HOWPSUZ OÝUNJAKLARA BOLAN HUKUK. KANUN. TEJRIBE. TEKLIPLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

Gadyrly saýtyň okyjylary! Biz siziň dykgatyňyza gyrgyz kärdeşlerimiziň rus dilinde çap eden "Howpsuz oýunjaklara bolan hukuk. Kanun. Tejribe. Teklipler" atly hasabatyndan  türkmen diline terjime edilen parçalary hödürleýäris. Tutuş işi rus dilinde şu salgyda okap bolar http://eco-expertise.org/. Gyrgyz kärdeşlerimiziň bu işi "Zäherlenmedik çaga harytlary: Belarussiýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Ermenistanyň we Gyrgyzstanyň maglumat-magaryf kampaniýasy" atly sebitleýin taslamanyň çäginde  taýýarlanan. Ol Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitine düzüminde howply žäherli maddalary  bolan oýunjaklaryň milli bazara getirmek töwekgelçiligine baha bermek we ony peseltmek boýunça  geçirilýän giň gerimli kampaniýasyny dowam edýär. Gyrgyzystan Respublikasynda taslama "Garaşsyz ekologik seljeriş" jemgyýet birleşigi we Döwlet sanitariýa-epidemiologik gözegçilik departamenti bilen bilelikde amala aşyrylýar. Awtorlar we düzüjiler: Andreýçenko Ý. I., Gawrilowa Ý. A., Konýuhowa I. A., Ruşubakowa M. Y., Peçenýuk O. W., Sliwçenko L. Ý.

GIRIŞ

"Sen maňa näme oýnaýandygyňy aýt,

Men saňa kim boljakdygyňy aýdaryn".

Marsel Braunşwig

Oýun – bu çaganyň esasy edýän işi, ol onuň bar boş wagtyny eýeleýär, oňa onuň bar güýji gidýär. Oýunjak – bu oýnuň zerur bolan alamaty, sebäbi oýunjagyň häsiýetini üýtgedip, oýnuň manysyny we onuň  ugruny üýtgedip bolýar.

Oýunjak oýnuň  ýörite närsesi (zady), medeniýetiň ýüze  çykýan alamatlarynyň biri hökmünde jemgyýetiň  taryhy ösüşiniň dowamynda emele gelipdir. Ilkidurmuş jemgyýetiniň ilkinji tapgyrlarynda oýunjaklar ýokdy. Bu zähmetiň ýönekeý serişdeleri we görnüşleri bilen bagly bolup, olar kiçi ýaşly çagalara uly adamlaryň çylşyrymly bolmadyk işine: iýmäge ýaramly bolan ösümlükleri ýygnamaga, balyk tutmaga, ownuk haýwanlary we guşlary awlamaga, ekerançylygyň sada görnüşlerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Ilkinji, iň gadymy oýunjaklar süňkden (we haýwanlaryň başga dokumalaryndan), palçykdan, samandan ýasalypdyr, häzirki wagtda oýunjak ýasamakda bu serişdeler gabat gelmeýär. Sebäbi häzirki zaman ölçegi boýunça käbirleri şeýle bir berk däl, başgalary howp döredýärler, käbir materiallary (meselem, guşuň kekirdegini we öküz haltasyny) aslynda hem tapyp bolanok. Müňýyllyklaryň dowamynda oýunjaklar düýpgöter üýtgeýärdi.

Şol üýtgeşmeler ilki bilen onuň öndürilişine, ýagny senetçilikden senagat önümçiligine geçmegi degişlidir. Ylmyň we tehnikanyň ösüşi oýunjaklary döretmek tehnologiýasyna hem täsir edýär, oýunjaklary ýasamak üçin täze reňkler we materiallar ýüze çykýar.

Häzirki zaman oýunjaklaryň köpüsi dürli görnüşli plastmassadan, rezinden, sintetik matalardan ýasalan, käwagt oýunjagyň düzümine demirden ýasalan şaýlar hem girýär.

Oýunjaklary öndürmekde öňdebaryjy orny tebigy däl (sintetiki) materiallar, ilki bilen plastmassalar eýeleýär, bu ýerde geň galar ýaly zat ýok. XX asyrda  ýüze çykan bu material amatly, arzan we elýeterli bolup, diňe emýän çagalaryň däl, eýsem bütin adamzadyň durmuşyny üýtgetdi.

