ÖNELGESIZLIGI BEJERMEK USULLARY: EKSTRAKORPORAL TOHUMLANDYRMA (EKT)

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.05 (20 Ses)

EKT – bu aýal öýjüklerini bedenden daşary tohumlandyryp, ýatga goýmak yaly çäreler toparýny öz içine alýar.


EKT-ma usuly geçen asyryň ahyrynda doly işlenip düzüldi we ilkibada ýatgynyň turbajyklarynyň geçirijiliginiň bozulmagy bilen dörän önelgesizligi bejermekde ulanyldy. Häzirki wagtda, EKT-ny, başga usullar bilen bejerip bolmaýan är-aýal önelgesizliginiň hemme görnüşlerinde hem ulanýarlar.


Bütin ýer äleminde EKT esasynda 4 mln-dan hem köp çaga dünýä indi. Şu ýyl medisina we fiziologiýa boýunça Nobel baýragy, 85 ýaşly iňlis alymy Robert Edwardsa “Emeli tohumlandyrmagyň tehnologiýasyny döredenligi üçin“ diýen işi üçin berildi.


EKT-ma birnäçe tapgyrdan ybaratdyr:

  1. Aýal öýjükleriniň ýumurtgalykda kadaly ösüşini gazanmak-superowulýasiýa induksiýasyny geçirmek;
  2. Follikullary deşip, aýal öýjüklerini almak;
  3. Aýal öýjüklerini tohumlandyryp, çaga düwünçegini ösdürmek;
  4. Emele gelen çaga düwünçegini ýatgynyň içine geçirmek.

 

Aýal öýjüklerini almak üçin ýumurtgalyklaryň işini gormon serişdeleri bilen tijendirýärler. EKT üçin bir aýbaşy halkasy döwründe birnäçe aýal öýjügini almak zerurdyr.

Şu maksat üçin adam menopauzal gonadotropiny we gonadotropin-rilizing gormonyna meňzeş dermanlaryň gatnaşmagynda dürli utgaşmalar ulanylýar. Düzgün bolşy ýaly, gonadotropin-rilizing(GR) gormonyna meňzeş serişdeler geçen aýbaşy halkasynyň 20-21 gününde, adam menopauzal gonadotropiny bolsa, indiki aýbaşynyň 2-nji gününden ulanylyp başlanylýar. Bu utgaşma-tijendirmäniň “uzak“ shemasy diýilýär. Bejerginiň “gysga“ shemasy hem bar – şonda iki derman hem aýbaşyň 2-nji gününde ulanylyp başlanýar. Taýynlyk üçin aýala kontraseptiw serişdeler (regiwedon, nowinet, tri-regol) hem berilýär. 

Aýal öýjükleriniň ýetişmegi üçin geçirilýän çäreleri, dermanlaryň utgaşmasyny, lukman aýalyň ýagdaýyny göz öňüne tutup saýlaýar.

Ýumurtgalyklarda follikullaryň (içinde aýal öýjügini saklaýan beden) ösüşi USB arkaly gözegçilikde saklanylýar. Olaryň ululygy belli bir ölçege ýetende, horion gonadotropiny ulanylyp başlanýar. Ol bolsa aýal öýjüginiň doly ýetişmegine kömek edýär.

GR gormonlaryna meňzeş dermanlaryň ulanylşy EKT-nyň netijeliligini galdyrdy. Sebäbi bu serişdeler aýalyň öz gonadotropin gormonlarynyň emele gelmegini kesýär we aýal öýjükleriniň birden, duydansyz emele gelip, ýitip gitmeginiň öňüni alýar. Ondan başga-da, bu dermanlar köpsanly aýal öýlüklerini ýetişdirmäge, ýatgynyň içki gatlagyny (endometriýany) gowy taýynlamaga kömek edýär. GRG-na meňzeş serişdeler bilen gonadotropinleriň utgaşykly ulanylmagy, EKT arkaly dörän göwrelilikleriň sanyny artdyrdy. Olar ýatgynyň miomasyndan ejir çekýän aýallarda göwreli bolmak ýagdaýyny ýokarlandyrdy. Bu dermanlaryň ulanylşy bilen, öň operatiw bejergini talap edýän uly mioma düwünlerini hem, 3 aý bejergiden soň, kiçeldip aýryp bolyar. Netijede, ýatgyny bütinley aýyrmak kynçylygy ortadan ayrylyar.

Geçen ýyllar follikullary deşip, aýal öýjüklerini almak garnyň öňki diwarynyň üsti bilen – laporoskopiýa operasiýasy bilen amala aşyrylýardy. Laporoskopiýany geçirmek, aýalyň keselhana ýerleşmegini, oňa umumy narkozyň berilmegini talap edýär. Bu usul häzir seýrek ulanylýar. 

Häzirki wagtda aýal öýjügi, USB-yň gözegçiligi bilen, ýörite   iňňäniň      kömegi bilen jynshananyň üstünden geçip alynýar. Bu usul aýala agyr şikes ýetirmeýär we agyryly däldir. Aýal we lukman üçin oňaýly bolup, narkozyň berilmegini talap edmeýär. Aýalyň isleg bildirmegi bilen, ýerli agyrsyzlandyryjy dermanlar ulanylyp bilner.

Aýalyň ýumurtgalygyndan follikul alynjak güni, onuň adamsy hem öz dölüni tabşyrmalydyr. Şonuň üçin, üç günläp jynsy gatnaşyk etmekden saklanmak esasy şertleriň biri bolup durýandyr.

Döli ýörite taýynlap, ondan iň sag erkek öýjüklerini (spermatozoidleri) saýlap alýarlar. Ýörite iýmitlendiriji sredalarda goýlan, ýumurtgalykdan alnan aýal öýjüklerini  inkubatora salyarlar. Ol ýerde oňaýly, bedendäki ýaly şertler döredilendir. (temperatura, kömürturşy gazyň mukdary we ş.m.)

