, eýsem infeksiýadan we ony ýokuşdurmakdan nä derejede gorap bilýändigi entägem belli däl.

COVID-19 bilen göreşmek üçin ýasalýan beýleki waksinalar näme?

Adatça, BSGG her waksina üçin aýratyn maslahat bermeýär. Onuň deregine, belli bir kesele degişli ähli waksinalary öz içine alýan bir maslahat berýär, eger-de subutnamalar başgaça çemeleşmäni talap etmeýän bolsa.

Düýpgöter tapawutly platformalaryň tehnologiýalaryna esaslanýan COVID-19 waksinalarynyň has köpdürlüdigi sebäpli, BSGG uly abraýly milli regulirleýji edaralar tarapyndan ygtyýarlandyrylan we köp ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyryp biljek möçberde bolan waksinalary gözden geçirýär.

BSGG hiç bir önümi beýlekiden ileri tutmaýar. Önümleriň köpdürli bolmagy bolsa, olaryň belli aýratynlyklary we dolandyrylyş talaplary bilen birlikde, ýurtlara öz şertlerine laýyk gelýän önümi tapmaga mümkinçilik berýär.

SMET-iň öňümizdäki aýlarda başga waksinalary hem gözden geçirmegine garaşylýar.