Diňe agaç kadadan çykýar, sebäbi gadym zamandan bäri adamlar agajy oýunjak ýasamak üçin giňden ulanýardylar. Emma biziň döwrümizde ol iň arzan we elýeterli materialdan gymmat we täsin,  adaty däl materiala öwrüldi.

Çaga dükanlarynyň tekjeleri dürli oýunjaklar bilen doldurylan, senagat hem yzygiderli oýunjaklaryň täze görnüşleriniň ýüzlerçesini öndürýär.[1] Şu günki günde oýunjak öňkä garanda has köp ýagdaýda bazaryň ygtyýaryndadyr. Bazar indi çagany göz öňünde tutmaýar, ol diňe öz bähbidini araýar we ulularyň psihologiýasyny hasaba alýar.

Adamlaryň köpüsi çagalarymyza oýnamaga nähili oýunjaklary berýändigimiz barada pikirlenmeýär. Ene-atalar arassalaýjy serişdeleri, ýagny göze ilýän serişdeleri howply diýip hasap edýärler. Emma "gizlin duşmanlaryň" bardygyny hem unutmaly däldir. Bu "gizlin duşmanlar" hemişe biziň çagalarymyza ýoldaş bolýarlar. Biziň "gizlin duşman" diýýänimiz oýunjaklardyr. Oýunjaklaryň özi hem zyýan ýetirip  biler, ýagny çaga ýaralanyp ýa-da kiçijik bölegini dem alanda içine çekip biler. Ondan başga-da, howply oýunjagyň düzüminde çaganyň saglygyna howp salýan materiallaryň ýa-da reňkleriň bolmagy hem ahmal.

Çaga oýunjaklar arkaly dünýä akyl ýetirýär, ony öwrenýär. Ol ilki bilen oýunjaga seredýär, soňra ony eli bilen barlap görýär we köplenç ýagdaýda has "ýakyn" tanyşmak üçin ony agzyna alýar. Hemişe hili pes oýunjaklar bilen oýnamaklyk fenollaryň, formaldegidleriň uly mukdaryny dem almagyna ýa-da agyr  metallaryň duzlarynyň organizme düşmegine getirip biler. Köp ýagdaýda şunuň ýaly "haýal ýarylýan bombalar" bize Hytaýdan we Taýwandan gelýär. Her ýyl "nädogry" – howply oýunjaklar  sebäpli köp sanly çagalar şikesler  we zäherlenmeler bilen keselhanalara düşýärler.[2]  Bir söz bilen aýdanyňda,  oýunjagy saýlamak – bu örän jogapkärli we kyn iş.

Oýunjaklaryň düzüjileriniň nähili howp  salýandygyna giňişleýin garalyň.

Çagalar üçin niýetlenen hili pes harytlaryň düzümindäki esasy zäherleýji maddalar we olaryň çaganyň organizmine edýän täsiri[3]

Fenol, formaldegid we agyr metallaryň duzlary – ine, şu maddalar köplenç Hytaýda we Taýwanda öndürilen çaga oýunjaklarynyň düzüminde ýol berilmesiz mukdarda bardygyny bilermenler kesgitleýärler. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, şu himiki maddalar zerarly ýiti keseller ýüze çykmandy. Emma MDU-nyň tebigy ylymlar fakultetiniň esasynda işleýän "Ekostandart" kampaniýasynyň ekolog hünärmeni Dmitriý Dawydowyň  belleýşine görä,  olaryň howplulyk derejesini peseltmek bolmaz: "Şol oýunjaklaryň düzüminde şu maddalaryň bolmaly möçberiniň kadalary berk işläp düzülen. Şol kadalary  iküç esse artdyrmak saglyk üçin, bäş esse köpeltmek – adamyň jany üçin howply. Emma şol kadalardan on esse ýokary bolan oýunjaklar hem gabat gelýär" diýip, jenap Dawydow belleýär.[4]

Formaldegid allergik täsirleri bermäge, asgyrmak, üsgürmek, aşa gözýaş akmasy bilen gözleriň nemli perdesinde we dem alyş ýollarynda güýçli gyjyndyrmany döretmäge ukyplydyr. Ol merkezi herw ulgamyna täsir edýär, deri kesellerini döredýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy onuň burun-damakda rak keselini döretmekde ýokary töwekgelçiligi düzýändigini belleýärler. Formaldegid şepbikler, plastik massalar, reňkler, dokma önümçiliginde, şol sanda çaga oýunjaklary ýasamakda hem ulanylýar.

