ÇAGA WE SPORT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Her bir ene-ata işjeňligiň çaga üçin näderejede wajypdygyna örän oňat düşünýär. Çagany dogry iýmitlendirmegi, oňa mynasyp ýaşaýyş şertlerini döretmegi başarýan ene-ata, çagasynyň sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanjakdygyny kesgitlemekde kynçylyk çekýär. Ene-ata özlerine şeýleräk soraglary  berýärler: Sportuň bu görnüşi çaga laýyk gelýärmi? Çaga kynçylyklara döz gelip bilermi ýa-da ejizlärmi? Bu türgenleşikler bedenterbiýe ýaly bolarmy? Ýa-da olar uly sporta eltýän ýolmy?  Umuman, bu soraglaryň ählisi-de ähmiýetli. Emma iň esasy zatlaryň biri – çagaňyzyň fiziki taýdan işjeň bolmagydyr.

Ýetginjegiň  sportuň bir görnüşinden beýleki görnüşine ýygy-ýygydan geçip durmagy islenilmeýär. Gowusy – onuň sportuň bir ýa-da iki  görnüşi bilen meşgullanmagydyr. Ol köp zada ýetjek bolman, belli bir ugurda uly üstünlikleri gazanar. Bu bolsa ol ugruň dogry saýlanylmagyny talap edýär. Ene-ata hem çagany ugrukdyrmagy, oňa maslahat bermegi unutmaly däl.

Çagasynyň sportuň haýsy görnüşine gatnaşjakdygyny ene-ata nähili saýlamaly? Haýsy türgenleşikleriň çaga üçin gyzykly we elýeterli boljakdygyny nähili kesgitlemeli? Elbetde, sport ähli ýaşdaky adamlar üçin peýdaly. Ýetginjeklik döwründe, çaganyň fiziki we psihiki taýdan ösüşiniň iň çylşyrymly döwründe sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti has uludyr. Ýetginjegiň ýürek-damar ulgamy funksional özgerişlere sezewar bolýar. Şoňa görä-de, hut ýetginjeklik döwründe çaganyň işjeň hereketleri geljekde onuň güýçli, sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Sapaklarda, öýde (öý işlerini ýerine ýetirenlerinde) çagalar  köp oturmaly bolýarlar. Şonuň üçin häzirki zaman ýetginjek üçin işjeň hereketler, sport bilen meşgullanmak örän wajypdyr. Kompýuter hem häzirki zaman durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ondaky oýunlar, internet çagalary, ýetginjekleri özüne çekýär. Oýun bilen meşgullanyp, komputeriň öňünde näçe sagatlap oturandygy ýada-da düşmeýär. Uzak wagtlap bir ýerde hereket etmän oturmak örän zyýanlydyr. Şonuň üçin çagaňyza hereket etdiriň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň ähmiýetlidigini düşündiriň we onda gyzyklanma dörediň. Sportuň haýsy görnüşiniň çagaňyz üçin gowy boljakdygyna we oňa düşjek fiziki agramyň möçberine üns beriň. Çaga ene-atasy ýaly belet adam bolmaýar. Çagaňyzda saglyk bilen bagly meseleleriň käbiri bar bolsa, şoňa göra sport görnüşini saýlamagy unutmaň. Bu meselede size lukmanlar we tälimçiler maslahat berip bilerler.

Ýetginjeklerde myşsalaryň işiniň kuwwatlylyk üpjünçiligi ulularyňka garanyňda üýtgeşik bolýar. Şol bir agram salynmalara we hereketlere olar has köp kuwwaty sarp edýärler. Hut şu sebäpli, ýetginjek artykmaç agramy bar bolsa, tiz horlanýar. Ulularda beýle bolmaýar. Ýetginjekler tiz ýadaýarlar, olar kynçylyklara döz gelmegi ýaňy-ýaňy öwrenip başlaýar. Türgenleşikler hem örän uzak dowam etmeli däldir.

Ýetginjekeriň bedeniniň ýene-de bir aýratynlygy: çaga ululardan has tiz dynç alyp ýetişýärler. Diýmek, ýetginjekler ýygy-ýygydan, ýöne gysga wagtlaýyn türgenleşikleri geçip bilýärler. Uly adamlar hepde-de 1-3 sagatlyk 2-4 türgenleşik geçirip bilýärler. Ýetginjekler hepdede 1-2 sagatlyk 5-7 gezek türgenleşip bilerler.

Ýetginjek günde azyndan 60 minut işjeň hereketde bolmaly!

Ýetginjegiň fizikologiki aýratynlyklaryny kesgitledik. Indi bolsa oňa sportuň haýsy görnüşini saýlamalydygy barada aýdalyň. Bu mesele çözülende, çaganyň fiziologiki aýratynlyklary we diňe şol çaga bagly şahşy aýratynlyklary göz öňünde tutmaly.

