ÇAGALARDA GAÝTARMA: SEBÄPLERI, ILKINJI KÖMEK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (29 Ses)

Bäbek emenden soň, agzyndan az-kem emen süýdüniň süzülip yzyna çykmagy kada hasap edilýär. Kiçi çagalaryň 80%-niň ömrüniň ilkinji 3 aýynda azyndan bir gezek gaýtarýandygy we onuň ösüşiň kadalygy ýaly kabul edilýändigi bellenip geçilýär. Bu ýagdaý ýaňy doglan çaganyň iýmit siňdiriş ulgamynyň işleme aýratynlyklary, kabul edilýän iýmitiň suwuk bolmagy, çaganyň dik saklanman, ýatyrylmagy we aşa iýmitlendirilmegi bilen düşündirilip bilner. Şonuň ýaly hem, çaganyň ömrüniň birinji aýynda nädogry emdirilmegi hem gaýtarmanyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir.

Şeýle häsiýetli gaýtarma kiçi çaganyň umumy ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirmeýär, gaýtarma bolsa myşsalar gatnaşmazdan, "özbaşdak" bolup geçýär. Emdirilen süýt yzyna gaýtmaz ýaly, bäbegi emdirlenden soň 20 min. dowamynda dik ýagdaýda saklamalydyr.

Eger gaýtarmalar ýygylaşyp (bir günde 4 gezekden köp), körpeje agramyny ýeterlik almaýan bolsa we biynjalyk ýa-da tersine, sus bolan halatlarynda bu ýagdaýyň sebäbini anyklamak we bejergi geçirmek üçin lukmana ýüz tutmalydyr.

Çagalarda gaýtarmanyň sebäpleri

Pilorostenoz – aşgazanyň piloriki böleginiň (aşgazanyň onikibarmak içege bilen birleşýän ýeri) dogabitdi kemçiligi bolup, şol ýeriň myşsa süýümleriniň galyňlaşmagy we daralmagy bilen häsiýetlendirilýändir. Iýmit onikibarmak içegä düşüp bilmeýär. Keseliň alamatlary dogrumdan soňky 2-3-nji günlerde ýüze çykyp, emdirlenden 15-20 min. soň "çüwdürim" görnüşli gaýtarmanyň döremegi bilen alamatlandyrylýar. Içiň geçmegi we beden gyzgynynyň ýokarlanmagy bolmaýar. Pilorospazm hirurgiki usul bilen bejerilýär.

Ýöne anatomiki özgerişlersiz hem döreýän pilorospazmyň bolýandygyny bilmelidir. Bu ýagdaýda iýmit bölekleýin geçýändir we gaýtarmalar ol diýen köp mukdarda, hemişe ýüze çykýan däldir. Bejergisi derman serişdeleri bilen geçirilýändir.

Ýiti appendisit (köriçege) – bir ýaşa çenli çagalarda gaýtarma keseliň birinji alamaty bolup biler. Bu ýaşda bu alamat beden gyzgynynyň 380 С ýokarlanmagy bilen utgaşsa, uly çagalarda beden gyzgyny ol diýen ýokarlanmaýar. Köplenç içiň geçmegi bolýar. Bejergi hirurgiki usul bilen geçirilýär.

Içege geçirijiliginiň bozulmagy – bu ýagdaýyň sebäpleri dürlidir. Bir ýaşdan uly çagalarda bu ýagdaý içegeleriň polip keseli, täze döremeler, gelmintozlar, dogabitdi kemçilikler, bir ýaşdan kiçi çagalarda bolsa goşmaça iýmitlenmä geçmek, içege ýokançlyklary netijesinde ýüze çykyp bilýändir. Bir ýaşa çenli çagalarda kesel aglama bilen utgaşýan kadaly agyryly burgularyň tutmagy bilen döräp, barha güýjeýän agyrylar netijesinde çaga aýajyklaryny garnyna gysýar. Kesel üçin öt turşylygy bilen gaýtarma, gan we nem saklaýan täret etmeleriň döremegi häsiýetlidir. Kesel hirurgiki usul bilen bejerilýär.

Ýiti gastrit – bir ýaşa çenli çagalarda täze goşmaça iýmitlenme başlananada, uly ýaşly çagalarda bolsa ýaramaz ýa-da zaýa iýmit önümleri, antibiotikler kabul edilende döräp biler. Ilkibada ýygy döreýän gaýtarma, içiň agyrmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy ýüze çykyp, biraz soň içiň geçmegi goşulyp biler. Kesel ýörite bellenen berhiz, derman serişdeleri bilen bejerilýär.