Fenoldan  dem alma nemli perdeleri gyjyndyrma, deri bilen galtaşan ýagdaýynda bolsa ýanyklara getirýär. Şonuň netijesinde dümewleme, baş aýlanma, kellagyry, gaýtarma, ukyň bozulmagy, demgysma, ýürek urma döräp biler. Deriden geçip, çalt siňmegiň netijesinde ol nerw ulgamyna zyýan ýetirýär. Uzak wagt dem almaklyk  ýa-da içiňe düşmeklik beden etleriniň ysmazlygyny döredýär, bu bolsa ýüregiň togtamagyna ýa-da demiň kesilmegine sebäp bolup biler. Fenol  fenolformaldegid şepbikleriniň, ýelimleriň we dürli plastikleriň, teletin we mebel önümçiliginde, şeýle hem çaga oýunjaklary ýasalanda ulanylýar. Oýunjaklar ýasalanda, plastik massa ýa-da rezine  belli bir görnüşi bermek üçin fenol ulanylýar.

Toluol  nemli örtükleri gyjyndyrýar. Çagalar  basym ýadaýarlar, gaharjaň bolýarlar, ukudan açylmaýarlar.  Uzak aragatnaşyk edilse, çaganyň  aňlaýyş ukyby peselýär, kelläniň beýni bardasynyň jansyzlanmagyna getirýär we kiçi beýnijigiň degenerasiýasy ösýär.

Ksilolyň ýokary konsentrasiýadaky buglary neşe ýaly täsir edýär, nerw ulgamyna zyýan ýetirýär, gözleriň nemli perdelerini gyjyndyrýar, deri kesellerine we gan köpeldýän organlaryna zyýan ýetirýär.

Metil spirti – nerw we gan damar ulgamlaryna täsir edýän awy. Metil spirtiniň 5-10 ml içmek agyr zäherlenmä we gözüň doly kör bolmagyna getirýär, 30 ml we ondan  gowragy kabul edilse, ölüm howpuny salýar.  Uzak wagtyň dowamynda onuň bugundan dem almaklyk görejiň görüş ukybyny peseldýär. Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda durmuşda ulanmaga niýetlenen önümlerde ony peýdalanmak gadagan edilýär. Agyr metallaryň duzlary (olara surma, myşýak, bariý, kadmiý, hrom, gurşun, simap, selen we başgalar), düzgün bolşy ýaly, oýunjaklar üçin niýetlenen reňklerde ulanylýar.[5]

Kadmiý  pes  möçberde täsir edende-de,ýokary zäherleýjilik häsiýetli metal hökmünde tanalýar. Ol adam bedenine öýken we  garyn-içege ulgamynyň üstünden geçýär. Kadminiň esasy bölegi azyk önümleriniň üsti bilen geçýär. Daşky gurşawa kadmiý  plastmassadan ýasalan zatlar ýakylanda düşýär, sebäbi ol önümleriň düzüminde bolan reňklere (kadminiň reňklerde  ulanyş paýy  8% düzýär) goşulýar. Kadminiň adam üçin örän howpludygyny epidemiologik maglumatlar görkezýär. Bu elementiň adam bedeninden örän haýal çykýanlygy (0,1% gije-gündizde) sebäpli, onuň bilen zäherlenme  dowamly görnüşe geçip biler. Onuň alamatlary – böwregiň, nerw ulgamynyň, öýkeniň  zaýalanmagy, jyns agzalarynyň işleýşiniň bozulmagy, süňk agyrylary.

Gurşun. Bu metalyň iň az mukdary hem çagalarda gaharjaňlygy, özüni alyp barşynda kynçylykly meseleleri we akyl ýetiriş derejesiniň peselmegini  ýüze çykarmaga ukyplydyr. Köp ýagdaýda düzüminde gurşun bolan pes hilli reňkler ulanylan çaga oýunjaklary  howply bolup çykýarlar. Çaga  gurşuny ýuwdanda ýa-da dem alanda zäherlenip biler. Köplenç göze görünmeýän gurşun zäherlenmäni ýüze çykaryp biler. Gurşunly reňkden gopup gaçýan ýa-da dökülýän tozan we bölejikler çagalaryň gurşun bilen zäherlenmeginiň  esasy çeşmesi bolup durýar. Emma durmuşda başga-da gurşun bilen zäherlenmäniň howply çeşmeleri bardyr, olara  bižuteriýa, daşary ýurt önümleri, keramika, kosmetika, şeýle hem düzüminde gurşun bolan adaty dermanlar degişli. Kiçi ýaşly çagalar gurşun bilen zäherlenmesi boýunça iň töwekgelçilikli  topara degişlidirler. Olar köplenç ellerini, oýunjaklary we başga predmetleri  agzyna alýarlar. Şularyň hemmesi gurşun tozanyny we dökülýän reňki ýuwutmak töwekgelçiligini has ýokarlandyrýar. Çaganyň bedeni çalt ösýär we ol, uly adama garanda, gurşunyň täsirine ýokary derejede sezewar bolýar. Ösüp barýan çaga organizmine zyýan ýetirmek üçin gurşunyň ujypsyzja mukdary hem ýeterlik.

