ÝURDUŇ СOVID-19 WAKSINASIÝASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

yurdun waksinasiyasyWaksinasiýa degişli maglumatlar gazetleriň, sosial mediýanyň, telewideniýanyň, radionyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilmeli. Waksinasiýa ilata düşnükli türkmen we rus dillerinde düşündiriş işleri arkaly geçirilmeli. Düşündiriş işleri geçirilmese, galp maglumatlar, myş-myşlar we konspirasiýa teoriýalary ýaýrap, ilata zyýan berip bilýär. Ýurduň СOVID-19-a garşy waksinasiýa meýilnamasynda şeýle soraglara anyk jogaplar bolmaly:

1. Waksinasiýa anyk haýsy waksina bilen we haçan başlanar?

2. Satyn alnan waksina kliniki synaglardan geçdimi we netijeliligi subut edildimi?

3. Satyn alnan waksina nähili işleýär?

4. Ilki bilen anyk kime waksina berler? Anyk haýsy toparlara?

5. Waksina ilat köpçüligine haçan hödürlener?

6. Waksinasiýa mejbury bolarmy ýa-da meýletin?

7. Koronawirusa garşy waksina howply bolup bilermi? Ony kim almaly däl?

8. Waksinasiýany kimler geçirer we nirede geçiriler?

9. Waksinasiýa mugt ýa-da tölegli bolarmy?

Çeşme: BSGG