SEN COVID-19 DÖWRÜNDE TÜRKMEN DILINDE NÄHILI SÖZLERI, JÜMLELERI DÖRETDIŇ?
Nemesler öz dilini ep-esli derejede uýtgedip COVID-19 degişli 1200-den gowrak täze adalgasyny döredipdir. Germaniýanyň Leýbniz instituty olaryň hemmesini jemledi diýip, "Guardian" neşiri habar berýär.
Ynha käbir mysallar:
↪ Öffnungsdiskusionorgie – "ýollar, ýurt haçan açylar" bilen baglanşykly yzy üzülmeýän gürrüňler we gysgalaňly çekişmeler orgiýasy;
↪ Spuckshutztrennscheibe – tüýkülikden goraýan panel;
↪ Coronafrisur – korona priçeskasy;
↪ Overzoomed – kän Zoom ulanyp gaty ýadamak;
↪ Impfneid – waksina göripligi.
Bu lingwistik sowgatlaryň döremegine näme mümkinçilik berdikä? Dil bilen bagly düzgünler. Nemes diliniň "goşma at emele getiriş düzgüni" bar bolan sözlerden täze, has uzyn sözleri döretmäge mümkinçilik berýär.
- 1242 gezek okalan