SAGLYK STATISTIKASYNYŇ ÄHMIÝETI NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 statistikaSalam Saglyk, СOVID-19 barada ýurdumyza degişli statistikalary bilmek nämä gerek? Adaty raýat üçin näme peýdasy bar?

Okyjy

Gadyrly okyjy,

Saglyk statistikasy – bu saglyga degişli maglumatlary görkezýän sanlardyr. Saglyk statistikasy islendik ýurt üçin örän wajypdyr. Sebäbi:

COVID-19 pandemiýasy ýaly, jemgyýetçilik saglygynyň adatdan daşary ýagdaýlary ýüze çykanda, statistikanyň elýeterligi adamyň öljekdigini ýa diri galjakdygyny kesgitleýär. Şeýle ýagdaýlarda, statistika öz saglygyň we maşgalaň saglygy barada bilimli kararlara gelmäge kömek edýär. Bu maglumat ilatyň saglyk meselelerini çözmäge we gymmatly saglyk resurslaryny ýerlikli ulanmaga kömek edýär.

↪ Statistika ýurdumyzyň saglygyny we saglyk ulgamymyzyň hilini we netijeliligini ölçemäge kömek edýär.

↪ Saglygy goraýyş çykdajylaryny we şol sanda hökümetiň, işgärleriň we şahsyýetleriň saglygy goraýyş üçin näçe çykdajy çykarýandygyny öwrenip bolýar. Bu sanlar ýaramaz saglyk ulgamynyň ýurda ykdysady taýdan nähili täsir edýändigini görkezip biler. Hökümet programmalarynyň we kanunlarynyň ilat saglygyna edýän täsirini öwrenip bolýar.

↪ Statistika ýurdumyzda näçe adamyň keselländigini we belli bir wagt aralygynda näçe adama keseliň ýokuşandygyny görkezýär.

↪ Belli bir topardaky adamlaryň näçesiniň keselländigini öwrenip bolýar. Ýagny, adamlar ýaşaýan ýeri, etnik topary, jynsy, ýaşy, hünäri, girdejisi we bilimi boýunça toparlara bölünip bilinýär.

↪ Bejerginiň we waksinanyň howpsuzdygyny we netijelidigini bilip bolýar.

↪ Näçe adamyň doglandygyny we ölendigini bilip bolýar. Bu sanlar örän wajypdyr.

↪ Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ilatyň näçe bölegine elýeterdigini bilip bolýar.

↪ Dürli keselleriň töwekgelçilik faktorlaryny öwrenip bolýar. Meselem, СOVID-19 ýa-da hapa howa nädip öýken kesellerine uçrama töwekgelçiligini ýokarlandyrýar?

↪ Statistika keselleri azaltmaga çözgüt tapmakda hem uly rol oýnaýar. Meselem, II görnüşli süýjüli diabet bilen keselleme töwekgelçiligini azaltmak üçin maşk etmek we horlanmak.

Saglyk statistikasynyň ýoklugy nämäni aňladýar?

Adamlar öz saglyklary barada bilimli kararlara gelip bilmeýärler, saglyk sowatlylygy pes bolýar.

Kanun çykaryjylar saglyga degişli kanunlaryň we programmalaryň nähili gidişine gözegçilik edip bilmeýärler; ylmy-barlaglar hem-de öňüni alyş programmalary barada netijeli kararlara gelip bilmeýärler; geçirilýän işleriň netijelerine baha berip bilmeýärler.

Epidemiologlar we ylmy barlagçylar ilat saglygynda, saglygy goraýyş ulgamynyň ýerine ýetirilişinde, töwekgelçilik faktorlarynda we netijelerde nämeleriň bolup geçýändigine düşünmeýärler.

Biznesler önümçilik, mahabat, maslahatçy firmalar we söwda assosiasiýalary ýaly, saglygy goraýyşa degişli zerurlyklary ösdürip, öndürip bilmeýärler.

Jemgyýetçilik saglygyny goraýjy bilermenler saglyk meselelerini, töwekgelçilik faktorlaryny we keselleriň ýollaryny anyklap we gözegçilikde saklap bilmeýärler. Şeýle-de, olar geçirilýän çäreleriň täsirlerini ölçäp bilmeýärler.

Maşgala lukmanlary näsaglaryň töwekgelçilik faktorlaryny we toparlary bilip bilmeýärler (meselem, holesteriniň normalary, beden agramy, gan basyş, çagalaryň ösüşi).

Mediýa we wagyz ediş toparlary saglyk meseleleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin takyk maglumatlary alyp bilmeýärler.

Çeşmeler: Health Statistics / WHO Health statistics / CDC Health statistics