ÇAGA OWKALAMASY: PEÝDASY, ZYÝANY WE GARŞY GÖRKEZMELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Ençeme ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde hemme eneleriň ýaňy doglan balalary babatda şol bir hereketi gaýtalaýandyklary anyklanyldy. Eneleriň hemmesi öz balalaryny ilkinji gezek görenlerinde, olara barmaklarynyň ujyny emaý bilen degirýärler.

Biraz wagtdan ene öz balasyny eliniň aýasy bilen sypalap başlaýar. Bize ýetip gelen taryhy maglumatlar arkaly irki döwürlerde-de çaga owkalalamalarynyň bolandygy mälimdir.

Owkalamanyň peýdasy

Owkalamanyň çaga organizmine edýän ýakymly täsiri ylmy taýdan heniz doly we gutarnykly tassyklanylmadyk. Emma şonda-da owkalamanyň çaga organizmine edýän ýaramly täsiri köpleri haýrana galdyrýar. Mysal üçin, çagany eliň aýasy bilen sypalamak, oňa emaý bilen eliňi degirmek onuň skelet-myşsa, nerw, ýürek-damar, dem alyş ulgamlaryna oňaýly täsir edýär. Bu bolsa öz gezeginde çaganyň organizminde amala aşýan fiziologiki we biohimiki işleriň akymyny kadalaşdyrýar.  

Öýjükleriň fermantatiw işjeňligini anyklamak babatda geçirilen ylmy barlaglar emaý bilen sypalamaklygyň öýjükleriň içinde amala aşýan işlere täsir edýändigi anyklanyldy. Bu ylmy barlaglaryň netijesinde şular hem anyklanyldy: ene öz çagasyny sypalanda, oňa emaý bilen el degrende, enäniň süýt mäzleri süýdi köp öndürýär, çaganyň ganyndaky stress garmonlaryň derejesi peselýär, çaganyň kesellere garşy bolan durnuklylygy ýokarlanýar, onuň organizmindäki galyndy zäherler deri arkaly çykýar. Bedeni owkalanylýan ýa-da sypalanylýan çagalar agramyny oňat alýarlar. Owkalamalaryň we sypalamalaryň ýörite toplumy çaganyň keselden soň has tiz aýňalmagyna ýardam berýär. Şeýle-de owkalama şypa beriji we köp keselleriň öňüni alyş serişde hökmünde hem ulanylýar. 

Owkalama diňe bir fiziologiki derejede täsir etmek bilen çäklenmeýär. Ol ene-ata bilen çaganyň arasynda ruhy-duýgy derejesinde has ysnaşykly gatnaşygyň ýola goýulmagyna hem ýardam berýär. Bu aýratyn-da aýy-güni ýetmän ýa-da operasiýa usuly arkaly doglan çagalar babatda wajypdyr.  Daşary ýurtly alymlaryň geçiren ylmy-barlaglaryň netijesinde owkalamanyň atany öz balasyna gaty ysnaşdyrýandygy subut edildi. Ylmy tejribäniň dowamynda bir aýlyk çaga ejesi we kakasy gezek-gezegine owkalama geçirdiler. Şondan soň üç aýlyk çaga öz kakalaryna ejelerine garanyňdan has köp ymtylypdyrlar, çaganyň göreji kakasynda has köp eglenipdir. 

Çagany nähili owkalamaly?