Aýal öýjükleriniň alnan wagtyndan 4-6 sagat geçenden soň, emaý bilen erkek öýjüklerini olara goşup, tohumlanma geçirýärler. Erkek öýjükleri aýal öýjükleriniň daşky gatlagyna ýapyşyp, ýörite ferment bölüp çykarýarlar. Müňlerçe spermatozoidleriň içinden diňe biri aýal öýjüginiň içine girip, tohumlandyryp, täze diri öýjügi emele getirip biler.

Tohumlanmadan soň, öýjükler köpelip başlaýar we ýatga geçirilen wagty olar birnäçe öýjüklerden ybaratdyr.

Tohumlanmadan 48-120 sagat geçenden soň, çaga düwünçegi  ýörite kateter arkaly ýatga geçirilýändir. Göwreliligiň döreme ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin ýatga 3-4 çaga düwünçegi birden geçirilýär. Şondan soň, çaga düwünçeginiň ösmegine goldaw bermek üçin progesteron, horion gonadotropiny (HG) ulanylýar.

Önelgesizligiň bejergisinden soň dörän göwrelilik, göwreliligiň wagtyndan öň bolma howpy babatda ýokary töwekgelçilik toparyna girýändir.

Çaga düwünçegi ýatga geçirilen wagtyndan 2 hepde soň, ganda  HG-yň ýokary mukdaryny hasaplap, göwreliligi bilip bolýar. 3 hepdeden soň, USB-da çaga düwünçegini görüp bolyar.

 

EKT-nyň üstünlikli geçirilmesi köp ýagdaýlara baglydyr:

Howasy çalt üýtgäp durýan ýurtlarda, başga pasyllara garanyňda, tomsuň jöwzaly yssysynda görkezijiler pes bolýar

EKT-nyň netijeliliginiň ýokarlanmagynda esasy orny, medisina merkeziniň tehniki taýdan üpjünçiligi, ulanylýan gormon serişdeleriniň häsiýeti, iýmitlendirilýän sredalaryň hili tutýandyr.

 

Gynansakda, önelgesizligi bejermegiň başga usullarynda hem bolşy ýaly, EKT-nyň netijeliligine köp ýagdaýlar toplumy bökdençlik edip biler.

Aýal öýjügi bilen baglanşykly kynçylyklar:

  1. tijendirme arkaly follikul döremese;
  1. Erkek öýjükleriň tohumlandyrmaga ukypsyzlygy;
  2. Tohum öýjükleriň hiliniň gowulygyna garamazdan, tohumlanma bolup geçmezligi;
  3. Çaga düwünçeginiň nädogry ösmegi ýa-da ösmekden galmagy;
  4. Lukmanlara bagly bolmazdan, EKT-ny dürli tapgyrlarynda togtadylmagy. Meselem, aýalyň kesellemegi, lukmanyň görkezmesini nädogry ýerine ýetirmek we başgalar. 

 

EKT wagtynda hünärmenleriň aýal öýjügine we çaga düwünçegine gözegçilik edip bilme ýagdaýy, olaryň hromosom toplumyny barlap, nesilden-nesle geçýän keselleri anyklama mümkinçiligini berdi. Tohumlanma üçin  sag öýjükler alynýar we ýatga salynmazdan öň, olar genetiki kesellere doly barlanylýarlar. Häzirki wagtda, täze usullar bize gemofiliýa, L-antitripsin ýetmezçiligini, talassemiýa, mukowissedoz, Teýa-Zaksyň, Daunanyň kesellerini anyklamaga kömek edýär.

 

EKT-da  ýüze çykýan gaýraüzülmeler:

  1. Ýumurtgalykda aşa gormon tijendirme arkaly ýüze çykýan sindrom. Gormon serişdeleriniň täsiri arkaly ýüze çykýar. Adatda ýeňil ýagdaýda geçip, ýumurtgalyklaryň ulalmagy, garnyň ýellenmegi, agyrmasy bilen häsiýetlendirilýär. Köplenç ýürek bulanma we gaýtarma bolýar. Birinji ýüze çykan alamatlardan soň, haýal etmän lukmana ýüz tutulanda, köp gaýraüzülmeleriň öňi  alnyp bilner.
  2. Follikul alnanda iňňäniň gan damarlaryna şikes ýetirmegi. Jynshananyň üsti bilen follikul almak operasiýasy uly şikeslenmä getirmeýär. Käbir aýallar diňe şol gün jynshanadan köp bolmadyk gan akmany belleýärler. Uly gan akmanyň öňüni almak üçin bejergiden öň aýaly doly kliniki barlagdan geçirmelidir.
  3. Köp düwünçekli göwreliligiň döremegi. EKT-da ýatgyda köp düwünçekli göwreliligiň döremegi 24% ýakyndyr. Bu ýatga bernäçe çaga düwünçeginiň geçirilmegi bilen düşündirilýär. Köp düwünçekli göwrelilik, düşme we wagtyndan öň dogma howpyny saklaýandyr. Göwreliligi saklamak üçin “artyk“ çaga düwünçekleriniň ösmegi, 10 hepdelik göwrelilikden soň, togtadylmalydyr. Onuň üçin, USB-yň gözegçiligi bilen, “artyk“ çaga haltajygy, garnyň öňki diwarynyň üsti bilen deşilýändir.

Aýal jyns agzalarynyň dowamly sowuklama keselleriniň beterlemegi. EKT geçirmezden öň, aýalda bar bolan hemme jyns agzalarynyň kesellerini ýüze çykaryp, doly bejergi berlip, asuda ýagdaýa geçirilmelidir.