Şeýle hem, ýiti pankreatit, öt haltanyň keselleri hem gaýtarmany döredip bilýändir we bejergini talap edýändir.

Del jisimiň düşmegi – esasan hem şunuň ýaly gorkuly ýagdaýlar bir ýaşa ýeten we ondan uly çagalarda ýüze çykyp bilýändir. Uly jisimiň ýuwdulyp, gyzylödege ýelmeşmegi onuň myşsalarynyň gysylmagyna we gaýtarmanyň döremegine sebäp bolup biler. Gaýtarylan çykyndylarda gan görnüp biler. Eger del jisim dem alyş ýollaryna düşende, bogulma döräp bilýändir.

Nerw ulgamyň bozulmalary – bir ýaşa çenli çagalarda dogrumda alnan şikesler, uly ýaşly çagalarda kelle-beýni şikeslenmeleri, beýniniň täze döremeleri, beýni damarlaryň gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlar we keseller hem gaýtarma alamaty bilen geçip, çaga newrologynyň bejergisini talap edýändir.

Endokrin keseller – böwreküsti mäziň işjeňliginiň doga ýetmezçiligi, diabetiki ketoasidoz (süýji keseliniň gaýraüzülmesi) hem gaýtarma alamaty bilen geçip, degerli bejergisiz ölümçilik bilen gutaryp bilýändir we gaýragoýulmasyz endokrinolog lukmanynyň maslahatyny talap edýändir.

Ýokanç keseller – ýokanç keselleriň köpüsi hem (meselem, ýiti respirator keseller, dümew, wirus gepatiti) gaýtarma alamaty bilen geçip, çaga we ýokanç keseller lukmanynyň bejergisini talap edýändir.

Psihologiki sebäpler – kiçi ýaşly çagalarda gaýtarma emosional üýtgemelerde (tolgunma, kine, gorky) dörese, bir ýaşdan uly çagalarda zorluk bilen iýmitlendirme synanşygynda döräp bilýändir. Köplenç psihogen häsiýetli gaýtarmalar çaga çagalar bagyna gatnap başlanynda, mekdebe gidip başlanda we ýetginjeklerde okuw synaglary başlaýan wagty döräp biler. Köp halatlarda çagalar gaýtaryp, özüne ulularyň ünsüni çekmek hem isleýärler.

Başga sebäpler:

► D witamini ýokary mukdarda kabul edilende bir ýaşa çenli çagalarda gaýtarma ýüze çykyp biler;

► Bir ýaşdan kiçi çagalarda ýürek ýetmezçiligi ýüze çykanda;

► 13-18 ýaşly gyzlarda göwreliligiň bolup, aş saýlamanyň döreme ähtimallygy;

► Böwregiň ýiti we dowamly böwrek ýetmezçiligi bilen geçýän böwrek keselleri;

► Köp halatlarda, 15-18 ýaşly ýetginjeklerde alkogol zäherlenmesi netijesinde hem gaýtarma bolup bilýändir.

Gaýtarmada berilýän ilkinji kömek

→ Gaýtarma ýygy, köp mukdarda döräp, başga alamatlar bilen utgaşanda tizden-tiz lukmany çagyryň;

→ Çaganyň kelle tarapyny beýgeldip, gapdal ýatyryň;

→ Eger gaýtarma iýmit kabul etmek bilen utgaşýan bolsa (çaga bir ýaşynda ýa-da ondan kiçi), iýmitlendirmegi bes ediň;

→ Çaga ýeterlik mukdarda suwuklyk beriň. Bedendäki suwuklygyň ýeterlik mukdary bölünip çykýan peşewiň reňki we mukdary boýunça kesgitlenýär. Kadada peşew açyk reňkde bolmalydyr. 6 aýlyk-1ýaş aralygynda peşew etmeleriň sany bir gije-gündizde 15-17 gezek bolsa, 1-3 ýaş aralygy 9-10 gezek, 3-8 ýaş aralykda bolsa ondan seýrek bolup geçýändir. 9 ýaşdan uly çagalaryň peşew etmek ýygylygy uly adamlaryňky ýalydyr – 7 gezekden ýygy däldir.

Eger gaýtarma dörän bolsa, nämeler etmeli däl

⇒ Lukmanyň maslahaty bolmazdan agyrsyzlandyryjy, sanjylamalary aýryjy we gaýtarmany aýryjy derman serişdelerini bermek;

⇒ Aşgazany ýuwmak çäresini geçirmek, esasan hem antiseptik serişdeler bilen (margansowka);

⇒ Ýokançlyklara garşy serişdeleri özbaşdak bermek.