COVID-19 PANDEMIÝASY DÖWRÜNDE “ARTYK ÖLÜMLERIŇ” SANYNA GÖZEGÇILIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

COVID-19 pandemiýasyartyk olumler dünýäniň hemme ýurtlaryna diýen ýaly ýaýrady we millionlarça adamyň ölümine sebäp boldy. Pandemiýa başlaly bäri, birnäçe ýurtlar wirus sebäpli ýogalan adamlaryň statistikasyny gündelik paýlaşyp gelýärler. Resmi sanlara görä, bu günki güne çenli koronawirus sebäpli ölen adamlaryň sany 3 million 773 müňe ýetdi, ýöne "The Economist" žurnalynyň hasaplaryna görä, bu san 7-13 milliona ýakyn bolup biler.

Bu netijä gelmek üçin, "The Economist" žurnalynyň gözlegçileri birnäçe ýurtlardaky "artyk ölümleri" (adaty ýagdaýlarda hasaba alynýan ölümler bilen krizisiň dowamyndaky ölümleriň aratapawudy) hasapladylar we netijelerini Maý aýynyň 11-nde çap eden "Tracking covid-19 excess deaths across countries" atly hasabatlarynda beýan etdiler. Bu ýerdäki sanlar 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2021-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne çenli döwri öz içine alýar.

Gözlegçiler artyk ölümleriň sanyny hasaplamak üçin, ilki bilen dürli ýurtlarda soňky ýyllaryň içinde ýyllyk we hepdelik ölümleriň sanyna seretdiler we bu sanlary pandemiýa başlaly bäri hemme sebäplere görä ýogalan adamlaryň umumy sany bilen deňeşdirdiler. Meselem, A ýurtda her ýyl ortaça 1000 adam aradan çykýan bolsa we pandemiýa başlaly bäri 1 ýylyň dowamynda 1500 adam ýogalan bolsa, diýmek şo ýurtda adaty döwürde ölýän adamlaryň ortaça sanyndan 500 artyk adam aradan çykypdyr. Iň soňunda, şo artyk çykan 500 ölümi hökümetleriň resmi şekilde aýan eden koronawirus ölümleriniň sany bilen deňeşdirdiler.

Netijeler nähili?

↪ Dünýäniň ýurtlarynyň aglabasynda COVID-19 pandemiýasy başlaly bäri "artyk ölenleriň" sany hökümetleriň resmi şekilde aýan eden koronawirus ölümlerinden has ýokary.

↪ Ýokary-girdejili ýurtlarda "artyk ölümleriň" sany resmi koronawirus ölümleri bilen kän tapawutly bolmasa hem, orta we pes-girdejili ýurtlarda bu tapawut örän ýokary.

↪ Ösen we orta-girdejili ýurtlaryň köpüsinde "artyk ölümleriň" sany çap edilen, emma Afrika we Aziýadaky pes-girdejili ösmedik ýurtlarda bu sanlar hiç-hili çap edilmedik.

↪ Ösmedik ýurtlardaky beýle uly tapawudyň bir sebäbi, ol ýurtlardaky koronawirus barlaglaryny geçirmek infrastrukturalarynyň pes bolmagydyr. Meselem, adam ölmezinden öň koronawirus testinden geçip, netijesi pozitiw çykmadyk bolsa, onda birnäçe ýurtlaryň resmi sanlarynda ol şahsyýet koronawirus sebäpli öldi diýip hasaplanmaýar.

Sebitimizdäki ýagdaýlara syn

Goňşy ýurtlara seredenimizde, pandemiýa başlaly bäri, ortaça bolmalysyndan artyk ölen adamlaryň sany koronawirus sebäpli ölenleriň resmi sanyndan birnäçe esse ýokarydyr. Bular hakynda has giňişleýin öwrenmek üçin aşakdaky tablisa seredip bilersiňiz:

Ýurduň ady  COVID-19 sebäpli
ölümleriň resmi
sany
 
Umumy artyk
ölümleriň sany
Her 100 müň adam başyna
düşýän artyk
ölümleriň sany
 
 Özbegistan  600  21550 64
 Täjigistan  90  8710  91
 Gyrgyzystan  1450  8400  128
 Gazagystan  3120  37380  200
 Gruziýa  2500  4780  129
 Russiýa  97200  494610  338
 Türkmenistan  0  Maglumat ýok  Maglumat ýok
Çeşme: The human Mortality Database we World Mortality Dataset

Tablisada görşümiz ýaly, Özbegistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň resmi sany 600 we artyk ölenleriň sany ondan 35.9 esse ýokary. Beýleki ýurtlarda hem şolbir tendensiýany görmek bolýar. Meselem, Täjigistandaky tapawut 96.8 esse, Gyrgyzystanyňky 5.8, Gazagystanyňky 12, Gruziýanyňky 1.9 we Russiýanyňky 5.1 esse ýokary. Türkmenistanda resmi taýdan koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany näbelli bolup galýar we gynansakda artyk ölümleriň sany barada hiç hili maglumat berilmeýär. Ýöne bulara garamazdan, käbir garaşsyz çeşmeleriň habar bermeklerine görä, Türkmenistanda bu günki güne çenli koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany azyndan 208 adamdan ybarat.

Türkmençe СOVID-19 bilen baglanyşykly ylmy maglumatlary okasyň gelýärmi? Onda şu bölümimize aýlan: KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLARA SYN WE SAGLYK HABARLARY