ŞEKER: NÄÇE AZ BOLSA ŞONÇA GOWY!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

seker we cagaGünde alty çaý çemçe şeker – çaga üçin bu köpmi ýa-da az?

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy çaganyň gündelik iýýän şekeriniň onuň tutuş iýmitden alýan energiýasynyň 10%-den hem az bölegini düzmelidigini maslahat berýär. Soňy bilen ony her gün 5% çenli azaltmak ýa-da takmynan 25 grama (alty çaý çemçe) çenli düşürmek saglyga goşmaça peýda ýetirýär.

Muňa diňe şekeriň özi däl-de, eýsem düzüminde şeker bolan süýjüler, gazlandyrylan içgiler we tortlar hem girýär.

Eger çagaňyz günüň dowamynda alty çaý çemçeden artykmaç şeker kabul etse, geljekde bu onuň saglygyna ýaramaz täsir edip, semizlik, ýüregagyry, damar näsazlyklary we süýjüli diabet ýaly keselleriň ýüze çykmagyna getirip biler.

Çagaňyzy süýji zatlardan saklamak aňsat däldir, ýöne şu maslahatlardan peýdalanyp bilersiňiz:

↪ Berilýän süýji zatlaryň möçberini azaldyň. Çagaňyza şokolady bir gezekde tutuşlygyna däl-de, böleklere bölüp iýmegi öwrediň.

↪ Çaga suwsanda arassa suw beriň. Eger tagamly suw bermek isleseňiz, miwelerden ýa-da gök önümlerden taýýarlanan tebigy şireleri içirmek has peýdalydyr.

↪ Çagaňyza gazanan üstünligi ýa-da gowy hereketleri üçin sowgat hökmünde süýji zatlary bermäň. Muňa derek, öz araňyzda maslahatlaşyp, ony nähilidir bir "medal" bilen sylaglaň.

↪ Çaga miweli işdäaçar, doňdurylan miwe şiresi ýa-da bolmasa bişirilen miwe bilen hem kanagatlanyp biler. Eger çaga şeýle süýjüligi owadanja gaba goýup berseňiz, "ýok" diýmez.

↪ Miwelerden dürli şekilleri ýasap, olary tarelkada owadanlap berip bilersiňiz.

↪ Çagaňyza köke, guradylan miwe kişdesi, hoz ýaly tagamly ir-iýmişleriň arasyndan öz isleýänini saýlamaga mümkinçilik beriň. Şeýtseňiz, ol iýen zady barada "özüm saýladym" diýip pikir eder.

↪ Çagaňyza süýjüni ýa-da şokolady belli-belli günlerde iýmäge endik etdiriň.

Çeşme: BSGG – çagalar üçin şeker düzgünleri