Üns beriň! Çaganyň haýsydyr bir beden agzasyny owkalamazdan ozal, onuň bütinleý sagdyndygyna göz ýetirmelidir. Munuň üçin hökman lukmanyň maslahaty gerekdir. Keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän meýilleşdirilen sanjymdan soň azyndan 5-7 gün geçmelidir. Aýy-güni ýetip doglan sagdyn çagalarda owkalamany ilkinji günlerinden başlap, bir ýaşa ýetýänçä we ondan soň hem dowam etdirmek bolýar. Täze doglan çaganyň eýýäm öz halaýan we halamaýan zatlarynyň bardygy hem ýadyňyzda bolsun. Owkalamanyň dowamynda  çaganyň size aýtjak bolýan zatlaryna  owkalama başlamankaňyz düşünjek bolmaly. Siziň haýsy hereketleriňiziň çaga ýaraýandygyny, haýsylarynyň bolsa ony biynjalyk edýändigini anyklajak boluň. Çaganyň tenindäki örgünler ýa-da tenginler bar bolsa, owkalamany gaýra goýaýyň. Eger çaga owkalamany ilkibaşdan halamadyk bolsa, ony zorluk bilen etjek bolmaň. Çaganyň aýtjak bolýanyna düşünjek boluň. Belki, çaga owkalama kem-kemden öwrenişer. Eger çaga düşekçede ýatan ýerinde owkalanyny halamaýan bolsa, ony eliňize alyp owkalaň.

Owkalama geçirilýän otagdaky howanyň temperaturasy 26ºС töweregi bolmalydyr. Owkalama edilýän ýeriň golaýynda hiç tok enjamlary, gaýnag suw we ş.m. zatlar bolmaly däl. Çagany duwara şemalda (iki ýeliň arasynda) ýatyrmaň. Owkalama geçireniňizde ýakymly saz pessaýja ýaňlansa, owkalamanyň täsirini has-da oňaýly eder.

Ýaňy naharlanan çagany owkalamak bolmaýar. Naharlanmadan soň azyndan 1-1,5 sagat geçmelidir. Şeýle-de owkalamany çaga gaty ajygyp ýetişmänkä geçirmelidir. Owkalanylýan çaga burnundan dem almalydyr. Eger onuň burnuna sülekeý dykylan bolsa, burnuny arassalaň.

Owkalama geçirýän adam hem bütinleý sagdyn bolmalydyr. Eger ol asgyryp-üsgürýän bolsa, çaga ýakynlaşmaly däldir. Owkalama geçirýän adamyň elleri örän arassa, dyrnaklary gysga alnan bolmalydyr. Sebäbi çaganyň derisi diýseň näzik we duýgur bolýar. Barmaklaryňyzdaky ýüzükleri, goşarlaryňyzdaky bilezikleri, sagatlary we ş.m zatlary aýryň. Elleriňiz sowuk bolmaly däldir. Owkalama üçin ýörite niýetlenen ýaglardan peýdalanyň, sebäbi olar çaganyň derisindäki öýjüklere dykylmaýarlar, olaryň dem almagyna päsgel bermeýärler. Emma ägä boluň. Käbir ýaglar allergiki täsiriň ýüze çykmagyna sebäp bolýandyr. Şeýle bolan ýagdaýynda tizden-tiz lukman bilen maslahatlaşyň. Owkalamanyň dowamynda balaňyz bilen gürleşiň, onuň didaryna garaň, oňa aýdym aýdyň. Umuman, oňa bolan duýguňyzy mälim ediň.

Owkalamanyň dowamlylygy çaganyň ony kabul edişine baglydyr. Owkalama geçiriljek çaganyň derisi hem örän arassa bolmalydyr. Owkalamyň hereketleri endigan, bir ten agzasyndan beýlekisine usullyk bilen geçmelidir. Gödek hereketlerden saklanyň. Çaganyň ýadandygyny duýýan bolsaňyz, owkalamany derrew bes ediň. Owkalama tamamlanandan soň çaga suw beriň. Owkalamany tamamlanyňyzdan soň çaganyň ýagdaýyna üns beriň. Çaga owkalamadan soň adatça uklaýar.

Öz çagaňyza owkala geçirmegiň usullary diýseň sadadyr. Siz olary çaga lukmanyndan sorap bilersiňiz. Eger çaganyň saglyk ýagdaýy ýörute owkalamalary talap edýän bolsa, hünärmenlere ýüz tutuň.

Ulanylan WEB Salgy