IŞ ÝERLERINDE ÇAGA EMDIRÝÄN ENELERE GOLDAW

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (25 Ses)

Her ýylyň 1–7-nji awgust aralygynda 170-den gowrak ýurt ene süýdi bilen iýmitlendirmege bagyşlanan Bütindünýä Hepdeligini belläp geçýär. Hepdelik jemgyýetiň ýaş çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň wajyplygyna, onuň bilen baglylykda çagalaryň saglygyyny gowulandyrmak meselelerine ünsi çekýär.

Hepdelik 1990-nji ýylyň awgust aýynda Innoçentiý jarnamasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), UNICEF-yň we başga guramalaryň yglan eden senesini belleýär we olaryň ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak, goldamakdaky we köpçüligi habardar etmekdäki bolçlaryny ýatladýar.

"Ene süýdi bilen iýmitlendirmek" babatdaky esasy düşünjeler

Her bir aýal çagasyny ene süýdi bilen iýmitlendirmäge ukyplydyr. Çaga üçün ene süýdünden peýdaly we gymmatly önümiň ýoklugy bireýýäm subut edildi. Çagany ene süýdünden kesip, emeli süýt bermek – düýbünden ýalňyş çemeleşmedir. Çaga niýetlenen emeli süýt önümleri, ýokary tehnologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän hem bolsa, hiç haçan düzümi boýunça ene süýdüne meňzäp bilmez. Çünki ene süýdi her çaganyň talaplaryna, ýaşyna görä düzümini üýtgedip durýandyr. Hiç bir emeli süýt garyndysy her çaganyň talaplaryna laýyklykda uýgunlaşdyrylyp bilinmez.

BSGG-sy çaganyň dünýä inen ilkinji pursatyndan başlap onuň ömrüniň birinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýär. Gurama alty aýlyk bäbeklere peýdaly, ýokumly iýmitleri berip başlamagyň ýerliklidigini nygtaýar. BSGG-sy çagalary azyndan iki ýaşýançalar ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ündeýär.

Ýöne ylmy barlaglaryň netijelerine, delillerine garamazdan, dünýädäki bäbekleriň diňe 1/3 bölegi ömrüniň birinji alty aýynda ýeke ene süýdi bilen iýmitlendirilýär. Bu san soňky 20 ýylyň içinde gaty bir uýtgemedi. Elbetde, her bir ene-ata öz perzendiniň sagdyn bolmagy üçin iň gowy zatlary isleýär, ýone gynansakda, dünýäde aýallara elmydama dogry maglumatlar elýeter bolmaýar. Eneler üçin çagalaryny ene süýdi bilen iýmitlendirip başlamak ýa-da dowam etdirmek üçin ýeterlik goldaw bolmaýar.

Iş ýerlerinde maşgalalary goldaýan düzgünler

Şu ýylyň Bütindünýä ene süýdi bilen iýmitlendirmek hepdeliginiň şygary – "Iş ýerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek. Geliň şuny durmuşa geçireli!". Kesgitlenen mowzuk diňe bir emdirýan eneler üçin uly ähmiýetli bolman, olaryň ýagdaýlaryna täsirini ýetirýän daş-töweregindäki adamlar üçin hem wajyp bolup durýar.

Iş ýerlerdäki gatnaşyklaryň, düzgünleriň özgerşine garamazdan, zähmet çekýän zenanlar üçin iş ýerlerinde çagalaryny emdirmek ýagdaýy kyn mesele bolup, mümkinçilikler hem çäkli bolup galýar. Olaryň iş ýerlerindäki düzgünleriň, goldawyň ýeterlik bolmazlygy, eneleriň bäbeklerini ene süýdi bilen emdirmeginde uly böwet bolup durýar.

Hökümetleriň, kärdeşler arkalaşyklaryň, edara ýolbaşçylaryň, işdeşleriň zähmet çekýän kiçi ýaşly çagaly zenanlara ene süýdi bilen iýmitlendirmekde, ony goramakda, goldaw bermekde hersiniň öz orny we berip biljek goldawy bolýär.

Kanun çykaryjylar näme edip bilerler?

► Aýallara, enelere garşy iş ýerlerde bildirilýän hukuk kemsitmeleriň öňüni alýş çärelerii kanunlaşdyrmak.

► Iş berijiden eneleriň çagasyny emdirmegi üçin iş ýerlerinde ýörite ýeri we wagty üpjün etmeklerini talap etmek.

► Azyndan 4 aý göwrelilik, dogrumdan soňky döwrüni hem içine alma bilen dynç alyş döwrüni kepillendirmek.

Edara ýolbaşçylary ene süýdi bilen iýmitlendirmegi nähili goldap bilerler?

Iş beriji ýa-da menejirler üçin ene süýdi bilen iýmitlendirmäge goldaw bermek gymmat düşenok.

♦ Emdirýän eneler üçin gysga iş arakesmelere çykmagy rugsat bermek, eneler üçin amatly iş sagatlaryny kepillendirmek we edaranyň içindäki bir otagy emdirýän eneler üçin elýeterli etmek.

♦ Bäbegi emdirmek – aýalyň iş wagtyny alanok we aýalyň durmuşynda, ösüş basgançagynda gaty gysga döwür bolup geçip gidýär. Haçanda işleýän enelere şu aýratyn döwürde goldaw berilse, eneler işe has hem berlip, iş ýerinde kanagat taparlar, özlerini bagtly duýarlar. Şunuň ýaly goldawdan iş beriji hem, çaga emdirýan zenan hem utýar: zenan işgärleriň ýolbaşçysyna bolan ynamy berkerýär, hormaty artýar, bäbeklere iň gowy bolan iýmit berilýär we jemgyýetiň, geljeki nesliň sagdyn bolmagy gazanylýar. Ene  süýdi bilen iýmitlendirilýän çagalar seýrek keselleýärler. Olaryň enelerine çagasynyň näsaglygy sebäpli işden az galmaly bolýar.

♦ Öýde işläp boljak iş mümkinçilikleri hödürlemek.

♦ Iş ýerlerine çagalary getirmäne rugsat bermek.

♦ Ýarym günlik işleme mümkinçiliklerini elýeter etmek.

Kärdeşler arkalaşyklary näme edip bilýärler?

→ Aýal-gyzlary olaryň hukuklary barada habardar etmek.

→ Ýygnaklarda, gepleşiklerede emdirýän eneleriň ýagdaýlaryna, meselelerine üns bermek.

→ Täze iş şertnamalary maslahat edilende ene bolmak hukuklaryny, sosial goraglylyk meselelerine ünsi çekmek.

Emdirýän zenanyň işdeş ýoldaşlary näme edip bilerler?

⇒ Göwrelilik we dogrumdan soňky döwürdäki tölegli dynç alyşa degişli milli kanunlaryna doly eýerip durmuşa geçirmek.

⇒ Göwreli, çaga dogrup zähmet çekýan aýala pozitiw garamak, dogrumdan soňky döwrüň aýratynlyklaryna düşünip, goldaw bermek.

Edara ýolbaşçylaryň, kärdeşleriň goldawy çaga emdirip zähmet çekýän enelere uly täsirini ýetirýär. Eneleri goldaýan çäreleri durmuşa geçirmek uly serişdeleri talap edenok, ýöne olar çalt netije berip, enelere, çagalara ýetirýän täsiri ömürlik galýar.

Ulanylan çeşmeler:

1 / ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRME — ÇAGA SAGLYGYNYŇ BINÝADY / ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEK – BU HER ENE ÜÇÜN WAJYPDYR / ENE SÜÝDÜNI KÖPELTMEGIŇ ÇÄRELERI