Ýetginjekleriň bedeniniň gurluşygyndan başlalyň. Uzyn boýly oglanlar we gyzlar basketbol oýnaýarlar. Has näzik, syratly gyzlar gimnastika bilen meşgullanýarlar. Ýeňil atletika aýaklary uzyn oglan-gyzlar gatnaýarlar... Elbetde, ýokarda agzalan sport görnüşleri bilen islendik çaga meşgullanyp biler. Ýöne siz ondan üýtgeşik ýokary üstünliklere garaşmaň. Çagaňyza sporty hünär hökmünde saýlamak isleýän bolsaňyz, onuň ugruna irräkden düşmeli. Hökman tälimçi bilen maslahatlaşmaly, çaganyň beden gurluşynyň aýratynlyklaryny we onuň islegini göz öňünde tutmaly. Esasy maksadyňyz çagaňyzyň sagdynlygy, bedeniniň berkligi, güýçlüligi, çakganlygy bolsa, onda ýetginjegiň bu babatda gyzyklanmasy zerurdyr. Pes boýly oglan-gyzlar üçin basketboll gyzykly bolsa, goý, olar şony saýlasynlar.

Ulularam, çagalaram üstünligiň däl-de, işjeň hereketiň wajypdygyna düşünmeli. Esasy zat ýeňiş däl-de, gatnaşmakdyr. Çagada sporta bolan gyzyklanmany döretmegiňiz siziň ýeňişiňiziň subutnamasydyr!

Çaganyň hujuwlygyna hem uly üns bermeli. Mysal üçin, ýuwaş we arkaýyn oturýan çagaňyza basketbol ýa-da hokkeý toparlary laýyk gelmez. Has alçak, işjeň çaga toparlaýyn oýunlary gowy görýär.

Dogumly gyzlara karate, göreş we şulara meňzeş sport görnüşleri bilen meşgullanmak  gyzykly bolar. Bu has işjeň, kuwwaty köp oglanlara-da degişlidir. Olaryň gündelikdäki klasdaşlary bilen urşandygy  baradaky ýazgy azalar ýa-da düýbünden ýok bolup gider.

Köpçülige goşulyp bilmeýän çaga sportuň toparlaýyn oýnalýan görnüşleri bilen meşgullansa, fiziki we psihologiki taýdan oňa peýdaly bolar.

Çagalaryň käbiri öz-özüni terbiýeläp, jogapkärçiligi boýun almagy başarmaýarlar. Şeýle çagalar toparlaýyn oýunlara gatnaşanlarynda, jogapkärçiligiň nämedigine düşünip başlaýarlar. Toparda oýnap, çaga peýdaly endiklere eýe bolýar, kollektiwde işlemegi öwrenýär. Mundan başga-da, ol güýçli, erjel bolmagy, kynçylyklara döz gelmegi, adamlaryň ugruny tapmagy öwrenýär.

Sportuň suwda ýüzmek görnüşi bedeni berkitmekde we çydamlylygy artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ol ýürek-damar ulgamynyň we söýget-hereket apparatynyň ösüşi, dem alyş ulgamy üçin örän peýdalydyr. Suwda ýüzmek myşsalaryň ahli toparlaryny deň derejede herekete getirýär, ösdürýär. Şeýle hem oňurga bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär.

Gyz çaga sportuň haýsy görnüşini saýlamaly? Gyzyň sagdyn, güýçli, çydamly bolmagyndan başga-da, onuň owagan bolmagy islenilýär. Mysal üçin, ýeňil atletika, suwda sinhron ýüzmek, akwaaerobika ýaly görnüşler gyzlar üçin peýdalydyr. Çaga üçin aerobika hem peýdalydyr. Aerobika bilen meşgullanyp, çagalar ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýarlar, artykmaç agramyndan saplanýarlar we hemişe gowy durkuny saklamaga jan edýär.

Ýetginjek özüni uly adamlaryň hataryna geçirýär. Ol myşsalaryny ösdüresi gelýär, birbada daýaw we güýçli bolasy gelýär. Oglanlaryň köpüsi on üç – on dört ýaşlarynda trenažýor zalyna gelýärler. Tälimçiler olara agyr maşklary ýerine ýetirmäge kömek edýärler. Emma ene-ata bu babatda örän çynlakaý oýlanmalydyrlar. Ösüp barýan bedene şeýle agram salmak gerekmi? Çaga 14 ýaşynda sportzala gelse, ony agyr maşklara ýuwaş-ýuwaşdan taýýarlamaly.

Lukmanlar güýç maşklaryny gyzlara 16 ýaşdan, oglanlara 18 ýaşdan ýerine ýetirmegi maslahat berýärler.

Oglanlar garyn myşsalarynyň sudurly bolmagyny isleseler, ylgama, ýüzme, gimnastika bilen meşgullanmaly.

Ýetginjek sporta gyzyklandyrma bildirmese, bir zat oýlap tapyň: welosiped alyň, maşgala bilen gezelenç ediň, syýahatlara gidiň. Çaga haýwanlary halaýan bolsa, onda oňa it alyp beriň. It bilen gezelenç etmek ýetginjegi hereketlendirer. Mümkin, ýetginjek syýahat etmegi halaýandyr. Siz hökman wagt tapyp, tebigatyň gözelliklerini synlamaga, dag tebigatyndan we beýleki ajaýyp ýerlerden lezzet almaga çagaňyz bilen gidiň.

Ýetginjeklik ýaşynda yzygider fiziki maşklary ýerine ýetirmek arkaly ösüp barýan bedeni berkitmek, çydamlylygy ýokarlandyrmak, bedeniň belli bir agramyny saklamak, dowamly keselleriň öňüni almak, çaganyň öz-özüne bolan ynamynyny berkitmek mümkindir.

Mähriban ene-atalar! Çagaňyzyň gelejekde sagdyn bolmagyny isleseňiz, onuň sport bilen meşgullanmagyny gazanyň!