TIGIR SÜRENIŇDE KELLÄŇE KASKA GEÝMEK HÖKMANMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tigir kaskaÇagaňyz tigir sürmegi halaýarmy?

Hatda tigre arkaýyn erk edip bilýän çagalar hem käte atanlykda ýykylyp bilýärler. Munuň netijesinde, çaganyň kelle-beýnisine dürli derejelerde şikes ýetip bilýär (meselem, beýniniň çaýkanmagy ýa-da ýüzüň gögermegi).

Çaganyň kellesini tigir kaskasy bilen goramak arkaly şular ýaly şikesleriň ýüze çykmak howpuny azaltmak mümkindir.

Tigir kaskalary ähli ýaşdaky sürüjileriň kelle-beýnisine şikes ýetmek howpuny 63-88% azaldýar. Köçede howply ýagdaýlara has ýygy sezewar bolýandyklary üçin, bu esasan hem çagalara degişlidir.

Dogry kaskany saýlamak iň esasy zatdyr, sebäbi çagaňyzyň howpsuzlygy şoňa gönüden-göni baglydyr.

↪ Tigir sürenlerinde, çagalar köplenç öňe tarap ýykylýarlar. Şuny göz öňünde tutup, maňlaýy ýapyk kaskany saýlaň. Ol çaganyň maňlaýyny goramaga ýardam berer.

↪ Kaskanyň ölçegi kellä doly laýyk bolmaly. Muny anyklamak örän aňsat: kaskany çaga geýdiriň-de, kellesini eýläk-beýläk çaýkamagyny soraň. Eger kaska dogry saýlanan bolsa, ol hiç hili gymyldamaz.

↪ Çagaňyza kaskany nähili geýmelidigini görkeziň. Her gezek tigir sürmäge gitjek bolanda, onuň kaskany dogry geýip-geýmändigini anyklaň.

↪ Iki barmak düzgüni: kaskanyň maňlaýynyň aşaky gyrasy bilen çaganyň gaşynyň arasyndaky uzaklyk iki barmakdan geçmeli däl.

↪ "V" düzgüni: kaskanyň gaýyşlary birikdirilende çaganyň gulagynyň töwereginde "V" şekili emele gelmeli.

• Bir barmak düzgüni: kaskanyň bagjygy bilen çaganyň eňeginiň arasynda bir barmak giňişlik goýulmaly.

Çeşme: BSGG – çaga şikes ýetmeginiň öňüni almak barada