COVID-19 PANDEMIÝASY DÖWRÜNDE "ARTYK ÖLÜMLERIŇ" SANYNA GÖZEGÇILIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

COVID-19 pandemiýasyartyk olumlerin sany dünýäniň hemme ýurtlaryna diýen ýaly ýaýrady we millionlarça adamyň ölümine sebäp boldy. Pandemiýa başlaly bäri, ýurtlaryň aglabasy wirus sebäpli ýogalan adamlaryň statistikasyny gündelik paýlaşyp gelýärler. Resmi sanlara görä, bu günki güne çenli koronawirus sebäpli ölen adamlaryň sany 4 million 722 müňe ýetdi, ýöne "The Economist" žurnalynyň hasaplaryna görä, bu san 9.7-18.3 mln ýakyn bolup biler.

Bu netijä gelmek üçin "The Economist" žurnalynyň gözlegçileri birnäçe ýurtlardaky "artyk ölümleri" (adaty ýagdaýlarda hasaba alynýan ölümler bilen krizisiň dowamyndaky ölümleriň aratapawudy) hasapladylar we netijelerini sentýabr aýynyň 21-nde çap eden "The pandemic’s true death toll" atly hasabatlarynda beýan etdiler. Bu ýerdäki sanlar 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne çenli döwri öz içine alýar we sanlar her gün täzelenip durýar.

Gözlegçiler artyk ölümleriň sanyny hasaplamak üçin, ilki bilen dürli ýurtlarda soňky ýyllaryň içinde ýyllyk we hepdelik ölümleriň sanyna seretdiler we bu sanlary pandemiýa başlaly bäri hemme sebäplere görä ýogalan adamlaryň umumy sany bilen deňeşdirdiler. Meselem, A ýurtda her ýyl ortaça 1000 adam aradan çykýan bolsa we pandemiýa başlaly bäri 1 ýylyň dowamynda 1500 adam ýogalan bolsa, diýmek şo ýurtda adaty döwürde ölýän adamlaryň ortaça sanyndan 500 artyk adam aradan çykypdyr. Iň soňunda, şo artyk çykan 500 ölümi hökümetleriň resmi şekilde aýan eden koronawirus ölümleriniň sany bilen deňeşdirdiler.

Netijeler nähili?

↪ Dünýäniň ýurtlarynyň aglabasynda COVID-19 pandemiýasy başlaly bäri "artyk ölenleriň" sany hökümetleriň resmi şekilde aýan eden koronawirus ölümlerinden has ýokary.

↪ Ýokary-girdejili ýurtlarda "artyk ölümleriň" sany resmi koronawirus ölümleri bilen kän tapawutly bolmasa hem, orta we pes-girdejili ýurtlarda bu tapawut örän ýokary.

↪ Ösen we orta-girdejili ýurtlaryň köpüsinde "artyk ölümleriň" sany çap edilen, emma Afrika we Aziýadaky pes-girdejili ösmedik ýurtlarda bu sanlar hiç-hili çap edilmedik.

↪ Ösmedik ýurtlardaky beýle uly tapawudyň bir sebäbi, ol ýurtlardaky koronawirus barlaglaryny geçirmek infrastrukturalarynyň pes bolmagydyr. Meselem, adam ölmezinden öň koronawirus testinden geçip, netijesi pozitiw çykmadyk bolsa, onda birnäçe ýurtlaryň resmi sanlarynda ol şahsyýet koronawirus sebäpli öldi diýip hasaplanmaýar.

Sebitimizdäki ýagdaýlara syn

Goňşy ýurtlara seredenimizde, pandemiýa başlaly bäri, ortaça bolmalysyndan artyk ölen adamlaryň sany koronawirus sebäpli ölenleriň resmi sanyndan birnäçe esse ýokarydyr. Bular hakynda has giňişleýin öwrenmek üçin aşakdaky tablisa seredip bilersiňiz:

Ýurdy COVID-19 sebäpli
ölümleriň resmi sany
Artyk ölümleriň sany Her 100 müň ilata düşýän
artyk ölümleriň sany
Özbegistan 1192 23,000 – 40,000 68-120
Täjigistan 125 9,700 – 20,000 99 - 210
Gyrgyzystan 2,590 10,000 – 12,000 160 - 190
Gazagystan 15,503 49,000 – 59,000 260 - 310
Gruziýa 8,575 11,000 – 13,000 280 - 330
Russiýa 195,438 660,000 – 740,000 450 - 510
Türkmenistan 0 -920 we 11,000 aralygy -16 we 190 aralygy
Çeşme: The human Mortality Database, the Eсonomist

Tablisada görşümiz ýaly, Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasy başlaly bäri pandemiýasyz ýyllar bilen deňeşdirilende -920 we 11 müň arasynda artyk ölüm ýüze çykypdyr. Türkmenistan COVID-19 sebäpli ýogalan ýaşaýjylaryň hakyky sanyny henizem resmi şekilde aýan etmedi, emma welin käbir garaşsyz çeşmelere görä, Türkmenistanda bu günki güne çenli koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany azyndan 228 adamdan ybarat.

Özbegistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň resmi sany 1,192 we artyk ölenleriň sany ondan 19.2-33.5 esse ýokary. Beýleki ýurtlarda hem şol bir tendensiýany görmek bolýar. Meselem, Täjigistandaky tapawut 77.6-160 esse, Gyrgyzystanyňky 3.8-4.6 esse, Gazagystanyňky 3.1-3.8 esse, Gruziýanyňky 1.3-1.5 esse we Russiýanyňky 3.3-3.8 esse ýokary.

Türkmen dilinde СOVID-19 bilen baglanyşykly ylmy maglumatlary okasyň gelýärmi? Onda şu bölümimize aýlan: KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLARA SYN WE SAGLYK HABARLARY