Simap birleşmeleri ýokary derejede awulydyr. Olar adamyň nerw ulgamyna täsir edýärler, nemli bardalarynda üýtgeşmeleri, garyn-içege ýollarynyň hereketjeňliginiň we fermentleri bölüp çykaryş bozulmalaryny, gandaky üýtgeşmeleri we başgalary ýüze çykarýarlar. Metilirlemäniň bakterial prosesleri metilsimap birleşmelerini emele getirmäge gönükdirilen, olar simabyň mineral duzlaryndan birnäçe esse awulydyr. Metilsimap birleşmeleri balyklarda jemlenýärler we  olaryň üstünden  adamyň organizmine geçýär. Soňky döwürlerde  simap bilen hapalanan oýunjaklar  has köp gabat gelýär. Bu madda diňe saglyk üçin howply däl, eýsem ol adam janyna howpludyr. Oýunjaklar batareýjiklerden akyp çykýan  simap bilen hapalanýarlar, sebäbi olaryň düzümine şol madda girýär. Häzirki wagtda batareýjikler önümçiliginde simaby ulanmaýarlar, emma köne batareýjikler peýdalananda,  olardan ergin akyp çykýar, şol sanda simap hem akýar. Bu madda bilen zäherlenen jaýda oýunjaklar saklanan ýa-da öndürilen  bolsa, onda olara   şu maddanyň düşmegi mümkin.

Myşýak. Amerikan alymlary agaçdan ýasalýan oýunjaklaryň önümçiliginde ulanylýan erginleriň düzümindäki myşýak siýdik haltasynda ragyň ösmegine getirýändigini anykladylar. Amerikanyň "Environmental Protection Agency" bilermenleriniň baha bermeklerine görä, agajy çüýremekden goraýan myşýakly erginler agaç  oýunjaklaryň 50-70% görnüşini ýasamakda  ulanylýar. Taýýar önümlerde olaryň düzüjileriniň möçberi ujypsyz, emma şol hem çaganyň organizmine geçmek üçin ýeterliklidir.  Hünärmenleriň hasaplaryna göra, myşýakly agaç oýunjaklary bilen hemişe oýnaýan  çagalaryň ikiden ýüzüsine çenli  birnäçe ýyldan onkologyň ýanyna barýarlar.[6]

Hrom – gowşak uçýan, mawumtyl-kümüşsöw, örän gaty we döwlegen metal.  Ol köplenç azyk we içgi önümleriniň düzüminde bolýar.[7] Ol natriniň bihromaty (Na2Cr2O7)  görnüşinde ýaýran we teletin, dokma, himiýa senagatynda, organiki däl pigmentleri, katalizatorlary öndürmekde we senagatyň başga pudaklarynda ulanylýar.[8]

Ftalatlar (köplenç bu diizononilftalat, şeýle hem butibenzilftalat we dibutilftalat).

Indi 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda olar oýunjaklar we başga durmuş harytlary üçin plastifikator hökmünde ulanylýarlar. Plastifikatorlar sebäpli, meselem, "çeýnelýän" tegelekleriň ýasalan materiallary ýumşak, maýyşgak we çeýe bolýarlar. Çaga oýunjagy dişi ýa-da diş etleri bilen çeýnände, plastifikatoryň ujypsyz möçberi ondan aýrylyp, çaganyň agzyna düşýär.

Dibutilftalat merkezi we daşky nerw ulgamynda üýtgeşmeleri emele getirýär.    Konsentrasiýasynyň ýokary bolmagy polinewrite, ys duýujy analizatoryň oýandyryjylygynyň peselmegine getirip biler. Ftalatlaryň adam organizmine täsir etmegi aýal jyhs gormonlar-estrogenleriň täsir edişine meňzeş.[9] Olar oglanlarda ýumurtgajyklaryň jansyzlanmagyna we erkeklik tohumynyň döremegine päsgel berýärler. Haýwanlarda ftalatlar  bagra we böwrege  agyr zeper ýetirýärler, käwagt şu organlarda rak keseliniň  we leýkozyň käbir görnüşlerini döredýärler. Haýwanlarda geçirilen synaglar ftalatlaryň erkeklik organlaryna täsir edip, öndürýän dölüniň möçberini azaldýar, önelgesizlige we jyns organlarynyň üýtgemekligine getirýär.

