ASTRAZENECA WAKSINASY GAN LAGTALANMASYNY DÖREDÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

AstraZenecaOksford Uniwersitetiniň AstraZeneca farmasewtik kompaniýasy bilen birlikde COVID-19-a garşy döreden waksinasynyň ady "Vaxzevria" we onuň netijeliligi 76%. Bu waksina COVID-19 bilen agyr kesellemekden we hassahana düşmekden 100% goraýar. Waksinanyň kliniki barlaglarynyň 2 we 3-nji tapgyrlary dowam edýär, ýöne 3-nji tapgyryň wagtlaýyn netijeleri lukmançylyk žurnalynda çap edildi. Vaxzevria-nyň doly täsirli bolmasy üçin 2 doza almaly.

Vaxzevria birnäçe ýurduň saglyk edaralary tarapyndan ulanmaga rugsat berlen we 2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda BSGG tarapyndan hem tassyklanyldy. Şu ýylyň soňuna çenli bu kärhananyň jemi 2 mlrd doza waksina öndürmegine garaşylýar. Bu waksina COVAX programmasy arkaly pes we orta girdejili ýurtlara hem ýaýradylar. Vaxzevria-nyň bahasy beýleki firmalar bilen deňeşdirilende arzan we beýleki mRNA waksinalary (Pfizer, Moderna) ýaly doňduryp saklaman, diňe sowadyjyda saklap bolýar. Netijede, bu waksinany has köp ýurduň ulanmaga mümkinçiligi bolar.

Gan lagtalanmasy

2021-nji ýylyň mart aýynda Ýewropa döwletlerinden gelen habarlara görä, ýaş adamlaryň käbirlerinde Vaxzevria-ny alansoňlar gan lagtalanmasy ýüze çykyp ugrapdyr. Şo sebäpden, Ýewropanyň Lukmaçylyk Gullugy bu temany özbaşdak gözden geçirdi we örän seýrek ýagdaýlarda Vaxzevria-nyň gan lagtalanmasynyň sebäp bolup biljekdigini aýtdy. Ýöne muňa garamazdan, waksinany almagyň peýdalarynyň seýrek duş gelip biljek ýan täsirlerinden has ýokarydygyny nygtady.

Töwekgelçiligi minimum derejä getirmek üçin, käbir ýurtlar Vaxzevria-ny diňe uly ýaşly adamlara hödürläp başladylar, sebäbi gan lagtalanmasy diňe ýaş adamlarda ýüze çykypdy. Norwegiýa we Daniýa bolsa bu waksinany öz ilatyna bermegi bütinleýin togtatdy. Şeýle hem, bu waksinanyň Günorta Afrikada tapylan B.1.351 ştamyna garşy netijeliligi pes çykdy we şo sebäpden G. Afrika bu waksinany ulanmagy bes etdi.

AstraZeneca Russiýanyň Sputnik V waksinasy bilen hyzmatdaşlyga başlajakdygyny we bu iki waksinany birleşdirmek arkaly olaryň täsirlilik derejesini artdyrmak isleýändiklerini habar berdi. Bu iki waksinanyň ýasalyş tehnologiýalary meňzeş we ikisi hem adenowiruslar arkaly ýasalan.

Çeşme: New York Times Vaccine Tracker