OKUWDAN DAŞARY GOŞMAÇA DERSLER, SEKSIÝALAR: ÇAGAŇYZYŇ MÜMKINÇILIGINI ÖLÇERIŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.95 (19 Ses)

Okuw ýylynyň başlanmagy bilen ene-atalaryň aglabasy öz çagalaryna okuwdan daşary goşmaça sapaklary, kämilleşdiriş merkezleri gözläp, bir hepdelik dersleriň arasyndaky boş wagtlary doldurmaga ymtylýarlar. Öz islegleriň esasynda saýlanyp bilinjek gyzyklanmalaryň sany kändir: sport we tanslar bilen meşgul bolmak, matematika we kompýuter grafikasy bilen gyzyklanma, surat çekmegi, aýdym aýtmagy öwrenme, mekdepde goýulýan oýunlara gatnaşma ýa-da saz çalma bilen meşgullanma. Mekdepden boş wagtlary goşmaça dersler bilen, öz gyzyklanýan işleri bilen meşgullanmak çagada adamlar bilen gatnaşyk açmak, öz-özüňe ynamly bolmak, kämilleşme ýaly peýdaly häsiýetleriň döremegine kömek edýär. Şeýle birleşmelerde we bölümlerde meşgullanma öz gyzyklanmalary bilen meňzeş bolan boýdaşlaryny tapyp, öz tanyşlarynyň we dostlarynyň sanyny artdyrmaga, öz mümkinçilikleriňi ýüze çykaryp, geljekde hünäriňi dogry saýlamaga kömek edýär.

Ýöne okuwdan daşary goşmaça sapaklaryň we meşgullanmalaryň çaga üçin hakykatdan hem peýdaly we gyzykly bolmagy üçin, birnäçe möhüm düzgünleri göz öňüne tutmalydyr:

► Çagaňyz hem belli çözgüdi tapmaga gatnaşsyn. Öz çagaňyzdan näme bilen meşgullanasy gelýändigi barada soraň. Onuň gyzyklanmalaryny goldaň. Şol wagtyň özünde hem onuň häsiýetine, taýynlygyna, kämilligine we başarnygyna laýyk gelýän gyzyklanmalara üns beriň. Çagaňyzyň mümkinçiliklerini ölçeriň we öwreniň!

► Ony okuw merkezine ýazmazdan öň, çagaňyz bilen iň bolmanda bir sapaga gatnaşyň. Siz çagaňyz bilen saýlanyňyzdan soň, hepdede 4-6 gezek sapaklara gelmeli bolýandygyny düşündiriň. Täze meşgullanmalar, sapaklar, başga çagalaryň topary, başga mugallymlar çaga üçin del gurşaw bolup, ilkibada onda stres ýagdaýyny döredip biler.

► Çagaňyzyň goşmaça sapaklara, okuw merkezlerine gatnamasynyň Sizden hem goşmaça boş wagty talap etjekdigini bilmelidir. Sizden ony äkidip-getirme, oňa geçilen dersleri özleşdirmäge kömek etmek, sergilere we ýaryşlara gatnaşmak talap edilýändir. Hepdäniň dowamynda boş wagtyňyzyň näçeräk bolup biljekdigini ölçeriň. Başga tarapdan bolsa, çagaňyzy äkidip-getirýän wagtyňyz, ýolda ýa-da maşynda sizde onuň bilen gürrüňdeş bolup, pikir alyşmaga, onuň hyýallary, gyzyklanmalary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreýär.

► Çagaňyzdan hemme zatda birinji bolmagy talap etmekden saklanjak boluň. Goý ol öz mümkinçiliklerine görä hereket etsin. Çagaňyzy edýän tagallasy, çekýän jepasy, zähmeti üçin öwüň we oňa okuwdan lezzet almaga kömek ediň!

► Eger çagaňyz ol ýa-da başga goşmaça sapaklar bilen meşgullanmakdan boýun gaçyrýan bolsa ýa-da onda aşa ýadawlylygy we gaharjaňlygy duýýan bolsaňyz, mümkin ol okuwdan daşary köp çärelere gatnaşyp agramlylyk duýýandyr. Onda siz onuň goşmaça sapaklaryny azaldyp, mümkinçilige we möwsüme görä bölmeli bolarsyňyz. Meselem, gyşyna dzýudo göreşi bilen meşgullanma, tomsuna bolsa suw howzunda türgenleşme. Çagaňyzyň mekdep, öý işleri we oýunlar üçin wagtynyň galýandygyny barlaň.

► Çagaňyzyň okuw gün tertibini we maşgala çärelerini meýilleşdirmegi üçin, öýde görünýän ýerde (meselem, onuň otagynda ýa-da aşhanada) uly kalendari asyň we onda hemme mekdep we ondan daşary çäreleri görkeziň. Onuň Gün Tertibinde maşgala agşamlyklary, bilelikde geçirilýän çäreler, gezelençler üçin boş ýer goýuň. Şeýle-de, boş wagtlary goýmak hem wajypdyr, çünki çaga üçin hem sagatma-sagat meýilleşdirilen gün tertibinden dynç almak möhümdir.