ANEMBRIONIÝA ÝAGDAÝYNA HER DÖRT AÝALDAN BIRI DUÇAR BOLÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (31 Ses)

Göwrelilik nähili başlanýar?

Göwrelilik – bu hem iň bir ajaýyp döwür, hem-de gelin bilen ýoldaşynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan iň uly buşlugydyr. Bu döwürde şatlykdan we umytdan dolarsyňyz. Täze meýiller düzersiňiz we çagaň aladasy birinji orna geçer. Eje-kaka bolmak duýgusynyň ornuny hiç zat tutmaz. Durmuşa has dogumly bakarsyňyz we nirededigiňiz hem nirä barýanyňyz has aýdyňlaşar.

Bäşinji hepdede körpejäniň ýürek urgusy eşdilip başlar. Onuň ylmy ady embriondyr, emma siz oňa "balam", "oglum" we "gyzym" ýaly özüňize tanyş atlar bilen ýüzlenersiňiz. Çünki ol siziň çagaňyz we siz oňa dünýädäki hemme zatdan beter garaşýarsyňyz.

5-6 hepdelik düwünçek USB şeýle şekilde görünýär:

Ýatgyda içi embrionly tohum ýumurtgasy ösüp başlaýar. Ol ýatgynyň diwaryna berk ýapyşyp durýar. Bu döwürde embrion heniz çaga meňzemeýär, emma ene-ata hökmünde siz täze ýaşaýşa başlangyç berendigiňize begenýärsiňiz.

Göwrelilik nädip bozulýar?

5-6 hepdelik embrionsyz tohum ýumurtgasy bolsa şeýle görünýär:

Bu ýagdaýa anembrioniýa diýilýär. Tohum ýumurtgasy boş. Edil towuk ýumurtga basyranda arasynda käbiriniň pak çykyşy ýaly boş. Bu duýgy bolsa ýerine düşmedik azap, myrat bolmadyk maksat ýaly ýürek gyýyjy. Foliý turşylygyny magniý, E witamini ýaly dürli derman serişdelerini ulanansyňyz. Zor bilenem bolsa, şowsuz göwreliligiň öňüni almak üçin dýufaston içensiňiz. Emma hemmesiniň netjesi – boşluk.

Meň bu hala özüm uçraýançam beýle zadyň bardygydan habarym hem ýokdy. Göwrelilik we göwrede çaganyň ösüşi barada okaýardym, emma munuň "erbet" taraplary aklyma-da gelmezdi. Ýatgynyň daşynda ösýän göwrelilik barada ondan-mundan wakalary eşitsem hem, bu ýagdaýyň hut öz ejemde bolandygyny bilemokdym. Bu barada hiç kim dil ýarmaýar. Diňe bu ýagdaý başyňa gelende beýleki zenanlaram baş galdyryp, öz tejribeleri hakynda gürrüň berip başlaýarlar. Asyl seredip otursak, her dört aýaldan biri bu ýagdaýy başyndan geçirýän ekeni we lukmançylyk sebäpler zerarly çagasyny aýyrtmaly bolýan ekeni.

Näme etmeli?

Türkmenistanda lukmanlar bu ýagdaýy dogry şekilde habar bermek medeniýetini bilmän, "gyssagly ýatgyny gyrmaly" diýip göýberýärler. Olar mamla, emma munuň bilen gepi soňlaman, gelne we maşgalasyna bu ýagdaýyň kesel ýa-da ýokançlyklar däl-de, gowşak tohum ýa-da näsag ýumurtga öýjügi zerarly ýüze çykýandygyny we nesil yzarlaýandygyny düşündirmek wajypdyr. Dünýäde bu ýagdaý her 4 aýalyň 1-iň başyna düşýär. Muňa iýmit ýetmezçiligi, çaga keselleri, ekologiýa ýaly birnäçe faktorlar sebäp bolup bilýär. Ýöne hakykat hakykatlygyna galmaly – anembrioniýa kesel ýa-da ösmedik göwrelilik däl. Bu diňe wagtlaýyn hadysa.

