HAPA HOWADAN DEM ALMAK WE “DUÝDANSYZ ÇAGA DÜŞMESI”

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

hapa howa we caga dusmesiTerjimäniň asyl nusgasy.

Täzelikde çykan ylmy barlaga görä, düzüminde uly möçberde hapalaýjylar bolan howadan dem alýan göwreli aýallaryň göwreliligiň ilkinji üç aýynda "duýdansyz çaga düşmesi" sezewar bolma ähtimallygy ýokary bolýar. "Duýdansyz çaga düşmesi" bolup geçende embrion döremeýär ýa-da ölýär, emma çaganyň ýoldaşy we embrion dokumasy ýatgyda galýar.

Ylmy barlagçylar Pekinde 2009-2017 ýyllar aralygynda 250,000-den gowrak göwreli aýallary derňewden geçirdiler. Bu barlagyň netijeleri oktýabryň başynda Nature Sustainability žurnalynda çap edildi.

Irki ylmy barlaglar göwreli aýallarda hapa howa bilen gipertoniýa we pre-eklampsiýa ýaly saglyk kemçilikleriniň arasynda baglanyşygyň bardygyny görkezýärler. Şeýle-de, hapa howa çaganyň kem agramly dogulmagy bilen baglanyşdyrylýar, emma hapa howa bilen çaga aýrylmasynyň baglanyşygyny derňeýän ylmy barlaglar az.

Bu ylmy barlag Pekiniň howa hapalanmasy has goýulaşan, düzüminde gaty bölejikler, kükürt dioksidi, ozon we uglerod monoksidi bolan hapa howaly böleklerinde ýaşaýan zenanlarda çaga aýrylma töwekgelçiliginiň ýokarydygynyň üstüni açdy. Esasanam, gaty bölejikler bilen hapalanan howadan dem alýan aýallar hapa howanyň beýleki görnüşlerinden dem alýanlara garanda çagalaryny ýitirmäge has ýakyn bolýarlar. Barlagyň awtorlary munuň sebäbini "kinniwanja bölejikler ene bilen çagany birleşdirýän ganly böwetden geçip, embrionyň ösüşine zyýan ýetirip bilýär" diýip düşündirýärler.

Bu ylmy barlag öňki bir barlag bilen ylalaşýana meňzeýär. Birleşen Ştatlarda fewralda çap edilen ylmy barlag işi Utah ştatyndaky hapa howadan gysga wagtlyk hem bolsa dem alan göwreli aýallarda çaga aýrylma ähtimallygynyň ulalýandygyny görkezýär.

Ýene bir barlag işi hem, "Hapa howa çaganyň ýoldaşyny böwsüp geçip, embriona baryp ýetip bilýär we çaganyň düşme ýa-da çaga dogulsa-da gelejekde saglyk kemçilikleriniň ýüze çykma töwekgelçiligini artdyryp bilýär" diýip belleýär.

2017-nji ýylda çykan ylmy işde, Londonda ulaglaryň hapalaýan howasynyň zenanlaryň kem agramly çagalary dogurmagyna sebäp bolýandygyny nygtaýar. Agramy kem doglan bäbekleriň bolsa, sagdyn doglan bäbeklere garanda ölmek we geljekde ýürek-damar keselleri ýaly hroniki keseller bilen kesellemek ähtimallygy uly bolýar.

Haçanda howa hapalaýjy maýdajyk bölejikler embrionyň gan damarlaryna düşende, olaryň dokumalar bilen birleşip, bölünip köpelýän öýjüklere düzedip bolmajak şikes ýetirmegi mümkin. Enäniň hapa howadan dem almagy hem çaganyň ýoldaşyna zyýan ýetirip bilýär.

39 ýaşdan soň göwreli bolan aýallar, daýhan aýallar ýa-da gara iş edýän aýallar göwrelilikde çaga ýitirmäge has ýakyn bolýarlar.

Irki ylmy barlaglar hatda hapalanan howanyň hili kanuny talaplara laýyk bolsa-da, onuň jemgyýet saglygyna ullakan howp salyp bilýändigini görkezýär. Hapa howadan dem almak dünýä ýüzünde ölüm sanlarynyň artmagyna getirdi.

Iýulda çap edilen ylmy iş bolsa, hapa howadan, esasanam ýeriň pes gatlagyndaky ozondan uzak wagtlap dem almagyň gündelik bir gap çilim çekmek bilen deňdigini we emfizema ýaly keselleri döredip bilýändigini aýan etdi. Ylmy gözlegleriň ýene biri hapa howanyň hroniki öýken kesellerine sebäp bolup bilýändigini we öýkenleri çalt garradýandygyny belleýär. Mundan başga-da, hapa howa ýürek-damar keselleriniň, ysmazyň we öýken ragynyň döreme ähtimallygyny hem güýçlendirýär.