AIW ENEDEN ÇAGA GEÇIP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

AIW-pozitiw eneden göwrelilikAids eneden caga gecmesi döwründe, dogrumda ýa-da emdirende çaga AIW ýokuşyp bilýär. Hiç hili çäre görülmedik ýagdaýynda, AIW-yň çaga ýokuşma ähtimallygy 15% - 45% aralygydyr. Emma göwrelilik döwri, dogrumda we emdirilen çagy degişli çäreler görlende, ýokuşma ähtimallygyny 5% çenli kemeldip bolýar.

Bu çäreler, esasan, enäniň antiretrowirus (AIW retrowiruslar hataryna girýär) bejergisini almagyny we çaga hem gysga wagtlaýyn antiretrowirus dermanlaryny bermegi öz içine alýar. Şeýle hem, göwreli aýaldan AIW geçmeginiň öňüni alyş çäreleri we dogry emdirme usullary geçirilýär.

ABŞ-da perinatal (çaga dogulmazdan ozal, ene göwresindekä) AIW ýokuşmasynyň öňüni almakda düýpli çäreler görülýär we şol sebäpli AIW-li dogulýan çagalaryň sany ep-esli azaldy. AIW bilen bagly geçirilýän ylmy-barlaglaryň, öňüni alyş çäreleriň we bejergileriň netijesinde, indi AIW-li aýallardan sagdyn (AIW-siz) çagalaryň dogulma mümkinçiligi ýokary. Togsanynjy ýyllar bilen deňeşdirende, AIW-iň perinatal döwürde ýokuşmasy 95% çenli kemeldi.

Ähli göwreli ýa-da göwreliligi meýilleşdirýän aýallara mümkin boldugyndan AIW barlagyndan geçmek maslahat berilýär. AIW näçe ir anyklanylsa we bejergä başlansa, onuň ýokuşmagynyň öňüni alyş dermanlarynyň (antiretrowirus terapiýasy) täsiri şonça-da güýçli bolar. Şeýle hem, göwreli we göwreliligi meýilleşdirýän aýallar ýanýoldaşlarynyň AIW barlagyndan geçmegini soramalydyrlar.