Has gynançly ýeri bolsa, edil Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky ýaly, Türkmenistanda hem gelniň anembrioniýanyň bejergisinden soňky ýagdaýyna üns berilmeýär. Ýaş beden derrew tut ýaly bolup gider diýip ynanylýar. Aslynda bolsa, bu ýagdaýy kabul etmäge, oňa öwrenişmäge we ondan saplanmaga bedene hem fiziki, hem ruhy goldaw örän möhümdir. Gelin we ýoldaşy bu barada internetde, adamlaryň arasynda gürrüňdeşlik etmeli we bu ýagdaýy kabul edip almaly. Aýala we ýoldaşyna psihologiki kömek bermek hem wajypdyr. Jynshanadan çykýan ganjymak bökünip çykmalaryň bedeniň düwünçegi aýyrmak üçin edýän synanşygydygyny düşündirmek gerekdir.

Geçirilýän lukmançylyk emleri

Ýatgynyň içini gyrmak bejeriş usuly Türkmenistanda seýrek duş gelýän zat däl. Täze perinatal merkezleri şeýle zenanlardan doly. Kimler lukmançylyk sebäplere görä çaga aýyrtmaga barýar, kimler çagasynyň düşmezligi üçin bejergi almaga. Hassahanalaryň şertleri oňat, şonuň üçin gorkara zat ýok. Lukmanlar düşündirmese-de, gyrdyrmakdan öňürti 12 sagatlap nahar iýmeli däl. Ol gün irden hiç zat, hatda suw hem içmeli däl. Sebäbi saňa narkoz bererler we narkoz üçin aşgazanyň boş bolmaly. Boş aşgazan bilen narkozdan oýanmak hem ýeňil bolýar. Ýatgynyň içini we diwarlaryny gyrma çäresi 20 minuda golaý wagt alýar. Onuň üstüne narkozdan oýanyp özüňe gelmegi hem goşsaň, 40 minudyň içinde yzyňa, otagyňa gelýärsiň. Eger şol pursatda gygyrmak ýa-da aglamak isleseň – çekinmäň. Bu seni rahatlandyrýar. 2 günden soň seni öýüňe goýbererler. Türkmenistanda ýatgy gyrylandan soň ýokançlykdan we bedene aşa agram salmakdan goramak üçin adatça 1-2 gün hassahanada saklaýarlar.

Soňra näme etmeli?

Ine-de sen öýüňe gaýdyp geldiň. Gynanyp aglama. Giň boljak bol. Halaýan güýmenjeleň barada pikir et. Öý goşlarynyň ýerini üýtgedesiň gelýärmi? Üýtget. Tikin-çatyn edesiň gelýärmi? Gerekli enjamlary alda, tikin-çatyna başla. Bu kyn günlerde meni iş halas etdi. Men halaýan zatlarymy edip özümi başagaý tutdum. Elbetde, ilki günler kyn boldy. Ýoldaşymyň meni keýpsiz ýa-da gözýaşly görmegini islemedim. Hiç kimiň meň bilen bu ýagdaý barada gürleşmegini, sorag bermegini hem islemedim. Ýöne birnäçe günden ähli zat ýeňilleşdi. Gynanmagy bes eden günüň durmuşda täze maksatlary gurup bolýandygyna göz ýetirýärsiň.

Häli-häzire çenli men özümi çagasyny aýyrdan hasap etmeýärin. Men muny "operasiýa bolmak" diýip atlandyrýaryn. Çünki islenilýän çaga aýyrdylmaýar. Ol ýagdaýa men öz islegime görä düşmedim. Men operasiýa bolmaly boldum.

Iň esasy zat hem, men anembrioniýanyň önelgesizlik däldigini öwrendim. Ýene 6 aýdan men ýene-de hamyla bolaryn. Oňa çenli bolsa özümi fiziki we ruhy taýdan aýaryn. Pikirlerim we gormonlarym kadalaşar we meniň birnäçe çagam bolar.

Makalanyň awtory: Aýperi Suleýmanowa