Ftalatlaryň  ýagdaýynyň gorkuly tarapy aşakdakydan ybarar, ýagny olaryň  esasy "ulanyjylary" – peýdalanýan zadyny ýokary derejede özleşdirýän kiçi ýaşly çagalar, olaryň organizmi  awuly maddalary işjeň zyýansyzlandyrmak üçin entek bekemedik. Ondan başga-da, ftalatlar organizmde toplanmaga ukyplydyr.

2005-nji ýylyň iýul aýynda Ýewroparlament  çaga oýunjaklary öndürmekde ftalatlary ulanmaklygy gadagan etmekligi makulladylar.[10]  Şu kanuna laýyklykda ÝB-niň sebitinde çagalar üçin oýunjaklary we harytlary öndürmekde plastifikatorlaryň – ftalatlar  "maşgalasyndan" organiki maddalaryň – alty görnüşini ulanmak gadagan edildi.

Poliwinilhlorid (PWH) Kiçi ýaşlyçagalaryň arasynda iň ýörgünli oýunjaklar rezinden ýasalan oýunjaklardyr. Olar düzgün bolşy ýaly, poliwinilhloridden ýa-da plastizoldan öndürilýär.[11] Bütin dünýäde çagalar üçin öndürilýän oýunjaklarda şu materialy ulanyp bolýarmy diýen meseläniň üstünde  hemişe gyzgalaňly çekişmeler gidýärdi. Soňky döwürlerde şu oýunjaklaryň öndüriliş  tehnologiýasy has öňdebaryjy bolmagyna garamazdan, olaryň düzümi öňküligine galdy: esasy – poliwinilhlorid, baglaýjy reagenti – kükürt, plastifikator ftalat, antioksidant – fenol we başgalar.

Plastizoldan ýasalan oýunjaklaryň köpüsi  gorag-bezeg örtüginiň çyglylyga bolan durnuklylygy boýunça standartyň talaplaryna laýyk gelmeýär. Şular ýaly oýunjaklaryň örtügini çyglasaň, olar şepbeşik bolýarlar, ysy güýçlenýär.

Bisfenol A (4,4' - izopropilidendifenol; difinilolpropan) ilkinji gezek 1895-nji ýylda  sintezlenen, 1936-njy ýylda bolsa onuň sintetik estrogendigi (aýal gormonydygy)  ýüze çykdy. Ol gaty polikarbonat plastigi öndürmekde ulanylýar, epoksid şepbeşikler bolsa iýmit we içgiler üçin ulanylýan gaplaryň, şol sanda çaga çüýşejikleriň we suw içilýän gaplaryň içki gatynda, diş çalynýanlar, gün äýnekleri we kompakt-diskler ýaly  harytlarda peýdalanylýar. Bisfenol A çaga dogmanka we dogandan soňky ösüşiniň hemme derejelerinde önelgelilik, newrologik we immun ulgamlarynda bozulmalary döredip bilýändigini haýwanlarda geçirilen synaglar görkezdiler. Şeýle hem adam organizmine Bisfenol A-nyň düşmeginiň netijesinde erkeklik jyns mäziniň we göwsüň çişini, jyns taýdan ir ýetişmekligi, semizlik, aşa işjeňligi, döreýän dölüň möçberiniň peselmegine, çaga düşmäniň sanynyň artmagy, süýji keseli we immun ulgamynyň bozulmalary ýüze çykýar.

TEKLIPLER

Alyjylar üçin:

