OKUW ÝYLYNYŇ BOSAGASYNDA ENE-ATALARA MASLAHAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Salam, gadyrly saýtyň okyjylary! Siziň maşgalaňyzda 1-nji sentýabrda 1-nji synpa gitjek çaga barmy? Eger bar bolsa, onda şu makalamyz hut Siziň üçindir!

Ine, tomus pasly hem tamamlandy. Täze okuw ýyly başlanýar. Muňa aýratyn hem 1-nji synpa gitjek körpeler sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar özleriniň täze portfeline, onuň içini doldurýan täzeje galamdyr kitaplaryna guwanýarlar.  Olar indi mekdebe gatnap, özlerini ulularyň hataryna goşulan diýip saýýarlar.

1-nji synpa gidýän çaganyň durmuşy düýpli özgerýändir. Şonuň üçin-de, ene-atalar öz çagalaryny mekdebe iberenlerinde, ony mümkin boldugyndan goldamalydyrlar.

Ene-atalar ilki bilen çaganyň gün tertibine üns bermelidirler. Tomus döwri giç ýatyp, giç turmagy endik edinen çagalar okuw ýylynyň başynda ukularyny alyp bilmeýändikleri zerarly kynçylyk çekýärler. Şonuň üçin-de, okuw ýyly başlamanka, çagaňyzy wagtynda ýatyrmagyň aladasyny etseňiz oňat bolardy. Çaga ýatmazdan öň telewizora tomaşa etmese, kompýuter oýnamasa oňatdyr. Muňa derek çaga bilen açyk howada gezelenç ediň, onuň bilen mesawy gürrüň ediň, onuň halaýan kitabyny okap beriň. Bularyň bary çaganyň rahatlanmagyna we oňat uklamagyna ýardam berer.

Çaganyň sagdyn ösmegi we okuwyna oňat ýetişmegi üçin onuň gün tertibini dogry ýola goýup, dogry iýmitlendirmelidir. Aşakda çaganyň gün tertibi babatda umumy maslahatlar berilýär. Emma her çaganyň özboluşly häsiýeti we endikleri bolany üçin, gün tertibini şolara laýyk düzüň.

Çagany mekdebe ugratmazdan bir-bir ýarym sagat öň, ýagny 7.00-7.30-da turzuň. Eger mekdep uzakda ýerleşýän bolsa, onda bu wagt hem öňe süýşer. Garaz, çaga oýanyp, mekdebe şaýyny tutup ýetişer ýaly wagty bolmalydyr.

Çaga turandan soň, ol 10-15 minutlap maşk etsin. Şonda ol ukudan tiz açylar, uzakly gün şähdi açyk bolar, okuwda işjeňligi ýokary bolar.

Käbir çagalar ertirlik edinmegi halamaýarlar. Eger çagaňyz ertirlikden ýüz öwürse, ony mejbur etmäň-de, onuň halaýan iýmitlerinden ertirlik taýýarlap beriň. Çaga mekdebe pyýada gitse, bu açyk howadaky gezelenç ýaly onuň üçin peýdaly bolar.

Çaga mekdepden gelenden soň, ol hökman dynç almalydyr. Ýörite geçirilen barlaglaryň netijesinde, ine, şu maglumatlar mälim boldy: birinji synp okuwçylaryň 40%-i okuw gününi güýçli ýadawlyk alamatlary bilen tamamalaýar; 68-75%-i üçin bolsa okuw agyr düşensoň, gaharjaň bolýarlar. Şonuň üçin-de, okuwydynç alyş bilen gezekleşdirmelidir. Munuň üçin çagany naharlanyňyzdan soň, ol ýatasy gelýän bolsa, goý, ýatyp ukusyny alsyn. Eger ýatasy gelmeýän bolsa, açyk howada gezelenç etsin ýa-da deň-duşlary bilen oýnasyn.

Adamyň, şol sanda çaganyň-da işjeňlik ukyby günüň dowamynda üýtgäp durýandyr. Işjeňlik ukyby 10-13 aralygy ýokary bolup, sagat ikilere peselýändir. Soňra sagat dörtlere işjeňligi ýene-de ýokarlanyp, agşam sagat sekizlere peselýändir. Şonuň üçin-de, öý işlerini 16.00-dan soň ýerine ýetirmek ýerliklidir. Çaga öý işlerini ýerine ýetirende, arasynda dynç almalydyr. "Öý işleriňi gutarmasaň, ýeriňden turmarsyň" diýen pikir oňat netijeleri bermez. Bu pikir çagany dartgynlylyga sezewar edip, onuň öňküden-de beter ýadamagyna sebäp bolýar. Çaga garalamasynda ýalňyşan bolsa, ony gaýta-gaýta göçürmäge mejbur etmäň.  

Mundan başga-da, köp ene-ata çagalary mekdebe barandan soň, ony sport türgenleşiklerine, goşmaça saz ýa tans sapaklaryna, umuman, mekdepden daşary sapaklara gatnaşdyryp başlaýarlar. Eger çagaňyz bulara öň gatnap ýören bolsa, onda şol tertipde dowam ediberiň. Emma öň gatnamadyk bolsa, goşmaça sapaklary 1-nji synpda başlaman, çagaňyz mekdebe doly uýgunlaşýança olary goýbolsun edin. Ýöne käbir ýagdaýlar sebäpli çagaňyzy goşmaça sapaklara gatnaşdyrmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, bu sapaklaryň dowamlylygy bir sagatdan köp bolmaly däldir.

