COVID-19 WAKSINALARYNYŇ PATENTLERINI PAÝLAŞMAGYŇ KÖMEGI DEGERMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 waksinalarynyn patentleriBütin dünýäde Covid-19 pandemiýasy dowam edýärkä, bu wirusa garşy waksinalar gysga wagtyň içinde oýlanyp tapyldy we birnäçe ýurtlarda batly depginde waksinasiýalar dowam edýär. Häzirki wagtda waksinalaryň möçberiniň çäklidigi sebäpli, olaryň agramly bölegi baý we ösen ýurtlar tarapyndan satyn alyndy. Iň ýokary girdejili ýurtlar iň garyp ýurtlar bilen deňeşdirilende, 25 esse çalt derejede ilatlaryny waksinasiýa edýärler. Bu global deňsizligi çözmek üçin, käbir lukmanlar, syýasatçylar we saglyk guramalary Covid-19 waksinasyny öndürýän karhanalardan patentlerini açyk şekilde hemmeler bilen paýlaşmagy talap etdiler.

Patentler näme we olar näme üçin goralýar?

Patentleriň kömegi bilen, waksina ýasan firmalar intellektual eýeçiligi öz ellerinde saklap bilýärler we önümi diňe özleri öndürip, ondan girdeji gazanyp bilýärler. Bu firma eýeleri patent goraglylygy arkaly, haýsy firmalar bilen, nähili şertlerde önümleriniň düzümini paýlaşyp biljekdiklerine karar berip bilýärler. Netijede, waksinany ýasamak üçin ylmy gözlege maýa goýum goýmadyk we waksina tehnologiýasyny döretmedik firmalardan geljek bäsdeşlikden gutulyp bilýärler. Şeýlelikde, patenti açyk we mugt paýlaşmaýarlar.

Kimler Covid waksinalarynyň patentini paýlaşmagy goldaýar?

Günorta Afrika Respublikasy, Hindistan we birnäçe ösüp barýan ýurtlar Bütindünýä Söwda Guramasyna Covid-19 waksinalaryndaky patentleri aýyrmagy talap etdiler. Waksina ýetmezçiligi sebäpli garyp ýurtlar gaty az mukdarda waksina satyn alyp bildiler we patentler ýoldan aýrylan ýagdaýynda, özleriniň tiz wagtda öndürip biljekdiklerini aýdýarlar. Şeýle hem, bu hereketi BSGG we "Doctors without borders" guramalary hem goldadylar. Bu goldawa ABŞ-nyň prezidenti Joe Biden hem goşuldy we "Covid-19 pandemiýasy döwründe adatdan daşary ýagdaýlar adatdan daşary çäreleri talap edýär" diýip, belläp geçdi we wagtlaýyn çäkli şekilde waksinalaryň patentlerini paýlaşmaga çagyrdy.

Kimler garşy gidýär we näme üçin?

Patentleri paýlaşmaga garşy gidýänler ilki bilen waksina öndürýän kärhanalardyr. Hemişeki bolşy ýaly, bu kärhanalar islendik derman, waksina, we tehnologiýa döreden wagtlarynda, patentler arkaly intellektual eýeçiliklerini goramak isleýärler we şoňa daýanyp täze innowasion tehnologiýalara we önümçiliklere arkaýyn maýa goýum edip, gelejekde hem patenti ýitirmezden işlerini dowam etmek isleýärler. Patentleri açyk şekilde paýlaşsalar diňe täze waksina öndürjek kärhanalar bilen müşderi üstünde bäsleşmän, eýsem dünýä bazarynda gyt çig mallar üçin hem bäsleşmeli bolarlar.

Şeýle hem, derman senagaty ýokary derejede ösen ýurtlar – Germaniýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa we Beýik Britaniýa – patent paýlaşmaga hemişe garşy bolýardylar, ýöne ABŞ-nyň çykyşyndan soňra, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary pragmatik şekilde waksina öndürmegiň iň çalt ýollaryny ara alyp maslahat etmäge açykdyklaryny aýtdylar. Germaniýanyň ýolbaşçysy Angela Merkel Covid-19 waksinalarynyň hemme ýurtlara ýetmegini isleýändigini, ýöne patent paýlaşmagyň muňa peýdasynyň bolmajakdygyny we çig mal ýetmezçiligi we önümçiligiň hilini barlamakdaky meseleleriň has uly rol oýnaýandygyny belledi.

Patentleri paýlaşmak waksina önümçiliginiň tizligini artdyrarmy?

Patentler açyk şekilde paýlaşylmadyk ýagdaýynda hem, waksina öndürýän kärhanalar 2021-nji ýylyň dowamynda 10 mlrd doza çenli mukdarda waksina öndürmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdylar. Hatda hökümetler patentleri paýlaşmaga rugsat bermek isleseler hem, waksina öndürýän kärhanalar kazyýete şikaýet edip, bu prosesi birnäçe ýyla çenli uzaldyp bilerler. Şeýle hem, Pfizer ýaly waksinalary örän ýokary temperaturada saklamaly we garyp ýurtlarda bulary zaýalaman saklap biljek infrastruktura ýok. "Waksina öndürmek bir zat, ýöne olary adamlara sanjym etmek başga bir zat" diýip PhRMA guramasy belläp geçdi.

Kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň aýtmaklaryna görä, patenti paýlaşmak waksina önümçiligini artdyrmaz, sebäbi şu wagt önümçiligiň ýokary derejede däldiginiň sebäbi çig mal ýetmezçiligi we olary eksport etmek üçin hökümetler tarapyndan goýlan söwda çäklendirmeleri. Emma bu tankytlara garamazdan, Hindistan we Günorta Afrika ýaly ýurtlar patentleri paýlaşmak arkaly waksina önümçiliginiň artdyrylyp bilinjekdigine ynanýarlar.

Çeşme: BBC