  1. Arzana kowalaşmaň – saglyga howp salýan üç sany oýunjak alandan, hil taýyndan gowy bolan oýunjagyň birini alyň! Düzgün bolşy ýaly, ýöriteleşdirilen dükanlarda satylýan ady belli öndürijileriň önümi has ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bazardan ýa-da başga wagtlaýyn söwda nokatlaryndan oýunjaklar  alnanda, örän ünsli boluň.
  2. Ilki bilen soraň, onsoň satyn alyň. Satyjydan haryt barada maglumaty we ulanylyşy boýunça degişli maglumatlary (iň gowusy ýazmaça görnüşinde) soraň. Hemme duýduryşlar düşnükli dilde ýazylan bolmaly. Olaryň bolmazlygy siziň üçin  ýene-de bir gezek şol şübheli zady, ol nähili özüne çekiji bolanda-da, almalymy ýa-da almaly däl diýip pikirlenmäge  esas berýär.
  3. Aňsatlyk bilen döwülýän berk bolmadyk plastmassadan ýasalan oýunjaklary satyn almaň. Üç ýşa çenli çagalar üçin  uranyňda-da, zyňanyňda-da, olary çeýnäniňde-de  döwülmeýän oýunjaklary satyn almaly.
  4. Oýunjagy elläp görüň. Düzgün bolşy ýaly, içindäki howply zatlar (meselem, plastmassadan ýasalan noguljyklar) şatyrdaýarlar  ýa-da owranýarlar. Satyjydan oýunjagyň içi näme bilen doldurylandygyny soraň. Ondan başga-da, oýunjagyň tikinleri çekeniňde ýyrtylmaly,  gowşak bolmaly däldir. Tikin ýerini çekip görüň. Düzgün bolşy ýaly, ýumşak oýunjaklaryň gowşak ýeri aýaklaryň arasyndaky tikindir.
  5. Oýunjagyň duýulýan, güýçli ysy bolmaly däl – bu hil taýdan pes, şonuň üçin dürli allergik täsirleri, belki-de, çaganyň saglygyna has agyr zeperleri ýetirýän howply materialy ulanmaklygyň netijesi bolmagy mümkin.
  6. Hytaýdan getirilen, PWH-de (plastizoldan) ýasalan çaga oýunjaklary satyn alanyňyzda,  örän ägä boluň.
  7. Iň gowusy oýunjaklaryň ýuwup bolýanyny satyn almaklygy göz öňünde tutuň.
  8. Hekjagazlar, reňkli galamlar we flomasterler we şoňa meňzeş predmetler kiçi ýaşly çagalar üçin niýetlenen bolmaly. Ulular üçin niýetlenen ruçkalar we galamlar, eger-de olary sorsaň, ýalasaň ýa-da onuň bilen deride surat çekseň, howpludyr.
  9.  Islendik oýunjagy hapalamakdan goramak üçin daşynyň gaby bolmalydyr.
  10. Polietilen gaby çaganyň eli ýetmez ýaly ýere şol bada zyňyň.  Şeýle hem hemme zaýalanan oýunjaklary taşlaň.

Ýatda saklaň! Oýunjak öndürilende, ulanyjynyň ýa-da çaganyň gündeki adaty  hereketleri göz öňünde tutulmalydyr; oýunjak howpsuzlyk talaplaryna laýyk bolup, çaganyň saglygyna howp salmaly däldir.

Oýunjagyň gabynda ýazylan  hemme teklipleri we duýduryşlary, şeýle hem ulanyş boýunça  hemme gollanmalary hökman okamaly. Daşary ýurt dilinde berlen belgili gapda hökman döwlet dilinde ýa-da resmi dilde bitewi ýazynyň terjimesi, şeýle hem oýunjagy ýygnamak we ulanmak boýunça maslahatlar terjime edilen bolmaly. Oýunjagyň zerur maglumat bilen üpjün edilen gabyny şol bada zyňmaň. Ol Size soňra ýüze çykjak kynçylyklary we düşünmezlikleri çözmäge kömek eder. Oýunjagyň gabynda ýa-da ulanyş boýunça goşulan gönükdirmede oýunjagyň  howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýänini tassyklaýan  degişli belgi bolmaly.

Oýunjakda ýa-da onuň gabynda öndürijiniň ady, onuň wekiliniň ýa-da importýoryň ady, şeýle hem söwda belgisi we salgy görkezilmelidir.

Arz-şikaýaty bermek

Eger-de oýunjakda  ýetmezçilik tapan bolsaňyz, bada-bat satyja ýüz tutuň. Ol şol bada ýetiren zeleliniň öwezini dolmaly. Bazardan ýa-da başga wagtlaýyn söwda nokatlaryndan oýunjaklar  alnanda, örän ünsli boluň.


[1] http://proigrushki.ru/bezopasnost-igrushek/

[3] Обзор «Игрушки без токсичных веществ — гарантия безопасности здоровья детей», 2009, «Эко-Согласие», «МАМА-86», Центр экологических решений.

[7] C. Юфит. Токсичные металлы — nequidnimis. — http://www.baikalwave.eu.org/Volna/22/volnamag-22-ufit.htm