Indi bolsa iň "kellagyryly" meselämiz: kompýuter we telewizor barada: köp wagtlap komýuteriň we telewizoryň öňünde oturmak çaga üçin zyýanlydygy hemmelere mälim bolsa gerek. Çaga olara höwesek bolsa-da, olar ony gaty ýadadýandyrlar. Hünärmenleriň maslahatyna görä, çagalar hepde-de 2-3 gezek 1 sagat kompýuterde oýnap ýa-da telewizora tomaşa edip biler. Şonuň üçin-de, uzakly gün işlemeli bolýaňyzda-da, çagalaryňyzyň komýutere we telewizora sarp edýän wagtlaryna gözegçilik etjek boluň. Telewizor bilen çaganyň arasynda 2 metriň bolmalydygyny hem olara ýatlatmagy unutmaň.

Gadyrly ene-atalar! Siz her nähili işli bolsaňyz-da, öýlän ýa agşam çagaňyz bilen gürrüňdeşlige hökman wagt tapyň. Onuň öý işlerini barlaň, ertirki okuw gününe taýýarlanmaga kömek ediň, mekdepde nämeleriň bolup geçendigini soraň. Goý, çaga özüniň siziň üçin möhümdigini, özüniň söýülýändigini duýsun.

Agşam ukusynyň örän wajypdygyny hem ýatdan çykarmaň. Ukusyny alman, mekdebe baran çaga sapakda berilýän täze maglumatlary oňat özleşdirýän däldir. 1-nji synp okuwçysy gije 10-11 sagat, gündiz 1-1,5 sagat ýatmalydyr. Çagany sagat 21.00-dan giç ýatyrmaň. Ýatmazdan öň onuň bilen gezelenç etseňiz ýa-da söýgüli kitabyny okasaňyz, çagaňyz rahat ýatar. Dynç alyş günleri hem çagany 21.00-dan giç ýatyrmajak boluň. Çagaňyzyň gözüniň düşäýjek ýerinde sagat goýuň. Çaga belli bir gün tertibine öwrenişenden soň, oňa etmeli işlerini gaýta-gaýta ýatlatmak zerurlygy bolmaz.

Hawa, gün tertibi baradaky meseläni aýdyňlaşdyrdyk. Indi çaganyň mekdepdäki tolgunmalary we aladalary barada gürrüň edeliň.

Her bir ene-ata çagasy mekdebe gidip başlanyndan, diňe ‘5’-lik bahalary getirer öýdýär. Eger çagasy tertibi ýa-da okuwdaky ýetişigi üçin erbet bahalary getirip başlasa, keýpleri bozulýar, eden tamalary puja çykandyr öýdýär. Şonuň üçin-de, olar çagalary bilen gaharly gürleşip, oňa igenýän ýagdaýlary hem seýrek däldir. Ýöne diňe ene-ata däl, çaganyň özi hem oňat okaryn diýip tama edýärdi. Onuň özi-de näme üçin mugallymyň erbet bahalary goýup başlandygyna düşünmeýär. Munuň üstesine-de, ene-atasy hem näme üçindir gaharlanyp, oňa igenýärler. Netijede, çaga indi özüni söýülmeýän, gerekmejek çaga saýýar. Şonuň üçin-de, gadyrly ene-atalar, özüňizi çagaňyzyň ornuna goýup görüň. Mysal üçin, işde goýberen ýalňyşyňyz üçin, maşgala agzalary size bolan söýgüsini unutsalar, özüňizi nähili duýardyňyz? Jogaby özüňize belli! Şonuň üçin-de, birinji synpda çagaňyzyň nähili bahalary alýandygyna köp üns bermäň. Çagaňyzyň gün tertibine we iýmitlenişine oňat üns berip, okuwynda kömek beriň. Çagaňyzyň synp toparynda ýeke-täk okuwçy däldigini, şonuň üçin-de mugallymyň her çaga gerek ünsi berip bilmeýändigini ýatdan çykarmaň. Wagt tapyp, oňa öý işlerini ýerine ýetirmäge kömek beriň. Ýöne bu öý işleri oňa derek ýerine ýetirmeli diýildigi däldir. Çaganyň okuwdaky ýetişigi ýokary bolmasa, gynanmaň, oňa käýemäň. Çagaňyza hemme zady öwrenip bolýandygyny, munuň üçin wagt gerekdigini düşündiriň. Onuň tigir sürmegi, suwda ýüzmegi öwrenişini ýatladyň. Ol ilki-ilkiler olary başarmasa-da, indi yzyndan ýetdirmeýär ahyryn! Garaz, göwünlik berip, goldamagyň ýollary köpdür.

Gadyrly ene-atalar, çagaňyza bolan söýgüňize daýanyp, onuň 1-nji sentýabrda 1-nji synpda ýüzbe-ýüz boljak kynçylyklarynyň hötdesinden gelmäge kömek ediň.